Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Garaşsyzlygyň 30 ýyllygynyň öňýany Aşgabatda it-pişikler tutulýar, olary halas etmegiň tölegi gymmatlaýar


Çoganlyda zir-zibilleri ýakýan zawodyň çäginde ýerleşýän angar (arhiw suraty)
Çoganlyda zir-zibilleri ýakýan zawodyň çäginde ýerleşýän angar (arhiw suraty)

Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda Aşgabatda öý haýwanlaryny tutmak işi ýene-de güýçlendi. Haýwanlary goraýjylar öýde saklanýan itleriň we pişikleriň ýitirim bolmagy hem-de köçedäki haýwanlary köpçülik öňünde tutmak ýagdaýlarynyň köpelmegi barada, şäher häkimliginiň işgärleri bolsa, itleri we pişikleri tutup getirmek planynyň ýokarlanandygy barada habar berýärler.

Türkmenistanyň häkimiýetleri ýurduň garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna taýýarlyk görýän mahaly, paýtagtyň köçelerinde itleri we pişikleri tutýan ýörite ulaglar köpeldi.

Jemgyýetçilik işgärlerine Garaşsyzlyk gününden öň köçelerdäki ähli haýwanlary ýygnamak tabşyryldy. Pişikleri tutmak zenan işgärlere ynanyldy we erkek işgärler itleri ýygnamaly edildi.

"Biziň gözümiziň öňünde jemagat gullugynyň işgärleriniň geýimindäki iki aýal pişigi kolbasa bilen aldap tutdy, halta saldy we alyp gitdi" - diýip, Aşgabadyň ýaşaýjysy gürrüň berdi.

Aşgabadyň jemagat gulluklarynyň işgärleri bilen söhbetdeş bolan habarçylarymyzyň sözlerine görä, tutulan haýwanlar öý dolandyryş edaralaryna tabşyrylýar we soň sanjym edilip, öldürilýär.

"Duralganyň golaýyndaky ýolda bir pişigiň sesi eşidildi, awtobus duralgasynda duran adamlar pişigi nirä alyp barýaňyz diýip soradylar? Alyp barýanlar: 'Biz buýrugy ýerine ýetirýäris. Pişikleri tutup, Mäti Kösäýew we Ata Gowşudow köçelerindäki edara tabşyrýarys. Şol ýerde Köpetdag etrabynyň öý hojalyk edarasy ýerleşýär' diýdiler"- diýip, Azatlygyň ýene bir söhbetdeşi öz görenini gürrüň berdi.

Habarçylaryň sözlerine görä, şäheriň ýaşaýjylary, şol sanda çagalar hem haýwanlary tutmak işine goşulýar. Çagalar pişikleri tutýarlar, ýöne soňky döwürde olary öldürmeýärler-de pul üçin öý hojalyk edaralaryna diriligine tabşyrýarlar.

Bu aralykda, haýwanlary goraýan aktiwistler tutulan itleriň we pişikleriň arasynda öýde saklanýan, emma azaşan ýa-da ogurlanan haýwanlaryň köpdügini habar berdiler. Şol bir wagtyň özünde şeýle öý haýwanlaryny yzyna almak üçin soralýan tölegleriň bahasy ýokarlanýar.

"Itler we pişikler agyr azapda ölýärler. Diri galmak mümkinçiligi diňe ýiten ýa-da bilkastlaýyn ogurlanan öý itlerinde bar. Bu bir biznes" -diýip, aşgabatly aktiwist aýdýar.

Onuň sözlerine görä, itleri yzyna almak üçin ortaça nyrh soňky iki ýylda iki esse artyp, häzir 350 manada ýetipdir.

Tutulan haýwanlar häzirem köplenç Çoganlydaky zir-zibilleri gaýtadan işleýän desgadaky angara äkidilýär.

"Bu aýylganç konslager henizem bar, ýöne indi meýletinçilere ol ýere barmaga rugsat berilmeýär. Olar angaryň diwaryna azyk getirip goýýarlar. Bu azyklar köplenç haýwanlar üçin dowzah zolagynyň işgärleri tarapyndan talanýar" -diýip, haýwanlary goraýjy aktiwist 14-nji sentýabrda gürrüň berdi.

Aşgabatly aktiwistler we haýwanlary goraýjylar jemagat gulluklarynyň işgärleriniň arasynda has rehimsizleriň duş gelýändigini habar berdiler. Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylary zalymlyk bilen tapawutlanýan birnäçe jemagat işgäriniň atlaryny we wezipelerini Azatlyga habar berdi.

"Ol 15 ýyl bäri itleri öldürýär. Onuň "edermenligi" hakynda gürrüň edilende hatda haýwanlary tutýan beýleki işgärler-de seslerini peseldip gürleşýärler. Haýwanlary goraýjylar onuň Änewde şahsy wagonynyň bardygyny bilýärler. Ol şol ýere tutulan itleri getirdip, olary haýallyk bilen öldürýär, haýwanlaryň akyla sygmajak azabyny uzaldyp, olaryň çekýän ejirinden lezzet alýar"- diýip, Aşgabatly haýwan goraýjy aktiwist it-pişikleri tutmak işini ýerine ýetirýän işgärleriň biri hakynda gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosy şäheriň jemagat gulluklarynyň biriniň bu işgäriniň adyny agzamakdan saklanýar.

"17-nji awgustda ol öý iti Reks atly owçarkany gynap öldürdi, haýwanlary goraýjylar bu jenaýatyň ähli jikme-jikliklerini we yzygiderliligini anykladylar. Suratlar we subutnamalar sosial mediada ýaýrady. Biparh bolmadyk adamlar wagşynyň adyny, familiýasyny, ýaşyny, adresini, telefonyny bildiler. Ol öz şahsy telefon belgisini käbir öý hojalyk işgärlerine berip, käbir raýatlaryň öwzarsyz it barada öý hojalyk edarasyna jaň edenlerinde şony tutmak üçin hut öz awtoulagynda barypdyr" diýip, Azatlygyň söhbetdeşi gürrüň berýär.

Onuň sözlerine görä, adamlar bu işgäre jaň edip başladylar, onuň bilen duşuşdylar we bu waka köpçülige giňden mälim boldy. Adamlaryň ençemesi köpçülikden gol toplap, Baş prokuratura we beýleki edaralara aladaly hat ýazdy. Tizara raýat eşikli adamlar beýannama gol çeken käbir raýatlaryň ýanyna baryp başladylar we hat ibermezlige ündäp, munuň olara "gowulyk getirmejegini" duýdurypdyr.

Köp ýyl bäri paýtagtda haýwanlaryň tutulmagy baýramçylyk seneleriň we möhüm wakalaryň öňüsyrasynda, welaýatlarda bolsa prezidentiň saparlarynyň öňüsyrasynda hasam güýçlenýär.

Haýwanlary goraýjylaryň belleýşi ýaly, Türkmenistanda itleriň we pişikleriň köpçülikleýin ýok edilmegi ilkinji prezident Saparmyrat Nyýazowyň döwründe başlanypdyr. Ol ölenden soň haýwanlary ýok etmek prosesi başda birneme haýallap, tiz wagtdan ýene-de güýçlenipdir we beýleki şäherlere geçipdir.

Bu aralykda ýurtda it kulty ösdürilýär. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow özüni alabaý tohumy itleriň bilermeni hökmünde görkezýär. Prezident birnäçe gezek goşgulary we kitaplary itlere bagyşlady. 2021-nji ýylda ýurtda türkmen alabaýyň baýramçylygy döredildi, şeýle hem itleriň arasynda gözellik bäsdeşliginiň ýeňijilerini sylamak üçin medal, "Hormatly itşynasy" we "Halk itşynasy" diýen hormatly atlar döredildi.

Azyk krizisiniň we ilat üçin azyk ýetmezçiliginiň fonunda häkimiýetler alabaýlar üçin paýok bermegi karar etdi.

"Türkmen alabaýy": altyn heýkel we itleriň ýok edilmegi
please wait

No media source currently available

0:00 0:03:18 0:00

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG