Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Tango, Tango, Tango". Aşgabatda karantin sebäpli yza süýşürilen ýene bir konsert geçirildi


"Tango, tango, tango" konserti. Maýsa Niýazowa "Hasta siempre amore" aýdymyny ýerine ýetirýär. "ART-MOTION" tans jübüdi tans edýär. Aşgabat, 2022-nji ýylyň 16-njy maýy
"Tango, tango, tango" konserti. Maýsa Niýazowa "Hasta siempre amore" aýdymyny ýerine ýetirýär. "ART-MOTION" tans jübüdi tans edýär. Aşgabat, 2022-nji ýylyň 16-njy maýy

Koronawirusyň ýaýramagy bilen bagly girizilen çäklendirmeler sebäpli Aşgabatda yza süýşürilen aýdym-saz çäreleri dowam edýär. Köpden bäri garaşylan ýene bir waka Tango sazynyň konserti geçirildi. Rasul Glyjowyň ýolbaşçylygyndaky ýaşlar kamera orkestriniň ýerine ýetiren saz çäresi barada Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy öz görenlerini gürrüň berýär.

Soňky karantin sebäpli yza süýşürilen konsert 16-njy maýda Türkmenistanyň Medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde dürli nesillerden bolan wepaly saz janköýerlerini bir ýere jemledi. Rasul Glyjowyň ýolbaşçylygyndaky Ýaşlar kamera orkestriniň ýerine ýetiren "Tango, Tango, Tango" konserti uly üstünlik gazandy.

Konsert iňlis kompozitory Karl Jenkinsiň meşhur "Palladio" eseriniň ýerine ýetirilmegi bilen başlandy. Bagtymyza aýatda diri döwürdeşimiz, ömrüniň dowamyda "klassikler" hataryna giren kompozitor 2010-njy ýylda Iňlis imperiýasynyň Iň ajaýyp ordeniniň serkerdesi adyna mynasyp boldy. Onuň konsertde ýerine ýetirilen eseri Italiýanyň Galkynyş zamanasynyň binagäri Andrea Palladio bagyşlanýar. Ýöne dramatiki, ynjalyksyz sazy sebäpli bu eser käwagt ýalňyşlyk bilen "Ölüm tango" diýilip atlandyrylýar.

Şeýle-de, konsertde ýerine ýetirilen 16 eseriň arasynda 20-nji asyryň ikinji ýarymynda Ýewropadaky iň meşhur argentinaly kompozitor Astor Piazzollanyň (1921-1992) alty eseriniň ýerine ýetirilmegi-de tötänden däldir.

Tangony tans meýdançasyndan sahna çykaryp, "tango nuewo" we "tango aýdymy" stillerini öňe sürdi. Piazzola professional aýdym-saz we halk köpçüliginde gazanan giň meşhurlygy üçin "The Great Astor" ("Le Gran Astor") resmi däl adyny aldy.

"Nightclab 1960" ýerine ýetirildi, Selbi Öwezowa tüýdük bilen solo çykyş etdi, "La muerte del angel" eserini Ýusup Öwezow klarnetde solo ýerine ýetirdi, Aibölek Muhyýewa "Invierno Rogteno" eserini gyjakda ýerine ýetirdi, Guwanç Şamyýew "Libertango" eserini akkordeonda ýerine ýetirdi.

"Tango, tango, tango" konserti. Guwanç Şammiýew. Akkordeon. (Astor Piazzolla. "Libertango"). Aşgabat, 2022-nji ýylyň 16-njy maýy.
"Tango, tango, tango" konserti. Guwanç Şammiýew. Akkordeon. (Astor Piazzolla. "Libertango"). Aşgabat, 2022-nji ýylyň 16-njy maýy.

Piazzollanyň “Che ... Tango che ...” we “Yo soya Mariýa” atly iki tango aýdymy tomaşaçylaryň söýgüsini gazanan Maýsa Nyýazowa tarapyndan ýerine ýetirildi. Şeýle hem ol Urugwaýly kompozitor Gerardo Rodrigesiň (1897-1947) meşhur "La Cumparsita" aýdymyny aýtdy. Kompozitor “La Cumparsitany” 19 ýaşynda ýazypdyr we mätäçlik çekip, ony ýaýratmak hukuklaryny Argentinanyň “Breiger” neşirýatyna 20 peso satypdyr.

Soň bolsa ol diplomatik gullugynda bolan wagty Pariže gelensoň, eseriniň meşhurlygyny bilip galypdyr we pul goşantlary hukugy üçin 20 ýyldan gowrak wagtlap sudlaşypdyr, ol öz maksadyna ýetip bildi, ýöne saglygyna zyýan ýetirdi.

Argentinaly aýdymçy, kompozitor we aktýor "tangonyň iň möhüm şahsyýeti we taryhy" hasaplanýan Karlos Gardel (1890-1935) tarapyndan döredilen "Por una cabeza" eseri Maýsa Nyýazowa tarapyndan ýerine ýetirilip tomaşaçylar tarapyndan bir demde diňlendi. Bu tango eseri tomaşaçylara "Aýalyň ysy" filminden tanyş.

"Tango, tango, tango" konserti. Aşgabat, 2022-nji ýylyň 16-njy maýy.
"Tango, tango, tango" konserti. Aşgabat, 2022-nji ýylyň 16-njy maýy.

Maýsa Nyýazowa bolsa asly urugwaýly italian kompozitor Donato Riçatiniň (1910-2000) "Hasta siempre amore" aýdymyny ýerine ýetirdi we saza goşulyp ART-MOTION tans jübüdi çykyş etdi. Tansçy jübüdiň “Tango show Tango” programasynda eden çykyşy konserte aýratyn özüne çekijilik we joşgunly tans ruhuny berdi.

Dünýä belli akkordeonçy, Piazzollanyň okuwçysy we dosty, fransuz kompozitory Riçard Gallianonyň (1950-nji ýylda doglan) “Tango pour Claude” atly eseri tomaşaçylarda uly üstünlik gazandy.

Öňden planlaşdyrylan aýdym-saz çäreleri koronawirusyň ýaýramagy sebäpli girizilen çäklendirmeler bilen baglylykda yza süýşürilipdi. Ýanwar aýynda girizilen çäklendirmeler aprel aýynyň başynda bölekleýin aýrylyp başlandy.

Şondan soň birnäçe hepdäniň içinde Aşgabatda birnäçe aýdym-saz çäresi geçirildi. 30-nji aprelde Tahyr Ataewiň orkestri tarapyndan ýerine ýetirilen "Jadylaýjy sesleriň gözelligi" atly konsert geçirildi. 23-nji we 24-nji aprelde köpden bäri garaşylýan "Klassika dünýäsine syýahat! Latyn Amerikasy" atly konsert boldy. 15-nji aprelde Türkmenistanyň Hormatly sungat işgäri, iň garry mugallym, türkmen skripka mekdebini esaslandyryjy Nikolaý Amiýantsyň hormatyna konsert geçirildi. 16-njy aprelde Awstriýaly kompozitor Jozef Haýdnyň doglan gününiň 290 ýyllygyna bagyşlanan uly tematiki konsert boldy.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG