Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Magtymgulynyň 'ganatly setirleri' gaýalara ýazylar


Türkmen TW-sinden alnan surat.
Türkmen TW-sinden alnan surat.

Döwlet baştutanynyň tabşyrygyna laýyklykda, Magtymguly Pyragynyň täze gurulýan medeni-seýilgäh toplumynyň bezeg işleriniň çäginde şahyryň "ganatly setirlerini” baýyrlaryň ýüzünde ýagtylandyryp görkezmek hem nazarda tutulýar.

TDH-nyň maglumatyna görä, prezident bäşinji gün alnyp barylýan işler we ýurduň baş şäheriniň durmuş düzümini döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen taslamalar bilen tanşyp, dikuçarly täze gurulýan Magtymguly ýadygärliginiň hem üstünden öwrüm etdi.

Serdar Berdimuhamedow soň awtoulagly Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumyna geldi we "taryhda öçmejek yz goýan şahsyýetleri hatyralamak meselelerine örän jogapkärçilikli hem-de toplumlaýyn esasda çemeleşilmelidigini” aýtdy.

Bu ýadygärligiň düýbi öňki prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Aşgabadyň ortasyndaky meşhur Magtymguly ýadygärligini şäherden çykaryp, has görnükli ýerde gaýtadan gurmak barada beren tabşyrygy esasynda tutuldy.

Ýöne soň, türkmen ýazyjylarynyň käbiri şahyryň ilhalar heýkeliniň ýykylmagyna garşy çykyp, Azatlykda çykyş etdi we Magtymgulynyň paýtagtdaky meşhur ýadygärligi häzirlikçe saklanyp galýar.

Garaşsyzlyk ýyllarynda käbir goşgulary dilden berlen gadaganlyga düşen, käbir setirleri üýtgedilen, kitaplary kän çykarylmaýan şahyryň täze ýadygärliginiň döwlet gaznasyna näçe serişdä düşendigi aýdylmaýar.

Türkmenistanda onlarça ýyllap her ýylyň maýynda bellenen Magtymguly günleri 2017-nji ýyldan bäri iýun aýynyň aýagynda, G.Berdimuhamewdowyň doglan güni bilen utgaşýan medeniýet hepdeliginiň çäginde bellenýär.

XS
SM
MD
LG