Merkezi Aziýanyň bäş döwletiniň liderleriniň Gyrgyzystanyň kurort şäheri Çolpon-Atada geçen sammiti tamamlandy. Maslahata gatnaşyjylar sebitde mundan beýläk-de hyzmatdaşlygy ösdürmek barada ylalaşdylar. Bu regionyň hem strategiki, hem-de söwda taýdan esasy hyzmatdaşy bolan Russiýanyň, Ukraina esassyz çozmagy sebäpli, täsiriniň peselen döwrüne gabat gelýär.
21-nji iýulda geçen sammitiň jemleri boýunça Dostluk, Hoşniýetli goňşuçylyk we 21-nji asyrda Merkezi Aziýadaky hyzmatdaşlygy berkitmek boýunça Ylalaşyk baglaşyldy. Oňa Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň we Gazagystanyň liderleri gol goýdular. Türkmen we Täjik liderleri, öz ýurtlaryndaky proseduralara salgylanyp, dokumente gol çekmediler.
Bu sammit, mundan bäş aý ozal Russiýanyň Ukraina garşy başladan esassyz urşundan soň, sebitiň liderleriniň ilkinji duşuşygy boldy. Russiýa bu maslahata gatnaşmady.
Moskwanyň sebitdäki täsiriniň kemelýändigine garamazdan, bäş prezidentiň hiç biri hem Ukrainadaky urşy agzamady.
Bu sammit soňky iki ýylyň dowamynda Gazagystanda, Gyrgyzystanda, Täjigistanda we Özbegistanda bolan halk tolgunşyklaryndan soň geçirildi. Ýanwarda Gazagystanda hökümete garşy ganly protestler, Täjigistanyň Gorno-Badagşan sebitinde we Özbegistanyň Garagalpagystan awtonom respublikasynda hem adam pidaly tolgunşyklar bolupdy.
Mundan başga-da, maslahatda Merkezi Aziýa bilen serhetleşýän Owganystandaky ýagdaýlar barada maslahat edildi. Geçen ýylyň awgustynda bu ýurtda “Talyban” häkimiýeti ele geçiripdi.
Täjik prezidenti Emomali Rahmon Merkezi Aziýa ýurtlaryny Owganystandaky ýagdaýlaryň özgerişini “dowamly üns merkezinde” saklamaga çagyrdy.