Mary welaýatynda edara-kärhanalaryň işgärlerinden döwletiň ýeralma ekmek plan borçnamasy üçin ýüzlerçe manat möçberinde pul tabşyrmak talap edilýär. Şeýle-de, býujet işgärleri kartoşka ekmek işlerine hem mejbury çekilýär. Bu barada maryly býujet işgärleriniň ençemesi Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysyna gürrüň berdi.
"Häkimiýetler işgärlerden pul ýygnamak işlerini ýene güýçlendirdiler. Kartoşka ekişi üçin býujet işgärlerinden pul ýygnamalydygy barada edara-kärhanalara näresmi buýruk geldi. Her bir işgärden, edaradaky işgärleriň sanyna görä, 200-300 manat pul talap edilýär. Işgärler bu puly nagt görnüşinde 15-nji fewrala çenli edara ýolbaşçylaryna tabşyrmaly" diýip, efirde atlandyrylmasyzlygyny soran maryly býujet işgäri 4-nji fewralda habarçymyza gürrüň berdi.
Onuň sözlerine görä, edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary bu puluň ýeralmanyň tohumyny satyn almaga harçlanjakdygyny aýdýarlar.
Mundan başga-da, býujet işgärleri kartoşka ekmek işlerine hem mejbury çekilýär. Habarçymyzyň maglumatyna görä, häzir her bir edara-kärhana günde 20-30 işgäri ekişe ibermek barada dilden buýruk gelip gowuşdy.
"Býujet işgärleriniň köpüsi özleri ekişe gitse has köp çykdajy etmeli boljakdyklaryny aýdyp, özlerine derek hakyna adam tutup, ekişe iberýärler. Olar hakyna tutulan işçä her bir gün üçin 40 manat töleýärler. Muňa garamazdan, deregine adam ugradan býujet işgärleri iş ýerlerinde işlemeli bolýarlar" diýip, býujet işgäri belledi.
Býujet işgärleri özleriniň bu bolýan zatlardan örän nägilediklerini, ýöne işden çykarylmak howpy abanýandygy sebäpli dymmaga mejbur bolýandyklaryny aýdýarlar.
"Biz soňky gezek dekabr aýynda iki aýlygy yzly-yzyna aldyk. Täze ýyl baýramçylygynda edilen çykdajylar sebäpli köp adam pulsuz otyr. Heniz ýanwarň aýlygy bank kartlarymyza geçmedi. Ýöne häkimiýetler biziň entek berilmedik aýlygymyzy talap edip başlady" diýip, býujet işgäri aýtdy.
Azatlygyň bu aýdylanlar barada Mary welaýat häkimliginden goşmaça maglumat ýa kommentariýa almak synanyşyklary netije bermedi.
Soňky ýyllarda Türkmenistanda häkimiýetler kärendeçi daýhanlardan kartoşka ekmek talabyny güýçlendirdi. Döwlet plan borçnamasy esasynda kartoşka ekmek üçin kärendeçilere ýörite ýerler bölünip berilýär. Döwlet bilen daýhanyň arasyndaky şertnama laýyklykda, kärendeçi daýhanlar öz ýetişdiren hasylyny döwlete satmaga borçlanýar. Döwlet bolsa, öz gezeginde, daýhany dökün, suw, tehnika we tohum bilen üpjün etmek işlerini öz üstüne alýar.
Ýöne Azatlygyň habarçylary we türkmenistanlylaryň ençemesi, döwletiň öz üstüne düşýän borçlaryny köplenç býujet işgärleriniň, esgerleriň we okuwçylaryň hasabyna amal edýändigini aýdýarlar.
"Tehnika derek köplenç býujetçileriň, esgerleriň, okuwçylaryň el güýji ulanylýar. Bu tejribe gowaça çürtmek, pagta ýygmak we şugundyr ýygnamak işlerinde hem gaýtalanýar. Tohum satyn almak üçin-de býujetçilerden we okuwçylardan her ýyl pul ýygnalýar" diýip, býujet işgäri aýtdy.
Türkmenistanyň Zähmet kodeksi hakyndaky kanunynyň 8-nji maddasynda mejbury ýa-da hökmany zähmet gadagan edilýär. Şeýle-de, onda "haýsydyr bir adamdan haýsydyr bir jeza bilen gorkuzmak arkaly talap edilýän, muny ýerine ýetirmek üçin bolsa onuň öz hyzmatlaryny meýletin teklip etmedik islendik işiň mejbury ýa-da hökmany zähmet diýlip hasap edilýändigi" nygtalýar.
Muňa garamazdan, türkmen häkimiýetleri býujet işgärlerini gowaça çürtmek, pagta ýygmak we şugundyr ýygnamak işlerine gatnaşmaga, şeýle-de olary bu işler üçin pul goşandygyny goşmaga indi ýyllarboýy mejbur edip gelýär. Bu barada Azatlyga maglumat beren türkmenistanlylar bu talaplardan ýüz öwren raýatlara işden kowulmak howpunyň abanýandygyny aýdýarlar.
Halkara hukuk toparlary Türkmenistany özüniň oba hojalyk pudagynda mejbury zähmetden peýdalanmakda yzygiderli tankyt edýärler.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.