Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystanyň demirgazygyndaky dini mekdepde, metjitde bolan partlama 33 adamy öldürdi


Bezeg suraty
Bezeg suraty

Owganystanyň demirgazygyndaky Gunduz sebitinde bir metjitde we dini mekdepde juma namazy wagtynda bolan partlamada azyndan 33 adam öldi diýip, "Talyban” resmisi 22-nji aprelde aýtdy.

Ölenleriň arasynda dini mekdebiň okuwçylary hem bar diýip, Zabihullah Mujahid twitterde aýtdy.

"Biz bu jenaýaty ýazgarýarys we ýogalanlara çuňňur gynanjymyzy bildirýäris" diýip, ol bu hüjümi amala aşyranlary "pitneçiler we zalym elementler" hökmünde häsiýetlendirdi.

Ol Gunduz sebitiniň Ymam Saheb şäherinde, adamlar metjide ybadat etmek üçin ýygnanan wagtynda bolan partlama 43 adamyň ýaralanandygyny, olaryň hem köpüsiniň okuwçy bolandygyny aýtdy. BMG 22-nji apreldäki hüjümi “aýylganç” diýip atlandyrdy.

Owganystandaky ýörite wekiliň orunbasary Ramiz Alakbarow Twitterde "adamlaryň öldürilmegi bes edilmeli we günäkärler jogapkärçilige çekilmeli" diýdi.

Partlamanyň jogapkärçiligini bada-bat öz üstüne alan bolmady, ýöne Owganystanyň "Yslam döwleti” toparçagy, Horasan sebitindäki "Yslam döwleti” 21-nji aprelde birnäçe partlamanyň jogapkärçiligini öz üstüne aldy.

Olaryň iň aýylganjy demirgazykdaky Mazari-Şerifde, şaýylara edilen metjit hüjümi bolup, azyndan 12 ybadatçynyň ölmegine we 58 adamyň ýaralanmagyna sebäp boldy

XS
SM
MD
LG