Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynda pagta ýygym möwsümi başlady. Şu günler kärende ýeri bolan daýhanlar gowaça meýdanlaryna maşgala bolup gidip, pagtanyň gozasynyň açylyp agaranlaryny ýygnaýarlar. Şol bir wagtda, daýhanlar bu ýyl pagta hasylynyň juda pes bolandygyny, köp kärendeçiniň zyýan çekýändigini aýdýarlar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy sebitden maglumat berdi.
Ýatlatsak, adatça Türkmenistanda pagta ýygymyna resmi derejede sentýabr aýynda girişilýär we bu çäräniň başlanjak senesi hökümet tarapyndan yglan edilýär. Munuň bilen bagly, sebitlerde "Ak kerwen" dabaralary hem geçirilýär.
"Biz soňky üç gün bäri öýümize myhman bolduk. Biz potrat ýerimizde agaç çöplerinden çatma ýasadyk. Özümiz we çagalarymyz şol çatmada günortanlyk naharyny iýip, çaý içýäris. Biz ir salkyn öýümizden gaýdyp, giçlik salkynda hem öýümize dolanýarys. Tutuş günümiz pagta meýdanlarynda geçýär" diýip, ýolötenli bir kärendeçi anonimlik şertinde 16-njy awgustda gürrüň berdi.
Şol bir wagtda, ýolötenli pagtaçy daýhanlaryň ençemesi bu ýyl pagtanyň hasyllylygynyň geçen ýyldakydan-da pes bolandygyny, bar bolan hasyly halas etmäge çalyşýandyklaryny aýdýar.
"Pagtanyň ýagdaýy gaty erbet. Potrat ýerimiziň ýarysynda pagta çöpi öz-özünden gurady. Goňşy potratçymyzyň pagtasy tutuşlygyna gurady. Hatda ol ony orup, otuny hem satyp ýetişmedi. Biziň guraman galan pagta çöplerimiz hem gaty seýrek gögerdi. Olam gozalap, indi pagta görkezip başlady. Häzir açylan pagtany hojalyk bolup, dessine ýygyp almaga çalyşýarys. Adam salyp, ýygnadar ýaly pagtamyz ýok" diýip, başga bir ýolötenli kärendeçi gürrüň berdi.
Ol hasylyň pes bolmagyna yssy howa şertleriniň we ýerli resmileriň gowaça meýdanlaryna kadaly suw üpjünçiligini ýola goýmazlygynyň sebäp bolandygyny hem belledi.
Ýatlatsak, şu ýylyň iýun we iýul aýlarynda Türkmenistanyň dürli sebitlerinde anomal yssy howa şertleri höküm sürdi. Käbir günlerde howanyň temperaturasy 48 gradusa çenli ýokarlandy.
Şonda Azatlygyň ýurduň dürli sebitlerindäki, hususan-da Marydaky habarçylary yssy howanyň we ýiti suw ýetmezçiliginiň gowaça ösdürip ýetişdirýän kärendeçileri we daýhan hojalyk eýelerini alada goýýandygyny habar berdiler. Şonda habarçylarymyz Türkmengala, Baýramaly we Garagum etraplaryndaky köp pagta meýdanynda gowaçalaryň boý alman, guramaga başlandygyny hem aýtdylar.
"Ýolöteniň pagta meýdanlaryna göz gezdirseň, gurap ýatan potrat ýerlerini gaty köp görse bolýar. Bu ýyl gaty bereketsiz boldy. Bu köp kärendeçä zyýan ýetirýär. Biz häzirden döwlete bergili çykjagymyza göz ýetirýäris" diýip, başga bir ýolötenli kärendeçi anonimlik şertinde 16-njy awgustda gürrüň berdi.
Türkmenistanda daýhanlar ekerançylyk ýerlerini döwletden kärendesine alyp, döwlet tabşyrygy esasynda oba hojalyk ekinlerini, hususan-da gowaça we bugdaý ösdürip ýetişdirýärler. Olar alan hasyllaryny döwletiň kesgitlän bahasyndan döwlete satmaga mejbur edilýärler.
Galyberse-de, adam hukuklaryny gorap çykyş edýän halkara guramalar Türkmenistanyň hökümetini pagta önümçiliginde mejbury zähmetden peýdalanmakda berk tankyt edýärler.
Şu ýyl Türkmenistanda 580 müň gektar meýdana gowaça ekildi we ondan 1 million 250 müň tonna pagta hasylyny öndürmek göz öňünde tutulýar.
Türkmen häkimiýetleriniň soňky hepdelerde geçirýän hökümet maslahatlarynda pagta ýygym möwsümine toplumlaýyn taýýarlyk görülýändigi aýdylýar. Ýöne onda yssy howa şertleriniň we suw ýetmezçiliginiň pagta meýdanlaryna ýetiren täsirleri barada hiç hili mesele gozgalmaýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum