Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda jazz konserti köp tomaşaçy jemledi 


Maýsa Nyýazowa. "Jazz öwüşgünleri" atly konsert. Türkmenistanyň döwlet medeni merkezi Mukamlar köşgi. Aşgabat. 2022-nji ýylyň 5-nji iýuny
Maýsa Nyýazowa. "Jazz öwüşgünleri" atly konsert. Türkmenistanyň döwlet medeni merkezi Mukamlar köşgi. Aşgabat. 2022-nji ýylyň 5-nji iýuny

Bu gezek paýtagtyň aýdym-saz muştaklary jazz sazyndan hoşal boldular. 4-nji we 5-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet medeni merkezi Mukamlar köşgünde jazz sazyna konsert-ekskursiýa geçirildi. Azatlyk Radiosynyň habarçysy konsertiň geçişi barada Aşgabatdan habar berýär.

“Jazz öwüşgünleri” atly konsert tomaşaçylardan doly zalda geçdi. Guramaçylaryň biri begençli geň galmak bilen: "Aşgabatda jazz söýüjileriniň şeýle köpdügine garaşmadyk" diýdi.

Ýöne tomaşaçylaryň köp bolmagy olaryň diňe bir bu saz žanryna bolan höwesi bilen çäklenmän, eýsem ýurduň iň meşhur sazandalarynyň biri, pianoçy Wladimir Mkrtumowyň aýdym-saz döredijiligine bolan höwesine bagly boldy. Her gezek adamlar onuň "kalbyň baýramçylygyna" öwrülýän klasiki aýdym-saz konsertlerine şatlyk bilen barýarlar.

Soňky ýyllarda Mkrtumow zehinli ýerine ýetirijileriň gatnaşmagynda kiçijik açyk kamera zalynda nusgawy pop we jazz stilindäki meşhur eserleriniň konsertlerini gurady we özi diňe bir "pianoçy" däl-de, eýsem alyp baryjy gid hökmünde çykyş etdi, her bir eser hakda gyzykly, duýguly we höwes bilen gürrüň berdi. Hemişe şeýle konsertlerden soň aýdym-saz söýüjiler diňe bir özleriniň gatnaşandygyna begenmek bilen çäklenmän, eýsem gaty az tomaşaçylaryň çäräni görüp bilendigine çyn ýürekden gynandylar we aýdym-saz lezzetini hem keýpini has köp adam bilen paýlaşmak islediler.

Emma bu gezek milli medeni merkezi Mukamlar köşgüniň abraýly zaly has köp sanly aýdym-saz muştaklaryny eýýäm iki gezek kabul etdi. Şeýlelik bilen Aşgabadyň Mukamlar köşgüniň diňe bir häzirki zaman arhitekturanyň ýapyk duran bir ýadygärligine öwrülmän, eýsem durmuş bilen barha utgaşmagy örän begendirýär.

Däp bolşy ýaly, Wladimir Mkrtumow diňe "pianoçy" bolman, eýsem dünýä jazzynyň taryhy tolkunlarynda "pilot" boldy we ýerine ýetirilen eserleriň taryhy barada gyzykly gürrüň berdi.

Döwran Şammyýew.
Döwran Şammyýew.

Geçen asyryň 20-nji ýyllarynda dünýä aýdym-saz sungatynyň bu täsin hadysasy emele gelen döwründe dörän ajaýyp eserler ýerine ýetirildi. Esasy üns 60-70-nji ýyllaryň dünýä belli meşhur eserlerine gönükdirildi. Şeýle hem häzirki zaman jaz kompozisiýalary ýerine ýetirildi.

Tomaşaçylar özleriniň halaýan solistleri Maýsa Nyýazowany we ýaş aýdymçy Döwran Şammyýewi diňlemek üçin hem bardylar.

Döwran henizem Milli Konserwatoriýanyň studenti, ýöne ol eýýäm meşhurlyk gazandy we janköýerlere eýe boldy. Döwran Şammyýew Tahyr Ataýewiň orkestriniň Maýkl Jeksona we "Bitlse" bagyşlanan ilkinji konsertlerinde üstünlikli "göze ildi".

Maýsa Nyýazowa we Döwran Şammyýew diňe bir özbaşdak çykyş etmek bilen çäklenmän, duet bolup çykyş etdi hem tomaşaçylaryň göwnünden turdy.

Maýsa Nyýazowa we Döwran Şammyýew.
Maýsa Nyýazowa we Döwran Şammyýew.

Bildirişde öňünden yglan edilmedik Bahar Durdyýewanyň konserte gatnaşmagy uly şatlyk döretdi we tomaşaçylar tarapyndan mähirli garşylandy. Konserwatoriýanyň klasiki konsertleriniň söýgüli aýdymçysy, mahmal soprano sesiň eýesi, köp dillerde aňsatlyk bilen aýdym aýdýan Bahar Durdyýewa meşhur amerikan kompozitory Jorj Gerşwiniň birnäçe eserini, şol sanda beýik "jaz" operasyndan dünýäde "Tomus pasly" ("Summertime") diýilip tanalýan eserinden "Klaranyň hüwdüsi" aýdymyny ýerine ýetirdi.

Bahar Durdyýewa.
Bahar Durdyýewa.

Konsertde 1973-nji ýylyň örän meşhur aýdymy "Bluz meni ýumşaklyk bilen öldürýär" ("Killing Me Softly with Blues"), Braziliýanyň meşhur "Duýgular" eseri, 1963-nji ýylda döredilen "Pink Panther" atla filmiň meşhur sazy ýaly kompozisiýalar tomaşaçylara hödürlendi.

Jaz topary “Pink Panther” eserinii ýerine ýetirýär.
Jaz topary “Pink Panther” eserinii ýerine ýetirýär.

Şeýle hem konsertde meşhur rowaýata öwrülen türkmen jaz-folklor-rok topary "Güneşiň" repertuaryndan kompozisiýalary ýerine ýetirip, onuň döredijiligine hormat goýuldy.

Aprel aýynyň başynda, COVID-19-yň ýaýramagy sebäpli girizilen birnäçe aýlyk çäklendirmeler ýeňilleşdirilenden soň, Aşgabatda dürli žanrlara degişli konsertleriniň tapgyry geçirildi. Aýdym-saz muştaklary klasiki eserleri, Latyn Amerikasynyň aýdym-sazlaryny we meşhur fransuz eserlerini diňlemek mümkinçiligine eýe boldy.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG