Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Maryda öýsüz-öwzarsyz we hojalyklardaky itler hem-de pişikler köpçülikleýin öldürilýär


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Mary welaýatynyň Mary etrabynyň Peşanaly geňeşliginde öýsüz-öwzarsyz itler we pişikler, şol sanda hojalyklardaky haýwanlar köpçülikleýin öldürilýär. Häkimiýetler itleriň we pişikleriň öldürilmegi bilen bagly nobatdaky çäräniň sebäplerini it ýaryp, keselhana düşýän çagalaryň we adamlaryň köpelendigi bilen düşündirýär. Bu maglumat Türkmenistan Halk Maslahatynyň mejlisine taýynlyk görýän mahaly, Aşgabatda öý haýwanlaryny ýok etmek bilen bagly nobatdaky tolkunyň güýçlendirilmeginiň yz ýanyna gabat gelýär.

Azatlyk Radiosynyň Marydaky habarçysy oba ýaşaýjylarynyň ençemesine salgylanyp, geňeşliklerdäki oba arçynlarynyň her birinden azyndan 10 sany it öldürip tabşyrmagyň talap edilýändigini aýtdy.

Onuň sözlerine görä, arçynlarda ýarag bolmansoň, olar bu işleri amal etmek üçin oba içinde özlerini "araga beren adamlary" çekýärler. Olar bu adamlara her bir itiň maslygy üçin bir çüýşe "Maýsa" atly winony we iki sany mahorka çilim bermegi teklip edýärler.

"Özlerini içgä beren adamlar bir döwüm çörek hödürläp, goňşusynyň itini çagyryp, kiçiräk iti pil, kätmen bilen urup, ulurak iti bolsa, agyr çekiç bilen urup öldürýärler. Olar öldüren itlerini halta salyp, hiç kim görmez ýaly, gün ýaşansoň, arçynlyga eltip berýärler" diýip, ýagdaýdan habarly arçynlyk işgäri anonim şertde 2-nji fewralda habarçymyza gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, itleriniň öldürilendigini anyklan adamlar arçynlyga ýüz tutýarlar. Arçynlygyň işgärleri olara "Biz biriniň hojalygyndaky iti öldüriň diýmedik. Biz ýabany gezip ýören itleri getiriň diýdik. Bizde günä ýok. Ony öldüren goňşyňdan talap et" diýip, jogap berýärler.

Habarçymyzyň maglumatyna görä, Marynyň häkimiýetleri it planyny dolmadyk käbir arçynlardan bolsa, 200 manat pul tabşyrmagy talap edýär. Şondan soň bu obalarda itleri we pişikleri awlamak işlerini harby geýimli üç sany adam amala aşyrýar. Olar yzy çelekli "Toyota" kysymly awtoulagda obalara aýlanýarlar. Olar ulagyň çelegine her gün 15-16 itiň maslygyny ýükleýärler.

Oba ýaşaýjylarynyň ençemesi bu adamlaryň hojalyklardaky ýa-da çopan itlerini tüpeň bilen atyp öldürmegi bilen bagly wakalaryň köp bolandygyny hem aýdýar.

Marynyň häkimiýetleri itleriň we pişikleriň öldürilmegi bilen bagly nobatdaky çäräniň sebäplerini guduzlama it ýaryp, etrap keselhanasyna düşýän çagalaryň we adamlaryň köpelendigi bilen düşündirýär. Ýöne ýerli ýaşaýjylar bu sebäp bilen pişikleriň nähili arabaglanyşygynyň bardygyna düşünmeýändiklerini aýdýarlar.

Azatlyga Mary etrap hassahanasy bilen habarlaşyp, häkimiýetleriň bu öňe sürmelerini tassyklatmak ýa inkär etdirmek başartmady. Bu aýdylanlar barada etrap häkimliginden hem goşmaça maglumat ýa kommentariýa alyp bolmady.

Bellesek, bu maglumat türkmen häkimiýetleri Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisine taýynlyk görýän mahaly, Aşgabatda öý haýwanlaryny ýok etmek bilen bagly nobatdaky tolkunyň güýçlendirilmeginiň yz ýanyna gabat geldi.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň (Mejlisiň) ýokarky öýi bolan Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisi 11-nji fewralda geçirilýär.

26-njy ýanwarda Azatlygyň Aşgabatdaky habarçylary we haýwanlary gorap çykyş edýän aktiwistler itleri we pişikleri tutmak işiniň 24-nji ýanwardan başlap güýçlenendigini habar berdiler.

Türkmen häkimiýetleri indi ençeme ýyl bäri döwlet baýramçylyklarynyň we möhüm syýasy wakalaryň öňüsyrasynda, türkmen paýtagtyny we ýurduň sebitlerini "itlerden we pişiklerden arassalamak" işlerine girişýärler. Mundan ozal, şuňa meňzeş çäreler Bitaraplyk we Garaşsyzlyk günleriniň öň ýanynda amal edilipdi.

Ýurt ýolbaşçylary öýsüz-öwzarsyz haýwanlary ýok etmek meselesi barada resmi düşündiriş bermeýär. Ýöne soňky ýyllarda häkimiýetler itiň, has takygy “Türkmen alabaýy” çopan tohumyna degişli itiň kultuny ösdürýär.

Berdimuhamedow alabaý bilen ylgawa çykdy
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:55 0:00

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG