Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistandan alabaý itlerini çykarmak çäklendirilýär


Türkmen häkimiýetleri on ýyl töweregi wagt bäri ýurtda öýsüz haýwanlary köpçülikleýin ýok etmek boýunça kampaniýa alyp barýarlar.
Türkmen häkimiýetleri on ýyl töweregi wagt bäri ýurtda öýsüz haýwanlary köpçülikleýin ýok etmek boýunça kampaniýa alyp barýarlar.

Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurduň çäginden Alabaý itlerini çykarmagy çäklendirýän kanuna gol goýdy.

Türkmenistanyň itçilik we kinologiýa işi hakyndaky kanunda ýuridiki we fiziki şahslar tarapyndan it Türkmenistanyň çäginden çykarylanda, gümrük nokatlaryndaky degişli gulluklaryň işgärleriniň ol itiň eýeçiligini tassyklaýan resminamanyň we beýleki degişli resminamalaryň görkezilmegini talap etmäge hukuklarynyň bardygy aýdylýar.

Şeýle-de, itleriň Türkmenistanyň çäginden çykarylmagy ygtyýarlandyrylan edaradan rugsatnama alynmaga degişlidigi bellenilýär.

Mundan başga-da, Türkmenistanda ösdürilip ýetişdirilýän we aýratyn goralýan tohum itleriň kadastryna girizilen seýrek duş gelýän we ýitip gitmek howpy astynda duran tohumlara, tohum toparlaryna we ýokary gymmatly görnüşlerine degişli itleriň eksport edilmegi çäklendirilýär.

Türkmen häkimiýetleri ýurtda alabaý itleriniň kultyny güýçlendirip, "Hormatly itşynas" we "At gazanan itşynas" atlaryny, şeýle-de "Ýylyň edermen alabaýy" medalyny döretdiler we türkmen alabaý itleriniň baýramyny esaslandyrdylar.

Şol bir wagtda, türkmen häkimiýetleri on ýyl töweregi wagt bäri ýurtda öýsüz haýwanlary köpçülikleýin ýok etmek boýunça kampaniýa alyp barýarlar.

XS
SM
MD
LG