Türkmenistan we Özbegistan, oba hojalygynda ulanylýan pestisidleriň we beýleki himiki serişdeleriň howply derejesine salgylanyp, Eýrandan gelen uly kartoşka ýüklerini ret etdi diýip, eýran mediasy habar berýär.
Horasan Razawi welaýatynyň Maşad şäheriniň Miwe we gök önümler birleşiginiň başlygy Heýdar Sakenborjiniň “Tejarat news” neşirine aýtmagyna görä, bu ýerde esasy sebäp ulanylýan pestisidleriň hiliniň pes bolmagy bilen bagly.
Onuň sözlerine görä, hasyl ýygnalyp alnandan soň, pestisidleriň zyýanlylyk derejesiniň tebigy ýagdaýda azalmagy üçin, oba hojalyk önümleriniň uly bölegi belli bir döwre çenli karantin astynda saklanmaly. Emma Eýranda ulanylýan pestisidler miwelerde we bakja önümlerinde uzak wagt saklanýar we olaryň adam üçin zäherli önüm bolmagyna sebäp bolýar.
Sakenborji, geçirilen barlaglaryň netijesine salgylanyp, Eýranyň öndürýän oba hojalyk önümlerinde ulanylýan pestisidleriň Hytaýdan getirilýändigini aýtdy.
Şeýle-de, ol Pakistanyň soňky on gün töwereginde Merkezi Aziýa bazarlaryny gök önümler bilen üpjün etmekde Eýrandan has öňe geçendigini, ýagny bazarlary eýeländigini öňe sürdi.
Özbek hökümeti, berilýän maglumata görä, Eýrandan gelen 3500 tonna kartoşkany yzyna gaýtardy, galan 775 tonna kartoşkany bolsa ýok etdi.
Tähranyň bir söwda wekili golaýda Hindistan, Russiýa, Özbegistan, Birleşen Arap Emirlikleri, Oman, Katar ýaly dürli ýurtlaryň heň ýa-da pestisid galyndylary sebäpli, Eýranda öndürilen miweleri we gök önümleri import etmegi gadagan edendigini aýtdy.
Eýran geçen ýyl 6,5 milliard dollarlyk oba hojalyk önümlerini eksport etdi diýip, habarda aýdylýar.
Türkmenistan ýurtda azyk howpsuzlygynyň döredilendigini aýdýar we daşary ýurtlardan import edilýän azyk önümleri, olaryň saglyga nädereje peýdaly ýa zyýanly bolup biljekdigi hakynda bar bolan maglumatlary hem çap etmeýär.