Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lebapda köne ekskawatorlar akabalary gazmaga girişýär, Amyderýanyň suwunyň çekilmegi alada döredýär


Illýustrasiýa suraty. Türkmenistan.
Illýustrasiýa suraty. Türkmenistan.

Türkmenistanda ekerançylyk suwlarynyň üpjünçiligi bilen bagly dowam edýän aladalaryň arasynda, şu günler Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde Amyderýadan gözbaş alýan emeli kanallary hem-de sebitde ýerleşýän zeýkeşleri gazmak işlerine badalga berildi. Gazuw işlerine Lebap welaýatynyň Suw hojalygy edarasynyň tehnikalary çekilýär. Ekskawator sürüjileri gazuw işlerinde ulanylýan köne tehnikalaryň çalt bozulýandygyny, ätiýaç şaýlarynyň ýetmezçilik edýändigini aýdýarlar.

“Lebap welaýatynyň Suw hojalygy müdirligine degişli bolan köne ekskawatorlar Türkmenabatdaky Ýassy depe akabasynyň boýuna getirildi we ýaplar gazylyp başlandy” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy 27-nji oktýabrda sebitden habar berdi.

Welaýatyň çäginde suw akabalaryny arassalamak we zeýkeşleri gazmak işlerine badalga berilmegi Halk Maslahatynyň başlygy, eks-prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýaňy-ýakynda sebitleriň ekerançylyk suwlary bilen üpjünçiliginiň ýagdaýyna pes baha bermeginiň yz ýanyna gabat gelýär.

Eks-prezident 22-nji oktýabrda kanun çykaryjylar we welaýat häkimleri bilen duşuşyp, beýleki meseleler bilen bir hatarda ýurduň oba hojalygy pudagynda bar bolan meseleleri ara alyp maslahatlaşdy. Ol ýurduň welaýatlarynda, şol sanda gündogar sebitde ekerançylyk suwlarynyň üpjünçiligi bilen bagly bar bolan meselelere ünsi çekdi.

Berdimuhamedow Lebap welaýatynyň häkimi Şöhrat Amangeldiýewe ýüzlenip, gündogar welaýatyň Amyderýanyň kenarynda ýerleşýändigine garamazdan, suw ýetmezçiligi bilen bagly kösençligi başdan geçirýändigine “ynanmagyň örän kyndygyny” aýtdy. Şeýle-de, ol sebitde suw üpjünçiliginiň gowşak ýola goýulmagyny aradan aýyrmak üçin, “bar bolan tehnikalary doly derejede peýdalanmagyň, suwlaryň akyp barýan ýerlerini arassalamagyň we ýene-de täze ýerleri gazmagyň, hem-de suw tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmagy dowam etmegiň zerurdygyny” aýtdy.

Munuň yz ýany, Azatlyk Radiosynyň habarçysy sebitde dessine suw akabalaryny arassalamak işlerine badalga berlendigini, ýöne ýaplary gazmak işlerinde ulanylýan tehnikalaryň könelendigini we işe ýaramaýandygyny habar berýär.

Türkmenabatda bir kanalyň boýuna “köne ekskawatory getirip, ýaby gazyp başladylar. Takmynan iki sagatdan soň, bu ekskawator durdy” diýip, bir ýerli ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Ýerli mehanizator gazuw işlerine eltilen tehnikanyň çalt bozulandygyny, ätiýaç şaýlarynyň ýetmezçilik edýändigini, galyberse-de Lebap welaýatynyň Suw hojalygy müdirliginiň ýolbaşçylarynyň hatardan çykan tehnikanyň ýagdaýy bilen gyzyklanmandyklaryny aýdýar.

“Lebap suw hojalyk müdirliginiň ýolbaşçylary ‘näme problema bar’ diýip, hatda gelibem görmediler. Diňe telefon üsti bilen ‘traktory bejerdiňmi’ diýip gyzyklandylar” diýip, ýerli mehanizator Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.

Bu aralykda, Lebap welaýatynyň ýaşaýjylary Amyderýanyň suwunyň soňky on ýylyň dowamynda görlüp-eşidilmedik derejede çekilendigini aýdýarlar.

Azatlyk Radiosy ýurtda ekerançylyk suwlarynyň üpjünçiligi bilen bagly problemalaryň dowam edýändigi barada yzygiderli habar berip gelýär.

“Iýul-awgust aýlarynda suwuň derejesi üç esse töweregi peseldi. Häzir Amyderýadan gelýän suwy yzarlasaň, bir uly ýap görmek bolýar” diýip, lebaply ýaşaýjylar aýdýarlar we suwuň ep-esli çekilmegi bilen derýanyň akýan ugrunda täze-täze adalaryň emele gelendigini aýdýarlar.

“Bu bir ekologiki betbagtçylyk” diýip, bir lebaply hünärmen Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde suwuň çekilmegi bilen bagly aladalaryny beýan etdi.

“1960-1990-njy ýyllar aralygy bilen deňeşdirilende Amyderýanyň suwy 8-10 esse azaldy. 1985-nji ýylyň tomsunda dagy derýanyň suwy bir gijede kenarlardaky topragy opurdy. Häzir derýanyň ortasy gurady, suw ikä bölünip akýar” diýip, ýerli hünärmen Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.

Türkmenistanyň eks-prezidenti kanun çykaryjylar, welaýat häkimleri we beýleki resmiler bilen geçen hepde geçiren ýygnagynda ýurduň ähli welaýatlarynda oba hojalyk işleriniň depgininiň peselendigini aýtdy we ekerançylyk suwlarynyň sebitlerdäki üpjünçiligi bilen bagly meselelere ünsi çekdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG