Russiýanyň ýolbaşçylygyndaky Kollektiw howpsuzlyk şertnamasy guramasynyň (KHŞG) liderleri Gazagystandaky tolgunyşyklary maslahat etmek üçin 10-njy ýanwarda wideo konferensiýa geçirýär.
Döwlet eýeçiligindäki TASS habar agentligine görä, 9-njy ýanwarda Kremliň metbugat sekretary Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň maslahata gatnaşjakdygyny tassyklady.
Gazagystanda ýangyjyň bahasynyň ýokarlanmagyna garşy geçirilen demonstrasiýalar awtokratik ýurduň hökümetine garşy umumy protestler bilen utgaşandan soňra, ýurt birnäçe gün bäri tolgunyşykdan ejir çekýär.
Gazak hökümeti Russiýa, Belarus, Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan we Ermenistandan ybarat alty agzaly Kollektiw howpsuzlyk şertnamasy guramasyndan ýardam haýyş etdi.