Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Farapda käbir ýyladyşhanalaryň gaz üpjünçiligi kesildi


Illýustrasiýa suraty. Ýyladyşhana.
Illýustrasiýa suraty. Ýyladyşhana.

Azatlyk Radiosynyň Lebapdaky habarçysy 17-nji ýanwarda Farap etrabynyň “Asuda”, “Magtymguly” we “Farak” posýoloklarynda hususy melleklerde ýerleşýän käbir ýyladyşhanalaryň gaz üpjünçiliginiň bes edilendigini habar berýär. Onuň maglumatlaryna görä, gaz üpjünçiliginiň bes edilmegi 0,3 gektardan 1,5 gektara çenli meýdany tutýan hususy mellek ýerlerindäki ýyladyşhanalary öz içine alýar.

Habarçy ýyladyşhanalaryň gaz üpjünçiliginiň kesilmegini prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň gyş aýlarynda senagat we önümçilik desgalarynyň tebigy gaz bilen üpjün edilmegi bilen bagly bir karary bilen ilteşdirýär.

Türkmenistanyň hökümet mejlislerinde tebigy gazdan tygşytly peýdalanmak barada wagtal-wagtal umumy gürrüňler edilýär.

“Ilata gaz ýetmeýändigi aýdylýar” diýip, habarçy aýdýar.

Munuň bilen baglylykda, Azatlygyň habarçysyna görä, oktýabr aýynda sebitiň kerpiç öndürýän zawodlarynyň gaz üpjünçiligi hem kesilipdir.

“Ol düşnükli emma ýyladyşhanalardaky ýetişip oturan limondyr pomidorlaryň sowukda gurap zaýa bolmagyndan alada edýäris” diýip, bir kiçi ýyladyşhanasy bolan daýhan nägilelik bildirdi.

Habarçy ýerli daýhanlara salgylanyp, tebigy gaz üpjünçiligi bes ediljek bolsa, onda propan gaz balonlarynyň satylmagynyň ýa-da kömür söwdasynyň ýola goýulmagynyň soralýandygyny habar berýär.

Türkmenistan subut edilen tebigy gaz gorlary boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýär. Galyberse-de, ýurduň girdejileri esasan ýangyç eksportyna garaşly galýar.

“Eger-de elektrik energiýasy bilen işleýän gyzdyryjylar howany ýakyp, limondyr pomidorlary guratmaýan bolanda, tok peç ulanardyk” diýip, habarçy daýhanyň sözlerini sitirleýär.

Ýöne onuň sözlerine görä, elektrik energiýasy bilen işleýän ýyladyjy enjamlar gymmat bahadan satylýar. Galyberse-de, bu enjamlar ýangyn howply hasaplanýar.

“0,5 gektar meýdany tutýan ýyladyşhana üçin 10 sany radiator gerek bolýar. Bu ýangyn howply hasaplanýar” diýip, habarçy daýhanyň sözlerini getirýär.

Azatlygyň habarçysyna görä, tutuş Lebap sebiti boýunça döwlet eýeçiliginde iki sany ýyladyşhana bolup, bu ýyladyşhanalar hem doly kuwwatynda işlemeýär.

Bu aralykda, habarçy sebit bazarlarynda pomidor we hyýar ýaly gök-bakja önümleriniň bahalarynyň gitdigiçe ýokarlanýandygyny habar berýär.

Onuň sözlerine görä, öý şertlerinde kiçi ýyladyşhanalary bolan daýhanlar bazar bolçulygyny döretmek ugrunda zähmet çekýärler.

“Bazar bolçulygy ugrunda zähmet çekýän [daýhanlara], öý şertinde kiçi ýyladyşhanalar döredýän daýhanlara döwlet tarapyndan dürli päsgelçilikler döredilýär” diýip, habarçy aýdýar.

Türkmenistanyň resmi metbugaty ýanwaryň başlarynda şu günler ýurt boýunça 188 sany ýyladyşhana toplumynyň gurluşygynyň alnyp barylýandygyny habar berdi. Resmi habarda aýdylmagyna görä, gurulýan ýyladyşhanalaryň umumy meýdany 1 müň 792 gektara barabardyr.

Türkmenistanda indi ençeme ýyl bäri ilatyň azyk howpsuzlygynyň ýagdaýy ýabygorly bolmagynda galýar. Türkmenistanyň hökümet resmileri ýaramaz azyk üpjünçiligi bilen bagly ýagdaýlary aç-açan boýun almaýarlar.

Muňa derek, häkimiýetler döwlet dükanlarynyň öňünde emele gelýän alyjy nobatlaryny emeli usullar bilen aradan aýyrmak, ýa-da nobatlary ýaşyrmak, olaryň wideoýazgy edilmezligini gazanmak ýaly çärelerden çykalga gözleýärler.

Gaza baý Türkmenistanyň Lebap sebitinde ýerli häkimiýetler kiçi ýyladyşhanalaryň gaz üpjünçiliginiň bes edilmeginiň sebäpleri barada resmi beýanat bilen çykyş etmeýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG