Türkmen häkimiýetleriniň şu ýylyň başynda sebitlerde ýaşaýjylary gatnadýan hususy awtobus sürüjilerine Ulag we kommunikasiýalar agentligi tarapyndan degişli ygtyýarlygy almaly edeninden soň, şeýle-de munuň bilen baglylykda goşmaça salgyt töleglerini girizenden soň, ýurduň iri şäherleriniň ençemesinde jemgyýetçilik transport bökdençlikleri döredi.
“Şu günler [Lebabyň administratiw merkezi] Türkmenabadyň köçelerinden hususy awtobuslar tas ýitdi diýen ýaly. Döwletiň bar bolan transporty ilaty ozalky tertipde gatnadyp bilmeýär. Bu adamlaryň işine, okuwyna we barmaly ýene gaýry ýerlerine wagtynda aşyp bilmezligine sebäp bolýar” diýip, 21-nji ýanwarda şäheriň duralgasynda adatdakysyndan has köp garaşmaly bolandygyny aýdan ýaşaýjylaryň biri habarçymyza gürrüň berdi.
Habarçymyz şäheriň jemgyýetçilik gatnawynyň agramly bölegini öz üstüne alan hususy awobuslaryň köçelerden birden ýitmegini, türkmen häkimiýetleriniň girizen täze talaplary bilen baglydygyny anyklamagy başardy.
“[Hususy awtobus sürüjileri] ilki bilen 2 müň 500 manat möçberinde ýyllyk salgyt tölegini geçirmeli. Emma munuň bilen iş gutarmaýar. Ýene başga-da onlarça dokumenti toplap, degişli ygtyýarlygy almak üçin arza ýazmaly. Olar soňy bilen Aşgabada ugradylýar we ol ýerde tassyklanýar. Ýerli resmiler munuň 3 aý töweregi çekjekdigini duýdurýarlar. Diýmek, ygtyýarlyk berlen halatynda-da, ýylyň üç aýyna boş salgyt töledigimiz bolýar-da?!” diýip, efirde adynyň üýtgedilip Yhlas diýlip tutulmagyny soran 40 ýaşlaryndaky türkmenabatly hususy awtobus sürüjileriniň biri habarçymyza gürrüň berdi.
Yhlasyň gürrüňüni edýän ygtyýarlygy baradaky täze düzgün 11-nji ýanwarda Ministrler kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň websaýtynda çap boldy.
Bildirişde hususanda guramaçylyk-hukuk we eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ýuridiki şahslar hem-de bellenen tertipde hususy telekeçi hökmünde bellige alnan, ýuridiki şahsy döretmezden telekeçilik işini amala aşyrýan fiziki şahslar umumylykda peýdalanylýan awtobusda ýolagçylary gatnatmak üçin agentlikden ygtyýarnama almalydygy bellenilýär. Şol bir wagtda, bu täze talabyň haýsy maksat bilen girizilendigi aýdyňlaşdyrylmaýar.
10 ýyl töweregi bäri sürüjilik işi bilen meşgullanýan Yhlas kesgitlenen belli tertipde işlemek düzgünine garşy däldigini, munuň iki tarap hem üçin bähbitli bolup biljekdigini, emma hökümetiň ozalky we häzirki ‘yzy üzülmeýän’ çäklendirmeleri we talaplary zerarly peýdadan has köp zyýana galýandyklaryny nygtady.
“Hususy awtobusyňy ýylyň dowamynda azyndan bir gezek täzeden reňkletmek talap edilýär. Mundan başga-da, her alty aýdan guratlyk barlagyndan geçmeli. Ol ýerde-de her dürli bahana tapyp, para tamakin bolýarlar. Awtobuslarymyzyň ýangyjy, dowamly gymmatlaýan ätiýaçlyk şaýlary hem öz üstümizde. Döwlet tarapyndan hiç hili ýeňillik ýok, tersine, dowamly salgytlary bilen gazananjamyzy elimizden alýar. Häkimiýetleriň özler-ä jemgyýetçilik transport hereketini kadaly ýola goýup bilmeýärler, bu ugurda işlejekleriň hem öňüne böwet bolýarlar” diýip, Yhlas nägileligini bildirdi.
Azatlygyň 21-nji ýanwarda ýeri wagt bilen öýläne çenli Ulag we kommunikasiýalar agentligi bilen habarlaşyp, hususy awtobus sürüjilerinden soralýan täze talaplar, munuň sürüjilere döredýän goşmaça kynçylyklary barada hem maglumat almak synanyşyklary netije bermedi.
Türkmenistanyň iri şäherlerinde döwletiň eýeçiligindäki jemgyýetçilik transportynyň ýaşaýjylaryň talabyny kanagatlandyryp bilmeýändigi sebäpli, köçelerde hususy awtobus sürüjileri hem hereket edýärler. Azatlygyň Lebapdaky habarçysy, häkimiýetleriň soňky talabyndan ozal, Türkmenabadyň köçelerinde 200 töweregi hususy awtobusyň adamlary gatnadandygyny aýtdy. Döwletiň awtobuslarynyň gatnaw tölegi 50 teňňe bolsa, hususyýetçileriňki 1 manada deň.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.