Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Mary: býujet işgärleri ýene pul toplamaga mejbur edilýär


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Mary häkimiýetleri býujet işgärlerinden ýene pul ýygnaýar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 25-nji fewralda sebitden habar berdi.

Häkimiýetler işgärlerden ýygnaýan pullaryny “Gyzyl ýarym aý jemgyýeti üçin” hem-de “tebigaty goramak üçin” diýip düşündirýärler, ýöne toplanýan pullaryň nähili şertlerde, anyk haýsy ugurlara sarp ediljekdigi jikme-jik aýdylmaýar. Galyberse-de, häkimiýetler ilatdan pul ýygnamak işlerini köplenç dilden görkezme esasynda alyp barýarlar.

Habarçymyza görä, döwlet eýeçiligindäki edara-kärhanalaryň her bir işgäri 20 manat möçberinde pul bermeli.

"Şu wagta çenli zähmet hakymyzy ýekeje gezek hem doly elimize alyp görmedik. Hökmany suratda pul tutýarlar" diýip, maryly býujet işgärleri Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Işgärleriň sözlerine görä, häkimiýetler dürli 'bahanalara' salgylanyp, yzygiderli ýagdaýda býujetçilerden pul ýygnaýar.

Pagta ýygym möwsümi, ýüpek gurçugyna ideg etmek, gazet-žurnallara abuna ýazylmak, ýowarlar we şäheriň abatlaýyş işleri ýaly çäreler, býujet işgärlerine görä, häkimiýetler üçin dürli maksatlar bilen işgärlerden pul ýygnamaga esas bolup hyzmat edýär.

"Eger-de, bir ýylyň dowamynda tutulýan pullary hasaplasaň, ortaça 2 müň manat möçberindäki nagt puly tutumlara töleýändiris" diýip, bir býujet işgäri aýtdy.

"Hatda ondan hem köp töleýändiris" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Mundan ozal, habarçylarymyz Türkmenistandaky edara-kärhanalarda prezidentiň portretlerini hem-de ýylyň şygarlary ýazylan plakatlary satyn almak üçin we beýleki maksatlar bilen býujet işgärlerinden ýygnalýan pullar barada yzygiderli habar berip gelýärler.

Türkmenistan ýurt boýunça döwlet edaralarynda hem-de hususy kärhanalarda zähmet çekýän raýatlaryň sany boýunça takyk statistiki maglumatlary köpçülige mälim etmeýär. Ýöne dürli maglumatlara görä, býujet işgärleri ýurtda iş bilen üpjün edilen hasaplanýan ilatyň agramly bölegini emele getirýär. Býujetden aýlyk alýan raýatlar yzygiderli ýygnalýan pullaryň gapdalyndan köpçülik çärelerine gatnaşmak, pagta möwsüminde pagta ýygmak ýaly mejbury çärelere çekilýär.

Býujet işgärleriniň sözlerine görä, pul ýygymlaryna garşy çykmak jeza çärelerine çenli ýol açyp bilýär.

“Eger-de pul bermeseň, hiç zat ýok ýerden işiňden bahana tapyp, düşündiriş alýarlar” diýip, bir býujet işgäri habarçymyza gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, döwlet edara-kärhanalaryna barlagçy baran halatynda, dürli ‘bahanalar’ bilen býujet işgärlerinden ýygnalýan pullara goşmaça hökmünde, edara ýolbaşçylary işgärlerden ýene pul ýygnaýarlar.

“Gelýän barlagçylaryň şol gün iýjek naharlary üçin hem pul çöplenýär” diýip, býujet işgäri aýtdy.

Dilden görkezme esasynda berilýän goşmaça talaplara çykalga tapmakda kösenýän býujet işgärleri onsuz hem agyrlaşan durmuş şertlerini göz öňünde tutup çydamagy saýlap alýarlar.

“Köp adam işini taşlap, asuda ýaşasy gelýär. Ýygnalýan pullardan daşary çagalaryň gündelik iýjek çöregini gaýgy etmeli. Haýsy dükan karzyna haryt berer-kä diýen ünji bilen ýaşamaly. Ähli pudaklarda özüne ýeterlik problema bar” diýip, beýleki bir býujet işgäri Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.

Türkmenistanyň döwlet metbugatyna görä, ýurtda ‘bagtyýarlyk we berkararlyk zamanasy’ höküm sürýär, ýurt raýatlary ‘täze galkynyş eýýamyna’ gadam basmaga taýýarlyk görýär. Ýöne resmi habar serişdeleri ilatyň ýüzbe-ýüz bolýan durmuş kynçylyklary, býujet işgärlerinden mejbury ýygnalýan pullar barada habar bermeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG