Türkmen prezidenti Serdar Berdimuhamedow we rus prezidenti Wladimir Putin Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda Strategik hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak hakynda Jarnama gol çekdiler.
Bu ikitaraplaýyn resminama gol çekmek dabarasy türkmen prezidentiniň Moskwa eden saparynyň dowamynda, 10-njy iýunda Kreml köşgüniň "Malahit" zalynda boldy.
"Jarnamada syýasy, söwda-maýa goýum, medeni-ynsanperwer ugurlarda, biologik we maglumat ugurlary bilen birlikde, howpsuzlyk ulgamynda hem geljek üçin bilelikdäki işiň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi" diýip, TDH habar berýär.
Resmi habarda Jarnama bilen birlikde, 15 resminamadan ybarat resminamalar toplumy döwletara hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadynyň üstüni ýetirdi hem diýilýär.
"Şol resminamalar giň gerimli ugurlary öz içine alýar we Türkmenistanyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň uzak möhletleýin, özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgesine ygrarlydyklaryny tassyklaýar" diýip, TDH belleýär.
Bu saparyň dowamynda Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň döwlet sylagy — “Dostluk” ordeni bilen hem sylaglandy. Putiniň Permanyna laýyklykda, bu ýokary sylaga döwlet baştutany "iki ýurduň arasynda strategik hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna goşan uly goşandy üçin mynasyp boldy".
Prezident Serdar Berdimuhamedow 10-njy iýunda Türkmenistana dolandy. Döwlet baştutanynyň Russiýa Federasiýasyna eden bu sapary onuň prezident wezipesindäki ilkinji resmi wizitidir.
Merkezi Aziýa boýunça bilermen Brýus Pannier, Berdimuhamedowyň Moskwa edýän sapary iki ýurduň liderleriniň özara gyzyklanmasyny görkezýär diýip hasaplaýar. Bilermeniň pikiriçe, Russiýa üçin bu, Ukrainadaky uruş sebäpli izolýasiýanyň ösmeginiň fonunda regional ýurtlar bilen dostlukly gatnaşyklaryň barydgyny görkezmekdir: