"Olary diri görkeziň!" kampaniýasy 21-nji martda Türkmenistanyň täze saýlanan prezidenti Serdar Berdimuhamedowa açyk hat çap edip, ony möhletini tamamlan ähli tussaglary derrew we şertsiz boşatmaga, şeýle-de tussaglaryň zorlukly ýitirim edilmeginiň ulanylmagyny bes etmäge çagyrdy.
Hukuk goraýjylar, Türkmenistanyň prezidenti hökmünde, S. Berdimuhamedowyň ykballary näbelli we türkmen türmelerinde diri ýiten hasaplanylýan onlarça adamyň ömri babatynda şahsy jogapkärçilik çekýändigini ýatlatdylar.
“Türkmenistanyň jeza beriş ulgamynda 2002-nji ýyldan bäri zor bilen ýitirim etmek çäresi ulanylýar. Ýüzlerçe adam mejbury ýitirim edilmegiň pidasy boldy. Daşarky dünýäden doly üzňelikde saklanmak Türkmenistanyň milli kanunçylygynyň we halkara borçnamalarynyň gödek bozulmagy, şeýle-de adam hukuklary babatynda jenaýat bolup durýar” diýip, açyk hatda bellenýär.
“Olary diri görkeziň” kampaniýasynyň maglumatlaryna görä, türkmen türmelerinde diri ýiten hasaplanylýan adamlaryň 162-siniň işi dokumentleşdirildi we ol adamlaryň azyndan 27 sanysynyň tussaglykda ýogalandygy öňe sürülýär.