Türkmenistanda döwlet gurluşlarynda işleýän müňlerçe sürüjä hünär derejesi boýunça aýlygyna ýyllar boýy goşmaça berlen tölegler ýatyryldy. Bu geçen sentýabrda prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň awtoulag serişdeleriniň sürüjilerini taýýarlamak we gaýtadan taýýarlamak hakyndaky tassyklan düzgünnamasy esasynda amal edildi. Täze düzgünler barada, adatça bolşy ýaly, döwlet mediasynda açyk habar berilmese-de, ýerli habarçymyz bu ýagdaýlary ençeme çeşmä tassyklatmagy başardy.
“Awtopark edaramyzyň hasapçysy şu ýyldan birinji we ikinji derejeli sürüjileriň aýlyklaryna, degişlilikde 25% we 10% goşmaça berlen tölegleriň ýatyrylandygyny mälim etdi. Ol 15-nji ýanwarda bu barada Aşgabatdan ýörite buýrugyň gelendigini aýtdy” diýip, atlandyrylmasyzlygyny soran Türkmenabadyň awtobus sürüjileriniň biri 19-njy ýanwarda ýerli habarçymyza gürrüň berdi.
Habarçymyz şeýle görkezmäniň döwlete degişli ähli edaralara, şol sanda häkimliklere, ýangyn söndüriji, jemagat hojalyk gulluklaryna, awtoparklara dagy hem gelendigini tassyklady.
“Men 30 ýyldan bäri sürüji bolup işleýärin. Şonuň 25 ýylynyň dowamynda birinji derejeli aýlyk aldym. Zähmet kitapçamda hem ‘birinji derejeli’ sürüji diýlip görkezilen. Meniň elime 2 müň töweregi manat berilýärdi. Hasapçymyz indi ozalky goşmaça 500-e golaý manadyň tölenmejekdigini aýtdy. Täze ýyla geçip entek aýlyk alyp görmedik, emma häzirden hojalygymyzyň ýene-de haýsy harajatlaryny kemeltmek barada alada galyp başladyk” diýip, şahsyýetini aýan edip biljek maglumatlary agzamazlygy soran 50 ýaşlaryndaky ýene bir sürüji aýtdy.
Ol bu mesele boýunça edarasynyň ýolbaşçysyna baryp nägileligini bildirendigini, emma hiç hili oňaýly netije alyp bilmändigini hem sözüne goşdy.
“Ýolbaşçy prezidentiň karary esasynda ähli sürüjileriň awtomekdeplerde täzeden hünär derejesini artdyrmalydygyny aýtdy. Men iki aýyň içinde okap, derejelik şahadatnamany getirsem, goşmaça tölegler gaýtadan tölenermi diýip soranymda, ol munuň diňe geljek 2023-nji ýyldan mümkin bolup biljekdigini aýtdy” diýip, sürüji habarçymyza gürrüň berdi.
Azatlyk Radiosynyň sürüjüleriň ýüzbe-ýüz bolan meseleleri barada 19-njy ýanwarda ýerli wagt bilen öýläne çenli döwlet edaralaryndan, şol sanda “Türkmenawtoulaglary” agentliginden, Ministrler kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginden hem kommentariýa almak synanyşyklary netije bermedi.
Gepiň gerdişine bellesek, sürüjileriň hünär derejesini ýatyrmak baradaky karar Berdimuhamedowyň geçen ýylyň 3-nji sentýabrynda tassyklan degişli düzgünnamasy esasynda amal edilýär.
Gol çekilen karardan çen tutulsa, bu düzgünnama ýurtda ulag serişdeleriniň sürüjilerini taýýarlamak we gaýtadan taýýarlamak işini halkara talaplaryna laýyk getirmegi nazarda tutýar we Türkmenistanyň “Awtomobil ulagy hakynda”, “Ýol hereketiniň howpsuzlygy hakynda” kabul eden kanunlarynyň üstüni ýetirýär.
Eýsem, öňki kanunlarda näme kemçilik bardy ýa-da olar näme üçin ýollardaky howpsuzlygy üpjün etmedi, bu ýerde halkara talaplaryna laýyk gelmeýän nähili bärden gaýtmalar bar? Türkmen häkimiýetleri we metbugaty bu soraglara düşündiriş bermeýärler, şeýle-de Azatlygyň bu baradaky ýüzlenmelerini jogapsyz goýýarlar.
Şol bir wagtda, Azatlygyň habarçylary bilen söhbetdeş bolan ýerli synçylar öňki ýyllarda aýallaryň awtoulag sürmegine, gara ýa goýy reňkli awtoulaglara garşy alyp baran erjel göreşi bilen tanalan häkimiýetleriň bu karar bilen köçelerdäki howpsuzlyk ýagdaýyny ýokarlandyryp biljekdigine biraz şübheli garaýarlar.
Olar munuň ýurtda barha ýitileşýän ykdysady çökgünligiň arasynda döwlet işgärleriniň hasabyna pul serişdelerini tygşytlamak maksat edinilýändigini belläp, geçen ýylyň başynda lukmanlara ‘agyr iş şerti’ üçin aýlyklaryna 20% goşmaça berlen tölegleriň ýatyrylmagyny hem mysal getirdiler.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.