Russiýanyň Goranmak ministrligi Azerbaýjanyň ýaragly güýçleriniň Daglyk-Garabagda rus parahatçylygy goraýjylarynyň gözegçilik edýän sebitlerine girendiklerini aýtdy. Ministrlik munuň 2020-nji ýylda alty günlük uruşdan soň, Moskwanyň araçylyk etmeginde gelnen, ok atyşyklary bes etmek ylalaşygyny bozýandygyny belledi.
Ministrlik Azerbaýjany Türkiýede öndürilen dronlar bilen Daglyk-Garabaga hüjüm etmekde aýyplady.
Russiýanyň Daşary işler ministrligi sebitde dartgynlylygyň artmagyna “ýokary alada” bildirdi.
Azerbaýjanyň Goranmak ministrligi Russiýanyň beýanatyny “bir taraply” atlandyrdy. Ol 26-njy martda “Ermeni bikanun ýaragly toparlarynyň Azerbaýjanyň harby bölümlerine garşy sabotaž gurnamaga synanyşandyklaryny” belledi.
“Dessine görlen çäreleriň netijesinde, ermeni bikanun ýaragly toparlarynyň agzalary yza çekilmäge mejbur edildi” diýip, beýanatda aýdylýar.
Mundan başga, Russiýa Azerbaýjany goşunlaryny yza çekmäge we çydamlylygy görkezmäge çagyrdy, şeýle-de konfliktiň ähli taraplaryny Ermenistanyň, Azerbaýjanyň we Russiýanyň gelen ylalaşygynyň şertleriniň berjaý edilmegini kepillendirmäge çagyrdy.
Azerbaýjanyň Goranmak ministrligi Russiýany “halkara jemgyýeti tarapyndan Azerbaýjanyň territoriýasy diýlip ykrar edilen sebitlerde galýan ermeni goşunlaryny we bikanun ýaragly toparlaryny çykarmaga” çagyrdy.