Türkmenistanda 12-nji marta yglan edilen irki prezidentlik saýlawlaryna dalaşgärleri hasaba almak işleri tamamlandy. Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky merkezi topar umumy hasapda dokuz, ýurduň her bir syýasy partiýasyndan üç kandidaty we teklipçi toparlarynyň hödürlän alty dalaşgärini hasaba aldy diýip, hökümetçi ýarym-resmi internet neşiri habar berdi.
Prezidentlige dalaş edýän prezidentiň ogly, wise-premýer Serdar Berdimuhamedowdan beýleki dalaşgärleriň atlary ýurduň syýasy durmuşynda häzire çenli kän eşidilmändi. Ýerli synçylar olaryň režime ygrarly adamlardygyny we hakyky bäsdeşligi döredip bilmejekdiklerini belelýärler.
12-nji fewralda köpler üçin garaşylmadyk ýagdaýda yglan edilen irki prezidentlik saýlawlarynda, soňky döwür syýasy basgançaklaryndan uly tizlik bilen ýokary çykarylan kiçi Berdimuhamedowyň aňsatlyk bilen ýeňiş gazanmagyna garaşylýar.
Şu wagta çenli dünýäniň iň bir ýapyk we repressiw ýurtlarynyň biri bolan Türkmenistanda geçirilen hiç bir saýlaw abraýly halkara synçylar tarapyndan “erkin we adalatly” hasaplanmady.
Şol bir wagtda, daşary ýurtlardaky türkmenler hem saýlawlara gatnaşmak islegini yglan edýärler.
Daşary ýurtlardan özlerini dalaşgär hökmünde hödürlänler Türkmenistanda prezidentlik wezipesiniň atadan ogla geçmegine gönüden-göni ýol açýan häzirki saýlaw kampaniýasyndan nägileligini bildirýärler we agyr syýasy-ykdysady krizisdäki ýurduň geljekki 7 ýyl üçin täze ýolbaşçysyny saýlamaga alternatiwa ýol berilmegini talap edýärler.