Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda aýal bolup ýaşamak: dargaýan maşgalalar köpelýär, ýaş gelinler kösenýär


Illýustrasiýa suraty.
Illýustrasiýa suraty.

Soňky aýlarda Türkmenistanda aýal-gyzlara garşy dodak çişirtmek, ýasama kirpik dakdyrmak, kosmetika ulanmak, dyrnak ösdürmek ýaly gadagançylyklar girizildi, hatda aýal-gyzlaryň ýeňil awtoulaglaryň öň tarapdaky oturgyjynda oturmaklaryna çenli häkimiýetler tarapyndan gözegçilik güýçlendirildi. Ýöne türkmen zenanlarynyň botoks we gaş-dyrnak gadaganlygyndan ozal hem wawwaly durmuş hupbatlary bardy. Ýyl-ýyldan barha ýaramazlaşan ykdysady şertler, durmuş-ykdysady meseleler, demikdiriji awtoitar syýasat Türkmenistanda hem zenanlar üçin, hem erkek raýatlar üçin durmuş kynçylyklaryny öz ýany bilen getirýärdi. Bu sözleri Azatlyk Radiosynyň habarçylary bilen gürrüňdeş bolýan ýerli ýaşaýjylar we synçylar öwran-öwran gürrüň berýärler.

Megerem, dünýäniň her bir künjeginiň özüne mahsus kynçylyklary we ýeňillikleri bar. Ýöne Türkmenistanda zenanlaryň, hususan-da gelin-gyzlaryň özboluşly çetin we, synçylara görä, aňrybaş çarkandakly hem-de köplenç gowgaly durmuşy bar. Türkmenistanyň resmi metbugatda “altyn asyr”, “bagtyýarlyk we berkararlyk zamanasy”, ýa-da “täze galkynyş eýýamy” atlandyrylýan döwürlerinde, ozalam bir türkmenistanly orta ýaşly zenanyň Azatlyk Radiosynyň habarçysyna atlandyrylmazlyk şerti bilen gürrüň berşi ýaly, bagtly gyz-gelinler, bagtly maşgalalalar bar. Olaryň durmuşy birmeňzeş, gülüp-oýnap ýaşaýarlar. Gülüp-oýnap dynç alýarlar. Durmuşyň özlerine peşgeş beren bagtynyň hözirini görýärler.

“Bagtly maşgalalar hem bar. Bagtly maşgalalar gülüp-oýnap ýaşaýar. Bagtly maşgalalaryň kyssalary biri-birine meňzeýär” diýip, has ozal bir ýaş gelniň Azatlyk Radiosynyň habarçysyna hamsygyp beren gürrüňleri, megerem, köpleriň ýadynda galdy.

Ýöne, şol bir wagtda, ejir çekýän gelin-gyzlaryň, durmuşyň labryndan ýadan zenanlaryň durmuş kyssalalary köplenç eşidilmän galýar. Azatlyk Radiosynyň habarçylary we çeşmeleri ýurduň dürli künjeklerinde gelin-gyzlaryň gündelik durmuşda ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary barada habar berýärler.

Şeýle problemalar bir ýa-da birnäçe sebiti mahsus bolman, ýurduň ähli sebitlerini, ýurduň bir çetinden beýleki çetini öz içine alýar. Türkmenbaşydan Türkmenabada çenli, Köneürgençden Bäherdene çenli ýaýlyp ýatan türkmen sährasynda aýal-gyzlar şol birmeňzeş kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar.

“Türkmenistanda soňky döwürlerde köp maşgala dargaýar” diýip, ýerli synçy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berýär. Döwlet emeldarlary ýurtda maşgala institutyna wajyp ähmiýet berilýändigini, ýaş maşgalalary goldamak üçin dürli ýeňillekleriň hödürlenýändigini aýdýar. Ýöne synçylara görä, ýurtda iş ýüzündäki durmuş hakykaty aýal-gyzlaryň durmuşynyň gowgaly tarapyny açyp görkezýär.

“Ýaňy bir toý edip, bir-iki aý ýaşaşandan soň aýrylyşýarlar” diýip, Azatlygyň habarçysy çynlakaý sosial meseleden habar berýär.

Ýöne sosial meseleleriň düýp sebäbi, habarçymyza görä, köplenç ykdysady kynçylyklardan gözbaş alýar.

“Maşgalalaryň dargamagynyň ilkinji sebäbi, ýeter-ýetmezçilik bolup durýar” diýip, bir ýerli synçy Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen söhbetdeşlikde aýdýar.

Giň ýaýran işsizlik köp sanly türkmenistanlyny eklenç gözleginde daşary ýurtlara çykmaga iterdi. Köp sanly maşgala, köp sanly är-aýal aýraçylyga döz gelmäge mejbur boldy. Ýöne aýraçylyk kä halatlarda ýakymsyz we oňaýsyz ýagdaýlary öz ýany bilen getirýär.

Maşgalasyny eklemek üçin gazanç gözleginde keseki ýurtlara giden erkek raýatlar köplenç yzda goýup gaýdan ýanýoldaşynyň, çagalarynyň aladasy bilen ýaşaýar. Ýöne Azatlygyň habarçysy kä halatlarda Türkmenistandaky ýanýoldaşyny taşlap, baran ýurdunda täzeden durmuş gurýan erkeleriň tejribelerini mysal getirýär.

Häkimiýetler köpçülikleýin migrasiýanyň oňaýsyz täsirini gowşatmak boýunça alyp barýan işlerini äşgär etmeýär. Türkmenistanyň hökümeti köp sanly türkmenistanlynyň eklenç gözleginde daşary ýurtlara göçmeli bolandygy baradaky faktlary ykrar etmeýär.

Beýleki tarapdan, ýurduň daşyna çykan raýatlar dowam edýän pandemiýa hereket çäklendirmeleriniň arasynda indi iki ýyldan gowrak wagt bäri ýurda dolanyp, maşagalalary bilen didarlaşyp bilmeýär.

“Yzda galan gelinleriň arasynda ýollaryny ýitirýän ýaş gelinler bar... ýaş ýigitler hereket çäklendirmeleri sebäpli ýurda dolanyp bilmeýär” diýip, orta ýaşlaryndan geçen türkmenistanly bir zenan Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.

Sebitleriň birinde Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan türkmenistanly bir ýaş ýigit IMO sosial ulgamynda paýlaşylan bir posty görkezýär:

“Türke işlemäge giden erkekler, yzyňyza dolanyp, aýalyňyzyň aladasyny ediň! Siz ýok, maşgala dargaýar!”

Daşary ýurtlara çykan türkmenistanlylar pandemiýanyň arasynda ýapyk ýollar sebäpli yzda galan maşgala agzalaryny, dogan-garyndaşlaryny görüp bilmeýär. Türkmen hökümeti koronariwus pandemiýasynyň ilkinji günlerinden başlap, halkara hereketi çäklendirdi. Iýunyň başlarynda halkara hereket çäklendirmeleri gowşadylsa-da daşary ýurt döwletlerindäki türkmenistanlylaryň köplük bolup ýaşaýan ýurtlarynyň iň esasylarynyň biri bolan Türkiýe bilen arada kadaly howa gatnawlary ýola goýulmady.

“Ara daş bolsa, gatnaşyk saklamak kyn bolýar” diýip, bir türkmenistanly zenan Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berýär.

Habarçymyz bilen gürrüňdeş bolan ýerli synçy maşgalalaryň dargamagynyň aňyrsynda ýatan mümkin bolan sebäpleriň ýene birine salgylanýar.

“Maşgalada urlup, ezýet çekýän gelinlerimiz bar. Olaryň köpüsi maşgalasyny dargatman saklajak bolup, bir topar ezýete, urgulara çydaýarlar. Käbirleri bolsa, ahyrsoňy aýrylyşmaly diýen netijä gelýär. Türkmende “gyzyňy berdiň, eliňi çek” diýlen bir söz bar. Ene-atalar gyzlaryny durmuşa çykaransoň, olaryň baran maşgalasyna kän bir gatyşyp bilmeýär. Ýaş gelinler ene-atalaryna ýüzlenip, “gaýynlaryndan, ýanýoldaşyndan ezýet baryny çekýändiklerini” aýtsalar-da, ene-atalar “çyda gyzym” diýýärler we öz çagalarynyň çekýän ezýetine göz ýumýarlar” diýip, bir ýerli synçy Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.

Türkmenistanda maşgala gatnaşyklaryny ýurduň “Maşgala kodeksi” düzgünleşdirýär. Ýöne ýerli synçylar ilat arasynda maşgala dawalary bilen bagly meseleleri kanun goraýjy edaralaryň üsti bilen çözmek babatda köpçülikleýin meýliň ýokdugyny aýdýarlar. Galyberse-de, döwlet institularyna, garaşsyz kazylara bolan ynamsyzlyk ýurt raýatlaryny kanuny ýollara ýüz tutup, maşgala dawalaryna çözgüt tapmaga synanyşmak isleginden mahrum edýär.

“Aýrylaşan çagaly maşgalalarda çaganyň kakasy işlemeýän bolsa, onda ol her çaga üçin aýda 180 manat, eger işleýän bolsa 300 manat möçberinde aliment tölemeli. Aliment töläp bilmeýän erkekler 15 gün möhlet bilen tussag edilýär” diýip, bir türkmenistanly Azatlygyň habarçysyna maglumat berýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG