Türkmen metbugaty şu gün ýurduň dört sebitinde “ak kerwen” dabaralarynyň geçirilýändigini, demirgazyk sebitde bolsa bu hili dabaranyň 14-nji sentýabrda geçiriljekdigini habar berýär.
Türkmen hökümetiniň 5-nji sentýabrda geçiren maslahatynda aýdylmagyna görä, pagta ýygymynda 1 müň 600 kombaýn ulanylar.
Resmileriň hasabatlaryndan we döwlet eýeçiligindäki metbugatyň habarlaryndan çen tutulsa, pagta ýygymynda ulanylýan kombaýnlaryň sany köpelmese, azalmaýar. Emma ýurt içinden gelýän habarlar pagtanyň, öňki ýyllarda bolşy ýaly, el güýji bilen, şol sanda býujet edaralarynyň işgärleriniň, hakyna tutulan işsizleriň kömegi arkaly ýygnalmagynyň azalmaýandygyny görkezýär.
Pagta ýygymynda we beýleki oba hojalyk işlerinde, şol sanda köpçülikleýin bag ekmekde mejbury zähmeti ulanmakda tankyt edilýän Türkmenistan ekiş we hasyl ýygnamak çärelerini dabalary ýagdaýda geçirip, soňky onýyllyklarda oba hojalygynda dörän kynçylyklar, oba adamlarynyň durmuş şertleriniň peselendigi barada çykan habarlara reaksiýa bildirmeýär.