Türkmenistanyň günbataryndaky nebit-gaz ýataklarynda işleýän nebit kompaniýalary işgärleriniň sanyny ýene-de azaldýarlar. Öň görlüp-eşidilmedik ykdysady krizisi başdan geçirýän ýurtda iş orunlarynyň kemeldilmegi, irki prezident saýlawlarynyň yzýanyna gabat geldi.
Azatlygyň habarçylarynyň we çeşmeleriniň aýtmagyna görä, işgärleriň sanyny azaltmak çäreleri nebit önümçiliginde işleýän daşary ýurt kompaniýalarynda zähmet çekýänlere-de täsir edipdir. Hususan-da, Balkan welaýatynyň ýataklarynda işleýän birnäçe kärhananyň işgärleriniň sany 30% azaldy.
Çeşmeler munuň esasanam “Petronas”, “Dragon Oil” we Azerbaýjanyň nebit kompaniýalaryna degişlidigini aýdýarlar. Azatlyk bu kompaniýalaryň wekillerinden resmi taýdan düşündiriş alyp bilmedi. Bu kompaniýalaryň web sahypalarynda hem işgärleriň sanynyň azaldylmagyna degişli maglumat ýok.
Çeşmeler, deňizde we gury ýerdäki nebit-gaz ýataklarda işleýän içerki we daşary ýurt nebit-gaz kärhanalarynyň häzirki wagtda kuwwatynyň ortaça 60% -inde işleýändigini aýdýarlar.
Bu aralykda, iş orunlarynyň azaldylmagy döwlet pudagynyň köp edarasyna täsir etdi.
Azatlygyň habarçylarynyň maglumatlaryna görä, Döwlet Migrasiýa Gullugynyň we gümrük edaralarynyň işgärleri girdejileriniň dörtden bir böleginiň, tölenmeginde ýagny iş stawkasynyň 0,25%-de işlemeli bolýarlar.
Şeýle-de, çeşmeleriň maglumatlaryna görä, Türkmenbaşynyň halkara howa menzili işgärleriniň 70% -ini tölegsiz rugsada iberipdir. Başky plana görä, aeroportyň işgärleri mart aýynyň başynda işe gaýdyp barmalydy, emma olara tölenmedik rugsadyň indi 15-nji aprele çenli uzaldylandygy habar berilipdir.
Bellemeli ýeri, iş orunlarynyň döredilmegi, prezident saýlawynda ýeňiji bolmagy ähtimal prezidentiň ogly Serdar Berdimuhamedowyň saýlaw programmasynda beren wadalarynyň bölegidir.
Dürli pudaklarda, şol sanda ýurduň energiýa pudagyndaky kärhanalarda iş orunlarynyň köpçülikleýin azaldylmagy birnäçe ýyl bäri yzygiderli amala aşyrylýar. Ýurduň býujetiniň esasy girdeji çeşmesi bolan energiýa pudagy bilen bir hatarda oba hojalygy, gurluşyk, bilim, saglygy saklaýyş ugurlarynda işleýänleriň ençemesi işini ýitirdi.
Koronawirus pandemiýasy ýagdaýy hasam agyrlaşdyrdy. Işgärleriň sanynyň azaldylmagyndan başga-da, döwlet sektoryndaky edara-kärhanalaryň hemmesi diýen ýaly işgärleriniň ep-esli bölegini tölegsiz rugsada iberdi. Şu güne çenli ýurtda koronawirusyň ýokdugyny resmi taýdan öňe sürýän Türkmenistan, berk koronawirus çäklendirmelerini girizdi we şeýlelik bilen hususy kärhanalary we mundan eklenýän ilaty girdejiden mahrum etdi.
Ýanwar aýynda yglan edilen koronawirus çäklendirmeleri henizem saklanýar. Bazarlar, söwda we hyzmat kärhanalary ýapyklygyna galýar, esasanam azyk kärhanalary işleýär.
Türkmenistanyň nebit-gaz toplumynda işgärleriň sanynyň azaldylmagy geçen ýylyň ýazynda hem bolupdy.
2021-nji ýylyň aprelinde Lebap welaýatyndaky Seýdi nebiti gaýtadan işleýän zawod iş ýerleriniň 30 göterimini azaltdy. Şonda Azatlygyň habarçylary we çeşmeleri ýurduň gündogarynda ýerleşýän nebiti gaýtadan işleýän bu zawodyň, işde galan işgärlere zähmet hakyny tölemegiň ýerine, olar bilen Türkmenistanda öndürilýän egin-eşik we nebit önümleri ýaly harytlar bilen hasaplaşmagy planlaşdyrýandygyny habar beripdi.
2021-nji ýylyň bahar aýlarynda sebitdäki beýleki döwlet guramalary hem işgärleriniň sanyny azaltdy. Lebap welaýatynyň Farap etrabynda jemagat hojalygy, elektrik we gaz üpjünçiligi kärhanalary iş ýerleriniň 30 göterim azalýandygyny habar berdiler.
2021-nji ýylyň mart aýynda Lebabyň Darganata etrabynda bilim we saglyk işgärleriniň aýlyklarynyň 50 göterimi azyk, dokma önümleri, gap-gaçlar we lampalar ýaly harytlar bilen berlip başlandy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.