Türk häkimiýetleri Türkmenistanyň ýene bir raýatyny watanyna deportasiýa etmekden ýüz öwürdi. 16-njy iýunda adam hukuklary boýunça "Türkmen Helsinki Fondy" (THF) Baýram Allalyýewi Türkiýeden deportasiýa etmek kararynyň sud tarapyndan ýatyrylandygyny habar berdi.
"Türkmen Helsinki Fondunyň" habaryna görä, 15-nji iýunda Stambulyň sudy 34 ýaşly türkmen raýaty Baýram Allalyýewi deportasiýa etmek kararyny ýatyrypdyr.
Allalyýewiň deportasiýa meselesine garamak işi 2021-nji ýylyň noýabr aýyndan bäri dowam edipdi.
Adam hukuklaryny goraýjy guramanyň habaryna görä, aktiwist 2021-nji ýylyň 22-nji oktýabrynda Stambulda, Türkiýe Migrasiýa gullugynyň ofisleriniň birinde, ýaşamak üçin ygtyýarnamasyny uzaltmak üçin çagyrylan wagtynda tussag edilipdi. Şonda Türkmenistanyň ony Interpol üsti bilen gözleýändigi ýüze çykdy. Allalyýew "Beýazit" polisiýa merkezine, soňra "Pendik" deportasiýa merkezine äkidildi. 2021-nji ýylyň noýabr aýynda Allalyýew boşadyldy, ýöne onuň deportasiýa meselesine garamak tertibi dowam etdi diýip THF habar berýär we türkmen häkimiýetleriniň Allalyýewi hilegärlikde aýyplaýandygyny belleýär.
“Baýram Allalyýew, türkmen režiminiň daşary ýurtlardaky konsullyk edaralarynda raýatlaryň pasportlaryny täzelemekden boýun gaçyrmagyny, söz azatlygyny çäklendirmegini, hereket azatlygyna ýol bermezligini, ýurtda COVID-19 wakalarynyň bardygyny boýun almak islemezligini tankyt edilýän dissident bolup, onlaýn söhbetdeşliklere işjeň gatnaşdy" diýip, THF habar berýär. Gurama Allalyýewiň Stambulda "Oguz medeniýeti, hyzmatdaşlyk we bilim jemgyýetiniň" işlerine-de gatnaşandygyny belläp geçýär.
2021-nji ýylyň 27-nji noýabrynda Baýram Alalliýew ýol heläkçiligine uçrapdy.
THF-nyň habaryna görä, awariýanyň günäkäri wakanyň bolan ýerinden gaçypdyr, emma polisiýa onuň adyny bilýär. Heläkçilikde agyr ýaralanan Allalyýew birnäçe aý keselhana ýerleşdirildi we birnäçe aý bejergi aldy".
Mundan başga-da, adam hukuklaryny goraýjylaryň maglumatyna görä, güýz aýlarynda Aşgabadyň haýyşy boýunça türk polisiýasy tarapyndan gözlenen 25 türkmen aktiwistiniň sanawynda Allalyýewiň ady hem bolupdyr. THF Türkmenistanyň Baş konsuly M. Seýtmamedowyň Türkiýäniň häkimiýetlerine iberen başga bir resmi hatyna goşulan 13 aktiwistiň adynyň arasynda Allaleýewiň pasport maglumatlarynyň bolandygyny habar berdi.
2021-nji ýylyň güýzünde Türkiýede ýaşaýan türkmen aktiwistlerine basyş güýçlendi. Şunuň bilen baglylykda, adam hukuklaryny goraýjy guramalaryň onlarçasy bilelikdäki beýannama ýaýradyp, türkmen hökümetiniň syýasaty bilen ylalaşmaýandygyny aç-açan beýan edýän we konstitusiýa görä öz hukuklarynyň berjaý edilmegini talap edýän türkmen aktiwistleriniň yzarlanmagynyň öňüni almagy talap etdi.
2-nji noýabrda çap edilen bilelikdäki beýannama Ýewropa ýurtlaryndan, Russiýadan, Ukrainadan, Gürjüstandan we ABŞ-dan bolan 33 sany jemgyýetçilik guramasy gol çekdi. Adam hukuklaryny goraýjy aktiwistler Türkiýäni türkmen aktiwistleriniň watanyna mejbury ugradylmagynyň öňüni almaga, aklawçylara olar bilen gürleşmäge ygtyýar bermäge we olaryň Türkiýede kanuny status almak üçin prosedurany dowam etdirmäge çagyrypdy.
Türkmenistanda hökümeti parahatçylykly tankytlaýanlaryň we dissidentleriň maşgala agzalaryna häkimiýetler tarapyndan azar bermek we gorkuzmak hereketleri giňden ýaýran.
Adam hukuklaryny goraýjylar türkmen aktiwistlerini Türkmenistana ibermezlige çagyryş edip, türk häkimiýetlerine munda öň hem ençeme gezek ýüzlenipdi we ýurunda olaryň janyna howp abanýandygyna ünsi çekipdi.
“Aktiwistleriň Türkmenistana gaýtarylmagy olary yzarlamalara, şol sanda gynamalara we beýleki ýowuz daraşmalara hem zor bilen ýitirim edilmelere sezewar eder. Türkiýe, adamlary erbet garaljak ýerlere ibermezlik baradaky halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmeli "- diýlip "Human Rights Watch" guramasynyň oktýabrda ýaýradan beýanatynda aýdyldy.
"Türkmen Helsinki Fondunyň" habaryna görä, Baýram Allalyýew bosgun statusyny almak üçin türk häkimiýetlerine ýüz tutupdyr, bu bolsa onuň özüniň we maşgalasynyň watanyna zor bilen ugradylmazlygyny kepillendirip biler.
Türkmenistanyň hökümeti barha artýan tankytlaryň netijesinde jemgyýetçiligiň barha agyrlaşýan sosial-ykdysady meselelere we häkimiýetleriň ilat babatyndaky eden-etdiliklerine ünsünüň artýandygyna nägile bolýar. 2020-nji ýylyň maý aýyndan bäri Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky raýatlary jemgyýetçilik aktiwligini görkezýärler we Türkmenistanyň awtoritar hökümetinden nägileligini bildirmek üçin Türkiýede, ABŞ-da, Demirgazyk Kiprde we beýleki ýurtlarda onlarça protest aksiýasyny guradylar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.