Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan “Bismilla” bilen bugdaý ekişine başlady


Arhiw suraty
Arhiw suraty

Türkmenistanyň sebitleriniň ählisinde şu gün güýzlük bugdaý ekişine girişildi. Adatça bolşy ýaly, ekişiň başlanmaly güni ýurduň prezidenti tarapyndan kesgitlenildi, Serdar Berdimuhamedow 26-njy awgustda geçiren hökümet mejlisinde, öňki prezidentlerden galan däbe eýerip, bugdaý ekişine girişmäge ak pata berdi.

Bu Türkmenistanda oba hojalyk çäreleriniň sahnalaşdyrylmagynyň, mart aýynda hem bolşy ýaly, üýtewsiz dowam etdiriljekdigini aňladýar.

Hökümetçi “Türkmenportal” neşiriniň ýazmagyna görä, bu işde dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalaryndan satyn alnan ýer sürüji traktorlaryň iki müňe golaýy, ekijileriň we bejergi traktorlarynyň bir müň bäş ýüzden gowragy ulanylar.

Türkmenistan garaşsyz ýurt bolan wagtyndan bäri özüni bugdaý bilen üpjün etmäge çalyşýar we her ýyl diýen ýaly, mejbury zähmete daýanýan oba hojalyk syýasatyna, ýylyň gurak gelmegine ýa beýleki tebigy kynçylyklara garamazdan, göz öňünde tutulan ýokary hasylyň alnandygyny aýdyp, dabaraly hasyl toýuny tutýar.

Şol bir wagtda, öňki prezidentler döwründe ýerleriň şorladylandygy, hasyllylygyň pesdigi, oba hojalyk işleriniň netijeliliginiň ýokarlanmaýandygy, şonuň bilen bir wagtda ýurtda bar bolan infrastruktura, suw howdanlary, emeli derýa, aralyk ýaplary, suw ýetmezçiligi bilen bagly meseleler bölekleýin boýun alyndy.

Ýurtda çörek, un meseleleri, beýleki azyk önümleri bilen bagly kynçylyklar uzak ýyllar bäri saklanyp galýar.

Emma muňa garamazdan, döwlet eýeçiligindäki metbugat obasenagat toplumynyň eksport kuwwatyny ýokarlandyrmaga ýardam bermäge gönükdirilen giň gerimli özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylýandygyny tekrarlaýar.

XS
SM
MD
LG