BMG-niň Howpsuzlyk geňeşi 30-njy ýanwarda Ukraina krizisini ara alyp maslahatlaşmak üçin ýygnanyşýar we, Russiýanyň günbatar goňşusynyň üstüne çozmaga taýynlanýandygy baradaky gorky-howatyrlaryň arasynda, Waşington Moskwa serhetde goşun üýşürmegi meselesinde duýduryş berýär.
Moskwanyň konflikte başlamak niýetiniň ýokdugyny aýtmagyna garamazdan, soňky günlerde ýetip gelýän çozuş baradaky gorky-howatyr ýokarlandy we ABŞ hem-de Britaniýa, Waşingtonyň ýaranlarynyň Ukraina edilip biljek islendik hüjümiň öňüni almak ugrundaky tagallalaryny güýçlendirmegi bilen, 29-njy ýanwarda Russiýa garşy giriziljek “weýrançylykly” ykdysady sanksiýalar barada duýduryş berdi.
Moskwanyň Ukraina bilen serhediniň golaýynda 100 000-den gowrak esger toplamagy netijesinde ýokarlanan dartgynlyklaryň arasynda, Birleşen Ştatlar BMG-niň soňky ýyllarda iň ýakyndan synlanjak sessiýalarynyň biri boljak maslahatda Moskwanyň öňe süren islendik "dezinformasiýasyna" garşy berk gaýtawul bermäge taýýardygyny aýtdy.
ABŞ-nyň BMG-däki ilçisi Linda Tomas-Grinfild 29-njy ýanwarda ABC teleýaýlymyna ABŞ-nyň we beýlekileriň sesleriniň ruslary özlerini düşündirmäge çagyrmakda bir hörpden gopjakdygyny aýtdy.