Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Britaniýa: Mariupol şäherine urulýan howa zarbalary dowam edýär


Mariupoldan adamlary ewakuasiýa etmek üçin ýola çykan ýedi awtobus rus gabawyndan geçip bilmedi.
Mariupoldan adamlary ewakuasiýa etmek üçin ýola çykan ýedi awtobus rus gabawyndan geçip bilmedi.

Britaniýanyň harby aňtaw gullugy 6-njy aprelde irden gabaw astyndaky Mariupol şäherine urulýan howa zarbalarynyň we agyr söweşleriň dowam etdirilýändigini aýtdy.

Ukrainanyň günorta-gündogaryndaky şäherden çykyp bilmän galan 160,000 ýaşaýjynyň köpüsiniň yşyk, aragatnaşyk, derman, ýylylyk ýa-da suw üpjünçiligi ýok, şäherdäki gumanitar ýagdaý barha we barha ýaramazlaşýar diýip, Goranmak ministrliginiň çap eden beýanatynda aýdylýar.

"Rus güýçleri, görnüşinden, şäheri goraýjylaryň ýesir düşmegini gazanmak üçin, ynsanperwerlik ýollarynyň açylmagynyň öňüni aldy” diýip, beýanatda bellenýär.

Bu habar garaşsyz ýagdaýda tassyklanyp bilinmedi.

Ukraina bir gün öň hem Mariupoldan we beýleki sebitlerden adamlary ewakuasiýa etmek tagallalaryny dowam etdirdi. Ukrainanyň premýer-ministriniň orunbasary Irina Wereşçuk 5-nji aprelde 3800-den gowrak adamyň ylalaşylan gumanitar koridorlar arkaly howpsuz ýerlere çykmak mümkinçiligini alandygyny aýtdy.

Emma Mariupoldan adamlary ewakuasiýa etmek üçin ýola çykan kerwen, ýedi awtobus rus gabawyndan geçip bilmedi diýip, Wereşçuk aýtdy.

XS
SM
MD
LG