Türkmenistan ýurduň dolandyryş-çäk bölünişigini üýtgedip 28 mln manat tygşytlamak isleýär
Türkmen häkimiýetleri ýurduň dolandyryş-çäk bölünişigini üýtgetmek baradaky yglan edilen soňky planlarynyň netijesinde 28 million manat býujet serişdesiniň tygşytlanmagyna garaşylýandygy aýdýarlar. Emma ýerli hünärmenler hökümetiň bu ädimi sebäpli müňlerçe raýatyň iş orunlaryny ýitirjekdigini we pasport ýaly dokumentlerini täzelemek üçin goşmaça çykdajylary etmeli boljakdyklaryny duýdurýarlar.