Gazagystanda ýanwar wakalary bilen baglanyşykly gozgalan jenaýat işleri esasynda 331 adama iş kesildi, güman edilýänleriň 500-den gowragy tussaglykda saklanýar diýip, Gazagystanyň Baş prokuraturasynyň birinji bölüminiň başlygynyň orunbasary Eldos Kilymžanow 1-nji iýunda merkezi aragatnaşyk gullugynda geçirilen brifingde aýtdy.
“Umuman, ýurt boýunça ýanwar aýynda bolup geçen wakalar bilen baglanyşykly 5565 sany deslapky derňew işi hasaba alyndy. Güman edilýänleriň 514 sanysy, kazyýetiň karary esasynda, şindi hem tussaglykda saklanýar"diýip, Eldos Kilymžanow aýtdy. Onuň sözlerine görä, bu wakalar boýunça jemi 337 sany jenaýat işi kazyýete iberilipdir.
Kilymžanow 4-nji ýanwarda Almatyda bolan wakalar barada hem durup geçdi. Onuň sözlerine görä, sagat 6-dan 8-e çenli raýatlar şäheriň günbatar bölegindäki Almaty Arena sport toplumynyň golaýynda we gündogar bölegindäki “Halyk Arena” stadionynyň golaýynda ýygnandylar.
Kilymzanowyň maglumatyna görä, agşam sagat dokuzda iki sany "guramaçylykly köpçülik şol bir wagtyň özünde şäher häkimligine tarap hereket edip başlady".
Netijede, ýary gije töwereginde “şäheriň agzalan nokatlaryndan häkimligiň öňündäki merkezi meýdança on müňlerçe adam geldi”. Ol mähelläniň bu ýerdäki jaýlary, şol sanda emläkleri awtoulaglary otlap başlandyklaryny, polisiýa işgärlerine, harbylara hem hüjüm edilendigini, ýarag dükanlarynyň talanandygyny we wideo gözegçiligi kameralarynyň ýok edilendigini gürrüň berdi.