Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Stambuldaky türkmen konsulhanasy raýatlaryň biometriki pasportlarynyň möhletini 2023-nji ýylyň iýunyna çenli "uzaldýar"


Türkmen pasporty
Türkmen pasporty

Türkmenistanyň Stambuldaky kosulhanasy türkmen raýatlarynyň biometriki pasportlarynyň hereket ediş möhletini 2023-nji ýylyň iýun aýyna çenli uzaldyp başlady. Bu barada "Turkmen.news" neşiri habar berýär. Bu aralykda, köne pasportly türkmenistanlylaryň ençemesi özlerine biometriki pasport berilmegini haýyş edip, Stambuldaky türkmen konsulhanasyna edýän ýüzlenmeleriniň netije bermeýändigini aýdýar.

Garaşsyz neşir özüniň Türkiýedäki çeşmelerine salgylanyp, 20-nji ýanwarda çap eden maglumatynda türkmen konsulhanasynyň ýanwaryň birinji hepdesinde pasportlaryň hereket ediş möhletini diňe 2022-nji ýylyň 31-nji dekabryna çenli uzaldandygyny aýdýar.

"Ýanwaryň ikinji hepdesinde bolsa, bu möhlet alty aý artdy" diýlip, "Turkmen.news" neşiriniň habarynda aýdylýar.

Azatlyk bu maglumaty Türkiýedäki çeşmelerine tassykladyp ýa inkär etdirip bilmedi. Bu habar barada Türkmenistanyň Stambuldaky konsulhanasynyň websaýtynda hem maglumat göze ilmeýär.

Ýatlatsak, Türkmenistanyň raýatynyň biometriki pasportynyň hereket ediş möhletini daşary ýurtlardaky türkmen wekilhanalarynda uzaltmagyň tertibi geçen ýylyň iýulynda tassyklanyldy. Bu barada hökümetçi “Turkmenportal.com” neşiri, Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň Hukuk maglumatlary merkezine salgylanyp ​habar berdi.

Şonda biometriki pasportynyň möhleti 2020-nji ýylyň 1-nji ýanwary – 2022-nji ýylyň 30-njy dekabry aralygynda tamamlanan ýa-da tamamlanýan raýatlar daşary ýurtlardaky türkmen wekilhanalarynyň üsti bilen öz pasportlarynyň möhletini 2022-nji ýylyň 31-nji dekabryna çenli uzaldyp bilýändigi aýdyldy.

Bu barada 15-nji iýulda Türkmenistanyň Migrasiýa gullugynyň Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen bilelikde kabul eden tertipnamasynda kesgitlenip, munuň daşary ýurtlarda hemişelik ýa-da wagtlaýyn esasda ýaşaýan raýatlary öz içine alýandygy aýdyldy.

Türkmen häkimiýetleri bu düzgüni global pandemiýanyň arasynda, halkara uçar we gury ýer gatnawlary ýiti çäklendirilen mahaly güýje girizdi. Gatnawlaryň ýatyrylmagy netijesinde köp türkmenistanly daşary ýurtlarda galmaga mejbur boldy we olaryň biometriki pasportlarynyň hereket ediş möhleti gutardy.

Mundan ozal, türkmen kanunçylygy daşary ýurtlarda diňe hemişelik ýaşaýan türkmenistanly raýatlaryň türkmen wekilhanalarynyň üsti bilen biometriki pasportlaryny çalyşmagyna rugsat berýärdi. Ýöne daşary ýurtlarda ýaşaýan türkmenistanlylaryň ençemesi iş ýüzünde bu kanunçylygyň netijesiz bolandygyny aýdýardylar.

Türkmenistan öz raýatlary üçin daşary ýurt wekilhanalarynyň üsti bilen pasportlaryň çalyşylmagyna mümkinçilik döretmeýär. Daşary ýurtlarda ýaşaýan türkmenistanly raýatlar hem, özleriniň biometriki pasportlarynyň hereket ediş möhletini öz ýaşaýan ýurtlaryndaky türkmen wekilhanalarynda uzaldyp bilmeýärdi.

Şuňa laýyklykda, çeşmelerimiziň we synçylaryň sözlerine görä, biometriki pasportynyň möhleti tamamlanan ýa-da köne pasportly müňlerçe türkmenistanly daşary ýurtlarda bikanun ýaşamaga mejbur bolýar.

Türkiýede ýaşaýan türkmenistanly aktiwist Merdan Joraýew geçen ýylyň ikinji ýarymyndan başlap Stambuldaky türkmen konsulhanasynyň biometriki pasportlarynyň möhleti tamamlanan türkmen raýatlarynyň köpüsiniň arzasyny kabul edip başlandygyny aýdýar.

Ýöne ol konsulhananyň bu babatda köne pasportly türkmenistanlylara hiç hili kömek bermeýändigini aýdyp, özüniň we özi ýaly başga-da ençeme türkmen raýatynyň ýüzlenmeleriniň we haýyşlarynyň netijesiz galýandygyny belleýär.

"Pandemiýa döwründe ýollar ýapylyp, biometriki pasportlaryň hereket ediş [möhleti] uzaldylyp başlandan soň, men ýene baryp, ilçihana ýüz tutdym. Men köne pasportyma derek biometriki pasport almak üçin... Maňa "Türkmenistana gidip, biometriki pasport almalydygymy aýtdylar" diýip, Merdan Joraýew belledi.

Ol türkmen häkimiýetleriniň 2012-nji ýyldan soň köne pasporty bilen Türkmenistana baryp, biometriki pasportyny almaga synanyşan ençeme türkmen raýatynyň ýurtdan çykmagyna bäş ýyl gadaganlyk girizendigini aýdyp, şol sebäpli köp adamyň ýurda dolanmakdan saklanýandygyny hem belledi.

"Bäş ýyl dolandan soň hem ýurduň daşyna çykmak gadagan" diýip, ol Türkmenistanyň köne pasporty bilen Türkiýede ýaşaýan türkmen migrantlarynyň dürli kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýandygyny hem aýtdy.

"Köne pasportyň möhleti ýokdugy sebäpli Türkiýede hiç hili güýji ýok. Ýaşaýyş rugsatnamasy, iş rugsatnamasy berilenok. Köne pasport bilen telefon üçin ýönekeýje SIM karta hem berilenok" diýip, ol sözüni jemledi.

Ilat arasynda biometriki pasport diýlip tanalýan Türkmenistanyň raýatynyň Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin pasporty 2013-nji ýyldan başlap ýurtdan çykmak üçin adaty raýatlara zerur bolan ýeke-täk resminama hökmünde kabul edildi. Şeýlelikde, ondan ozal ýurtda hereket edýän içerki pasportyň daşary ýurda çykmakda ulanylmagyna kanun esasynda gadagançylyk girizildi.

Türkmenistandaky ykdysady kynçylyklar ýüz müňlerçe türkmenistanlynyň iş gözläp, daşary ýurtlara, barmak üçin wiza talaby bolmansoň, Türkiýä çykmagyna sebäp boldy.

Türkmen häkimiýetleri daşary ýurtlarda kanuny ýa bikanun esasda ýaşaýan türkmenistanlylaryň sany baradaky statistiki maglumatlary köpçülige aç-açan mälim etmeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG