Garaşsyz neşir daşary ýurtlardaky türkmen wekilhanalarynda hereket ediş möhleti uzaldylan türkmen biometriki pasportlarynyň peýdasyzdygyny aýdyp, olara basylan möhüriň üçünji ýurt tarapyndan ykrar edilmeýändigini habar berýär. turkmen.news neşiriniň maglumatynda Türkmenistanyň raýatlarynyň bu pasportlar bilen özge ýurtlara wiza alyp hem-de syýahat edip bilmeýändigi hem aýdylýar.
23-nji sentýabrda çap edilen habara görä, ýakynda Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçihanalary we konsulhanalary türkmen raýatlarynyň hereket ediş möhleti tamamlanan biometriki pasportlaryna ýörite möhür ýerleşdirip başlady.
Bu möhürde biometriki pasportyň hereket ediş möhletiniň 2022-nji ýylyň 31-nji dekabryna çenli uzaldylandygy barada bellik edilýär. Ýöne neşiriň maglumatyna görä, Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlaryň ilçihanalary Türkmenistanyň daşary döwletlerdäki wekilhanalary tarapyndan basylýan bu möhürleri ykrar etmeýärler.
"ÝB ýurtlarynyň ilçihanalary Türkmenistanyň raýatlaryna wiza almak üçin pasportyň “ýaşynyň” resminamada görkezilen möhletden ýokary bolmaly däldigini aýdýarlar. Ýöne türkmen biometriki pasportlarynyň resmi möhleti diňe bäş ýyl" diýip, neşir belleýär.
Ýatlatsak, Türkmenistanyň raýatynyň biometriki pasportynyň hereket ediş möhletini daşary ýurtlardaky türkmen wekilhanalarynda uzaltmagyň tertibi şu ýylyň iýulynda tassyklanyldy. Bu barada hökümetçi “Turkmenportal.com” neşiri, Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň Hukuk maglumatlary merkezine salgylanyp habar berdi.
15-nji iýulda Türkmenistanyň Migrasiýa gullugynyň Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen bilelikde kabul eden tertipnamasyna laýyklykda, biometriki pasportynyň möhleti 2020-nji ýylyň 1-nji ýanwary – 2022-nji ýylyň 30-njy dekabry aralygynda tamamlanan ýa-da tamamlanýan raýatlar daşary ýurtlardaky türkmen wekilhanalarynyň üsti bilen öz pasportlarynyň möhletini 2022-nji ýylyň 31-nji dekabryna çenli uzaldyp bilýärler.
“Neşiriň çeşmeleri ÝB-na agza ýurtlarynyň birnäçesinden wiza alyp bilmedi" diýip, turkmen.news ýazýar.
Neşiriň baş redaktory Ruslan Mätiýew 24-nji sentýabrda Azatlyga telefon arkaly beren maglumatynda özüniň birnäçe çeşmesiniň Türkiýeden Russiýa we Ukraina sapar edip bilmändigini hem aýtdy.
"Çeşmelerimiz möhleti tamamlanan pasportlaryny Türkiýedäki türkmen wekilhanalarynda uzaldyp, olara ýörite möhür basdyrdylar. Şondan soňra olar pasportlaryndaky rus we ukrain wizalary bilen, Russiýa we Ukraina uçdylar. Olar Kiýewiň we Moskwanyň aeroportuna gonup, pasport barlagyndan geçjek bolanda, rus we ukrain resmileri olaryň biometriki pasportlarynyň möhletiniň tamamlanandygyny aýdyp, Türkiýä yzlaryna uçurdylar. Bu ýurtlaryň resmileri Türkmenistanyň wekilhanalary tarapyndan türkmen raýatlarynyň biometriki pasportlaryna basylan möhüri kabul etmediler" diýip, Mätiýew belledi.
Neşiriň maglumatyna görä, Türkmenistanyň wekilhanalary tarapyndan basylan möhrüň ýeke-täk peýdasy bar. Munuň esasynda türkmen raýatlary möhür basylan ýurtda kanuny esasda ýaşap bilýärler. Şeýle-de, olar kanuny esasda öýlerine dolanyp bilýärler.
Azatlyk bu aýdylanlary öz habarçylaryna we çeşmelerine häzirlikçe tassykladyp ýa-da inkär etdirip bilmedi.
Ýatlatsak, hökümetçi “Turkmenportal.com” neşiriniň iýulyň ahyrynda çep eden habarynda daşary ýurtlardaky türkmen wekilhanalarynyň raýatyň pasportynyň 46-njy we 47-nji sahypalaryna onuň möhletiniň 2022-nji ýylyň 31-nji dekabryna çenli uzaldylandygy barada bellik edýändigini hem-de QR kod ýerleşdirýändigini habar beripdi.
Ýöne şonda pasportlary uzaltmagyň täze tertibiniň daşary ýurtlarda hemişelik ýa-da wagtlaýyn esasda ýaşaýan raýatlary öz içine alýandygy aýdylsa-da, olara ýerleşdirilýän ýörite belligiň hem-de QR kodunyň özge ýurtlara wiza almak ýa-da syýahat etmek üçin ýeterlikdigi ýa-da däldigi mälim edilmändi.
Türkmenistan öz raýatlary üçin daşary ýurt wekilhanalarynyň üsti bilen pasportlaryň çalyşylmagyna mümkinçilik döretmeýän ýurtlaryň hataryndadyr.
Daşary ýurtlarda ýaşaýan türkmenistanly raýatlar ençeme ýyllardan bäri özleriniň biometriki pasportlarynyň hereket ediş möhletiniň uzaldylmagy bilen bagly kynçylyklary başdan geçirip gelýärdi. Bular barada Azatlyk yzygiderli habar berip gelýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.