Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda 8 aýda $24,24 milliardlyk karz serişdeleriniň berlendigi aýdylýar


Türkmen manady
Türkmen manady

Türkmenistanyň karz guramalary tarapyndan kärhanalara, guramalara we raýatlara 2022-nji ýylyň ýanwar-sentýabr aýlary aralygynda berlen karzlaryň mukdary 84,96 milliard türkmen manadyna (24,24 milliard dollar) barabar boldy diýip, “Trend”neşiri “Biznes Türkmenistan” neşirine salgylanyp habar berýär.

Bu 2021-nji ýylyň gürrüňi edilýän döwri bilen deňeşdirilende, karz serişdeleriniň 13,3% köp berlendigini aňladýar.

Habarda aýdylmagyna görä, geçen ýyl Türkmenistanda 74,96 milliard türkmen manadyna (21.39 milliard dollar) barabar karz berlipdir.

Hukuk guramasy döredilmän telekeçilik işi bilen meşgullanýan raýatlara berlen karzlaryň umumy mukdary 2022-nji ýylyň sentýabr aýynyň başyna çenli 17,83 milliard türkmen manadyna (5,08 milliard dollar) barabar boldy. Bu, 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 23,6% köp karz ( 14,42 milliard türkmen manady ýa-da 4,11 milliard dollar) berlendigini aňladýar.

Türkmenistanyň ol ýa-da beýleki görkezijiler boýunça öňe sürýän ýa-da çap edýän sanlaryny garaşsyz ýagdaýda barlap bolmaýar.

XS
SM
MD
LG