Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabadyň etegindäki obada ýangyn döredi


Illýustrasiýa suratay
Illýustrasiýa suratay

Aşgabat şäheriniň golaýyndaky "Perwomaýskiý" obasynda ýangyn boldy. Ýangynyň döremegine obanyň dag eteklerindäki ot-çöpleriň ot almagy sebäp boldy. Bu waka, Türkmenistanyň Ýangyn howpsuzlygy gullugynyň raýatlary tomus pasly döwründe ýangyna garşy howpsuzlygy üpjün etmäge we hüşgär bolmaga çagyrmagynyň yz ýanyna gabat geldi.

Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysynyň maglumatlaryna görä, ýangyn 15-nji iýunda döredi. Ýangyny söndürmek işlerine paýtagtyň jemagat hojalygyna degişli edaralaryň we "Aşgabatýylylyk" trestiniň işgärleri, şeýle-de esgerler çekildi.

"Giçlik sagat 6-da ähli işgärleri we esgerleri gyssagly ýygnap, ýangynyň bolan ýerine alyp gitdiler. Olaryň hemmesi ýangyny söndürmek işlerine gatnaşdylar. Jemagat hojalygyna degişli edaralaryň we "Aşgabatýylylyk" trestiniň işgärleri ýangynyň bolan ýerinden öýlerine özleri gaýtmaly boldular. Bu işgärler gije sagat 10-dan soň öýlerine geldiler" diýip, ýagdaýdan habarly çeşme 16-njy iýunda habarçymyza gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, ýangynyň dörän ýerinde Ýangyn howpsuzlygy gullugynyň işgärleri 16-njy iýunda irden hem öz işlerini dowam etdirdiler.

Habarçymyz ýangynda adam pidalarynyň bolandygyny ýa-da bolmandygyny häzirlikçe anyklap bilmedi. Şeýle-de, onuň haýsydyr bir ýaşaýyş jaýyna zyýan ýetirendigini hem aýdyňlaşdyryp bolmady.

Ýöne habarçymyz gürrüňi edilýän oba barada käbir maglumatlary anyklamagy başardy. Onuň sözlerine görä, bu obada 19 asyrdan bäri molokan etniki toparynyň wekilleri ýaşaýardy.

"Saparmyrat Nyýazowyň häkimiýet başynda bolan döwri olara bu ýerde jaý gurmaga ýer paýlanyp berildi. Gurbanguly Berdimuhamedowyň häkimiýet başyna gelen döwri bolsa, bu jaýlar anyk düşündiriş berilmezden ýykylyp başlandy. Oba Gurbangulynyň şahsy emlägine öwrüldi diýsek hem bolar. Bu ýerde rezidensiýa bar. Obadaky etniki azlyklary bu ýerden çykaryp, ony, Pöwrizäniň ilat üçin ýapylyşy ýaly, doly ýapdylar. Hatda molokan etniki toparynyň wekillerine bu ýerdäki dogan-garyndaşlarynyň mazarlaryna zyýarata barmaga hem rugsat berilmeýär. Olar mazarlygyň heniz-de bardygyny ýa-da ýer bilen ýegsan edilendigini hem bilmeýärler" diýip, ýagdaýdan habarly çeşmämiz habarçymyza gürrüň berdi.

Azatlyk ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada Aşgabadyň Ýangyn howpsuzlygy gullugyndan, "Aşgabatýylylyk" trestinden goşmaça maglumat ýa kommentariýa alyp bilmedi.

Aşgabadyň eteginde dörän bu ýangyn, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň düzümindäki Ýangyn howpsuzlygy gullugynyň raýatlary tomus pasly döwründe ýangyna garşy howpsuzlygy üpjün etmäge we hüşgär bolmaga çagyrmagynyň yz ýanyna gabat geldi.

Hökümetçi "Türkmenportal" neşiriniň 7-nji iýunda çap eden habarynda ýurtda şu ýyl ýangyn möwsüminiň 1-nji maýda başlanandygy we 1-nji oktýabra çenli dowam etjekdigi bellenilýär.

Galyberse-de, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň 31-nji maýda geçirilen mejlisinde prezident Serdar Berdimuhamedow ýurduň içeri işler ministrine ýüzlenip, tomus pasly döwründe ýangyna garşy howpsuzlygy üpjün etmegi hemişe üns merkezinde saklamagyň zerurdygyna aýratyn ünsi çekdi.

Türkmen häkimiýetleri we media serişdeleri ýurtda bolýan tokaý ýangynlary ýa-da ýaşaýyş durmuş maksatly binalarda bolýan ýangynlar barada habar bermeýärler. Bu baradaky statistiki maglumatlar hem ilat köpçüligine aç-açan aýan edilmeýär.

Ýöne Azatlygyň habarçylary geçen ýylyň dekabrynda Lebap welaýatynyň Farap etrabynda bolan mekdep ýangyny barada habar berdi. 2021-nji ýylyň awgustynda bolsa, howa maglumatlaryny çap edýän "Meteožurnal" neşiri Köpetdagda 10 gün dowam eden ýangynlaryň 10 gektar töweregi meýdandaky ösümlikleri ýok edendigini mälim etdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG