Köpetdagda eýýäm 10 gün bäri dowam edýän ýangynlar 10 gektar töweregi meýdandaky ösümlikleri ýok etdi. Bu barada, “Meteožurnal” internet neşiri 22-nji awgustda habar berdi.
Maglumatda ýangynyň 19-21-nji awgust aralygynda Monjukly dag gerşiniň gündogar tarapynda 3 müň 100 gektar ýeri ýok edendigi aýdylýar. Mundan başga-da, ýangynda Günbatar we Merkezi Köpetdagdaky ýeke-täk pisse we arça jeňňellikleriniň, şeýle-de jülgelerdäki ösümlikleriň ýok bolandygy bellenilýär.
10-13-nji awgustda ýangyn Kesedagyň günorta eňňidi we galan töwerekleri boýunça geçdi. Ýangyn Sünt-Hasardag goraghanasynyň merkezi böleginiň günorta tarapyna hem zyýan ýetirdi. Ýangynyň meýdany 6 müň 500 gektara deň boldy.
Şeýdip soňky 10 günüň içinde ýangyn 9 müň 600 gektar meýdandaky ösümlikleri ýok etdi diýip, “Meteožurnal” belleýär.
Türkmen häkimiýetleri we habar serişdeleri ýangyn, onuň ýetirýän zyýany barada dymýarlar. Şeýle-de ýangyny söndürmek boýunça alnyp barylýan işleriň gerimi näbelli bolmagynda galýar.