Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanyň günbatarynda ýer titreme boldy


Bereketdäki otly stansiýasy (arhiw suraty)
Bereketdäki otly stansiýasy (arhiw suraty)

20-nji iýunda Türkmenistanyň günbatarynda 4,6 magnitudaly ýer titreme hasaba alyndy. Bu barada Birleşen Ştatlaryň Geologiýa barlag merkezi habar berýär.

Maglumatlara görä, ýer titremäniň merkezi Balkanyň Bereket sebitiniň 74 km günortasynda ýerleşýär. Onuň ojagy 12,1 km çuňlukda ýerleşýär.

Ýer sarsgynynyň netijeleri barada maglumat bolmady.

Türkmenistan 9 baldan ýokary seýsmiki aktiw ýerde ýerleşýär.

Mundan öň, 2000-nji ýylyň 6-njy dekabrynda gürrüňi gidýän Bereket (Gazanjyk) obasynda güýçli ýer titreme netijesinde onlarça bina ýykyldy, ýurduň hökümeti bu barada habar bermedi.

1948-nji ýylyň oktýabr aýynda Aşgabatda ýurduň taryhyndaky iň weýrançylykly ýer titreme boldy. Tutuş şäher tas ýer ýüzünden süpürildi, 100 müňden gowrak adam wepat boldy.

Türkmenistanyň häkimiýetleri tebigy betbagtçylyklar we olaryň ilata ýetirýän täsirleri barada habar bermekden ýyllarboýy saklanyp gelýärler.

XS
SM
MD
LG