Türkmen häkimiýetleri ýurduň dolandyryş-çäk bölünişigini üýtgetmek baradaky yglan edilen soňky planlarynyň netijesinde 28 million manat býujet serişdesiniň tygşytlanmagyna garaşylýandygy aýdýarlar. Emma ýerli hünärmenler hökümetiň bu ädimi sebäpli müňlerçe raýatyň iş orunlaryny ýitirjekdigini we pasport ýaly dokumentlerini täzelemek üçin goşmaça çykdajylary etmeli boljakdyklaryny duýdurýarlar.
22-nji oktýabrda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, ýurduň ozalky prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklygynda geçirilen mejlisiň dowamynda welaýatlaryň dolandyryş-çäk gurluşyny üýtgetmek baradaky meýiller mälim edildi.
Maslahatda äşgär edilen maglumatlardan çen tutulsa, onda 6 etraby (Gubadag, Gurbansoltan eje, Farap, Döwletli, Serhetabat we Oguzhan etraplaryny), 5 etrap hukukly şäheri (Tejen, Gumdag, Hazar, Serdar, Köneürgenç şäherlerini), 1 sany şäherdäki etraby (Türkmenbaşy şäherindäki Kenar etrabyny), 2 şäherçäni (Ak Bugdaý etrabyndaky Bagabat we Hazar şäherindäki Kenar etraplaryny), şeýle-de 36 sany geňeşligi ýatyrmak, 36 obany dolandyryş-çäk birlikleriniň sanawyndan aýyrmak boýunça teklipler öňe sürüldi.
Mundan başga-da, 6 oba şäherçe derejesini berip, 19 obany we 3 sany şäherçäni şäherlere birikdirmek bilen, iri dolandyryş-çäk birliklerini emele getirmek hem-de 6 sany ilatly ýere oba derejesini bermek teklip edilýändigi bellenildi.
Muňa laýyklykda, tutuş Türkmenistan boýunça 37 sany etraby, 6 sany etrap hukukly şäheri, 5 sany şäherdäki etraby, 42 etrapdaky şäheri, 68 şäherçäni hem-de 469 geňeşligi we 1 müň 690 sany obany galdyrmak kararyna gelindi.
Türkmen resmileri munuň durnukly ösüş üçin ýurtda bar bolan serişdeleriň we mümkinçilikleriň doly peýdalanylmagyny, galyberse-de Döwlet býujetiniň serişdeleriniň rejeli, maksatlaýyn ulanylmagyny üpjün etjekdigini aýtdylar.
Resmi maglumata görä, bu çäreleriň netijesinde jemi 28 million manat (gara bazaryň kursy boýunça $1,4 million, resmi alyş-çalyş kursy boýunça hem $8 million) býujet serişdesiniň tygşytlanmagyna garaşylýar.
Emma Azatlyk bilen söhbetdeş bolan ýerli hünärmenler häkimiýetleriň “tygşytlamagy” göz öňünde tutýan serişdeleriniň ýerli ilatyň hasabyna amal etmek planlaşdyrylýandygyny aýtdylar.
“Men bu mesele dogrusynda hökümetiň düzüminde häzir işleýän we ozalky ykdysadyýetçileriň ençemesi bilen söhbedteş boldum. Hökümetiň dolandyryş-çäk bölünişigini üýtgetmek boýunça soňky planlarynyň netijesinde býujetden aýlyk alýan 17 müň adamyň işini ýitirmegine garaşylýar. Olar şeýdip pul tygşytlajak bolýarlar. Emma iş ýüzünde, uzak möhletde Türkmenistanyň azyndan iki milliard manat ýitirmek howpy bar. Bu girdeji däl-de, tersine zyýan” diýip, atlandyrylmasyzlygyny soran Türkmenistandaky ozalky bir ykdysadyýetçi gürrüň berdi.
Ozalky ykdysadyýetçiniň bu çaklamasy boýunça Türkmenistanyň parlamentinden ýa-da Maliýe we ykdysady ministrliginden kommentariýa almak başartmady.
Galyberse-de, maslahatyň dowamynda käbir sebitleriň atlaryny, şol sanda ozalky awtoritar prezident Saparmyrat Nyýazow döwründe, onuň we maşgala agzalarynyň giňden ýaýran şahsyýet kulty wagty, üýtgedilip dakylan käbir sebitleriň taryhy atlaryny hem yzyna gaýtarmak teklip edildi. Mysal üçin, Balkanyň Serdar etrabynyň we Serdar şäheriniň adyny üýtgedip, olara Gyzylarbat adyny dakmak teklip edildi. Jemi hasapda 2 etrabyň, 3 şäheriň, 4 şäherçäniň, 3 geňeşligiň hem-de 21 obanyň adyny üýtgetmek teklip edildi.
Türkmenistandaky habarçylarymyz munuň netijesinde gürrüňi gidýän sebitleriň ýaşaýjylarynyň ähli şahsy dokumentlerini çalyşmaly boljakdyklaryna, munuň üçin hökümetiň hiç hili ýeňillik döretmeýändigine, raýatlaryň bu zerur işleri öz hasaplaryna amal etmelidiklerine ünsi çekýärler.
“[Balkan welaýatynyň] Serdar etrabyna ozalky Gyzylarbat adynyň gaýtarylmagy elbetde begendirmän duranok. Emma häkimiýetler mundan soňky işler üçin hem çykdajylary azaltsalar ýa-da ýeňillikleri döretseler gowy bolardy. Sebäbi etrabyň 200 müňe golaý ýaşaýjysy indi özleriniň şahsy dokumentlerini hem üýtgetmeli. Diňe bir içerki pasporty täzelemek üçin resmi ýagdaýda 150 manat çykarmaly, onuň üçin soralýan parany aýdyp hem durjak däl. Bu biziň maşgalamyzyň 2 günlük iýmit puly” diýip, anonimlik şertinde habarçymyz bilen söhbetdeş bolan balkanly ýaşaýjy gürrüň berdi.
Türkmenistanyň dolandyryş-çäk bölünişigi soňky sapar 2018-nji ýylda ýylda üýtgedilipdi. Şol pursat hem käbir sebitleriň Nyýazow döwründe üýtgedilen taryhy atlary ýaňadandan dikeldilipdi.
Türkmenistanyň kanunçylygyna görä, ýurduň dolandyryş-çäk bölünişigini üýtgetmek meselesine Parlament seredýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum