Moldowanyň öňki prezidenti Igor Dodon häkimiýetler tarapyndan korrupsiýa aýyplamasy bilen tussag edildi diýip, Baş prokuratura 24-nji maýda habar berdi.
Korrupsiýa garşy uly prokuror Ýelena Kazakow Dodonyň öýünde, ofisinde, awtoulaglarynda geçirilen barlaglardan soň tussag edilendigini aýtdy.
Barlag wagtynda gymmat bahaly harytlar, daşary ýurt walýutasy, kwitansiýalar we beýleki resminamalar tapyldy diýip, habarda bellenýär.
Kazakow brifingde çykyş edip, Dodonyň derňewiň esasy subýekti bolup durýandygyny aýtdy, ýöne bu iş bilen baglylykda başga-da derňelýän adamlar bar diýdi.
Sülçüleriň aýtmaklaryna görä, tapylyp alnan gymmat bahaly harytlar we ýüzlerçe müň amerikan dollary jenaýat etmek üçin ulanylypdyr.
Dodonyň öýünden tapylan resminamalar gozgalmaýan emläk amallarynyň 700 000 ýewrodan geçýändigini tassyklaýar diýip, Kazakow subutnamalary gizlemek synanyşygy sebäpli iki adamyň tussag edilendigini, olaryň biriniň subutnamalary ýuwutmak arkaly ýok etjek bolandygyny hem sözüne goşdy.
Dodon özüniň bigünädigini aýtdy we ‘syýasy sebäpli’ diýip häsiýetlendiren jenaýat derňewiniň açylmagynda Günbatary goldaýan prezident Maýa Sanduy günäkärledi.
Dodonyň pikiriçe, prezident adamlaryň ünsüni ýurduň ykdysady kynçylyklaryndan sowmak isleýär.