Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Gyzyň jesedi", "gara halta" we "gaplaň oturgyjy". Sinjiang lagerlerindäki bendileriň başdan geçirenleri


Sinjiang lageriniň şaýatlary Kelbinur Sydyk (çepde), Gülbahar Haitiuaži (ortada) we Ömirbek Bekaly (sagda) Bütindünýä uýgur kongresiniň Baş assambleýasynyň mejlisinde. Praga, 2021-nji ýylyň 12-nji noýabry.
Sinjiang lageriniň şaýatlary Kelbinur Sydyk (çepde), Gülbahar Haitiuaži (ortada) we Ömirbek Bekaly (sagda) Bütindünýä uýgur kongresiniň Baş assambleýasynyň mejlisinde. Praga, 2021-nji ýylyň 12-nji noýabry.

12-nji noýabrdan 14-nji noýabr aralygynda, Pragada Bütindünýä uýgur kongresiniň Baş assambleýasynyň mejlisi geçirildi. Mejlise gatnaşanlardan iki uýgur hem bir gazak wekili Sinjiang lagerlerinde bendilere nähili adamkärçiliksiz çemeleşilişi barada gürrüň berdiler.

"AÝALLARYŇ AÝYLGANÇ GYGYRMAGYNDAN, BINADAKYLARYŇ ÄHLISI TISGINÝÄRDI"

— Lagerde 18–20 ýaşly bir gyza göwreliligiň öňüni alyş sanjymy edildi, iki aýlap gan akdy, ahyrynda ol öldi. Onuň jesedini araba ýüklänlerini gördüm. Lagerde aýallara gaýdyp çagasy bolmazlygy üçin derman berýärler – diýip, uýgur zenany Kelbinur Sydyk aglaýar.

Ol aýal Sinjiang lagerinde gören çydap bolmajak wagşylyklarynyň henizem gözüniň alnyndadygyny, ýadyna düşende gözýaşyny saklap bilmeýändigini aýdýar.

Onuň sözüne görä, 2017-nji ýylyň martynda hytaý häkimiýetleri ony mejbury ýagdaýda, tussaglara hytaý dilini öwretmek üçin, lagere iberipdir.

— Kameranyň gök sementiniň üstünde 40-50 tussag ýatýardy. Hytaýly garawullar olara adamkärçiliksiz çemeleşýärdiler. Olary sapak okamaga-da elleri gandally getirýärdiler. Olara hajathana gitmek üçin, bir minut wagt berilýärdi. Garawullar olary islendik wagt, hatda sapak wagtynda-da sorag etmek üçin, alyp gidip bilýärdi – diýip, Pragadaky mejlisde Kelbinur gürrüň berdi.

Kelbinuryň sözüne görä, soňra 2017-nji ýylyň sentýabr-noýabr aýlary aralygynda ony aýallar lagerine geçirýärler, ol şol ýerde mugallymçylyk işini dowam etdirýär. "Ol ýerde, aýallaryň aýylganç gygyrmagyndan, binadakylaryň ählisi tisginýärdi" diýip, Kelbinur agyr dem alýar.

— Lagerimizde esasan 18 ýaşdan 40 ýaş aralygyndaky aýallar saklanýardy. 70 ýaşly tussaglar has azdy. Aýal-gyzlaryň ählisiniň saçlary kesilendi. Olar garawullar tarapyndan zorlanýardylar. Olary elektrik toguna tutýardylar, demir zatlar bilen gynaýardylar. Gynamalara sezewar bolan gyzlary biz ýöreýşinden kesgitleýärdik. Şular ýaly wagşyçylyklary bilsek-de, şu güne çenli dilsiz galýarys. Öz ýurdumyzda (Sinjiang – Red.) şeýle aç-açan zorluga garşy göreşmegi bes etmeli däldiris – diýip, Kelbinur aýdýar.

Kelbinur işden boşadylandan soň Gollandiýa gaçypdyr. Häzirki wagtda ol Bütindünýä uýgur kongresi bilen işleşip, Hytaý režiminiň Sinjiangda alyp barýan repressiýalarynyň dünýä tarapyndan genosid hökmünde ykrar edilmegi ugrunda göreşýär.

Garawullar Sinjiang lagerindäki uýgur-bendilerine gözegçilik edýärler. 2018-nji ýylyň dekabry.
Garawullar Sinjiang lagerindäki uýgur-bendilerine gözegçilik edýärler. 2018-nji ýylyň dekabry.

"KELLÄMIZE GARA HALTA GEÝDIRÝÄRDILER, AÝAGYMYZY ZYNJYRLAÝARDYLAR"

Gulbahar Haitiuaži Sinjiangdaky lageriň bendisi bolandygyny aýdýar. Tussaglykda wagtynda özüne “näbelli bir sanjymyň edilendigini”, şonda "30 dereje aýazda aýakýalaňaç gezendigini" gürrüň berýär.

— 2006-njy ýylda maşgalam bilen Fransiýa göçüp geldik. 2016-njy ýylyň noýabr aýynda Karamaýdan jaň etdiler we Sinjianga gelmegimi aýdyp, käbir dokumentlere gol çekmeli diýdiler. Şeýdip, meni tussag etdiler. Olar meni “jemgyýet üçin howp döretmekde” aýypladylar hem-de günämi boýun alýandygym barada, gol çekmäge mejbur etdiler. Men üç ýyllap wagtlaýyn tussaghanada we lagerde saklandym – diýip, Gulbahar gözýaşyny saklap bilmän gürrüň berýär.

Gülbaharyň sözüne görä, ony lagere getirenlerinde, aýagy gandally eken. Lagerde onuň barmak yzlaryny alýarlar, gözüniň görejini surata düşürýärler hem gan alýarlar.

— Bizi bar ýerde wideo kameralary arkaly yzarlaýardylar: nädip hereket edýändigimizi, hatda hajathana gidýänimizi-de görýärdiler. Lagerdäki aýallaryň köpüsi uýgurdy. Biziň ene dilimizde gepleşmeli däldigimiz üçin, berk gözegçilik edýärdiler. Bize diňe gök önüm çorbasy berildi. Sorag etmezden ozal elimize gandal urup, kellämize gara halta geýdirýärdiler. Demir oturgyçda oturdýarlar. Elimizi we aýagymyzy şol demir oturgyja zynjyrlaýardylar. Käte aýallary demir düşekçä zynjyrlarýardylar. Dümewiň bardygyny aýdyp, bize sanjym ediljegini duýdurýardylar, ýöne şondan soň aýallaryň köpüsi aýbaşydan çykýardy. Soňra bizi başga lagere geçirdiler, sebäbi ol lagerde ýer ýeterlik bolmady – diýip, Gülbahar gürrüň berýär.

Kelbinur Sydyk (çepde) hem-de Gülbahar Haitiuaž Pragada geçen mejlisde. Praga, 2021-nji ýylyň 12-nji noýabry.
Kelbinur Sydyk (çepde) hem-de Gülbahar Haitiuaž Pragada geçen mejlisde. Praga, 2021-nji ýylyň 12-nji noýabry.

Gülbahar 2019-njy ýylyň awgust aýynyň ahyrynda lagerden çykýar. Ol öz pasportyny alyp, Fransiýa gaýdyp gelýär.

— Lagerde meni sekiz aýal garawul we üç erkek garawul tussaglykda sakladylar. Olar fransuz hökümetiniň meniň ýagdaýymy bilmeginden gorkan bolsalar gerek. Maňa Fransiýada galan maşgalam bilen gürleşmäge gaty seýrek mümkinçilik berildi, maşgalam bilen gürleşmezden ozal meniň aýtjak sözlerimiň tekstini taýynlap berdiler. Lagerden boşadylmazymdan öň, lagerde gören zatlarymy hiç kime aýtmazlyk barada, maňa duýduryş berildi. Maňa: "Eger aýdaýsaň, seniň Sinjiangdaky garyndaşlaryňy tussag ederis" diýip gorkuzdylar.

"GYNAMALARA ÝARYM GÜN ÇYDASAŇ – SOŇ AGYRY DUÝMAGY BES EDÝÄRSIŇ"

Etnik gazak Ömirbek Bekaly hem Sinjiangdaky lagerde başdan geçiren gynamalary barada, mejlisde gürrüň berdi. "Olar meniň etmedik günämi boýun aldyrmak islediler" diýip, ol aýdýar. 2017-nji ýylda tussag edilende, ol eýýäm dokuz ýyl bäri Gazagystanyň raýaty eken, ýöne bu hakykat Hytaý häkimiýetleriniň ony lagere atmagyna päsgel bermändir.

— Bu işler 2017-nji ýylyň 26-njy martynda başlandy. Gazagystan bilen Hytaýyň arasynda syýahatçylygy ösdürmek üçin, syýahatçylyk kompaniýasyny açdym. Olar meni terrorçylykda we döwletlilige zyýan bermekde aýyplamak islediler. Muny boýun almagym üçin, meni gynadylar. Meniň boýun alýandygyma gol çekdirmek islediler. Bizi kellämize halta geýdirip, lagere getirdiler. Soň demir oturgyçda – “gaplaň oturgyjy" diýilýäninde oturdyp, elektrik toguna urdurdylar, ýöne men gol çekmedim. Gynamalara ýarym gün çydasaň – soň agyry duýmagy bes edýärsiň. Men häzir siziň öňüňizde durýaryn, sebäbi gynamalara çydadym hem boýun almadym – diýip, ol agyr dem alýar.

Ömirbek Bekaly lagerde adamyň fiziki hem ruhy taýdan döwülýändigini ýatlaýar. Ol lagerdäki birnäçe adamyň gynamalar sebäpli ölendigini tassyklaýar.

2017-nji ýylyň noýabr aýynda lagerden boşadylandan soň, Ömirbek Gazagystana gaýdyp geldi. Daşary ýurt metbugatyna beren interwýusynda, Hytaýdaky lagerleriň içerki ýagdaýy barada, ençeme gezek aç-açan gürrüň etdi. 2018-nji ýylyň maý aýynda "özüni howpsuz duýmaýandygy" sebäpli Türkiýä gidipdi. Häzir Gollandiýanyň Rotterdam şäherinde ýaşaýar. Azatlyk ozal Ömirbek Bekalynyň Sinjiangda başdan geçirenleri hem-de Gollandiýa barmagynyň sebäpleri barada makala beripdi. DEGIŞLI MAGLUMAT

Pragadaky mejlisde çykyş eden bu üç ynsanyň aýdanlaryny garaşsyz çeşmeleriň üsti bilen tassyklamaga mümkinçilik ýok. Ýöne mundan başga-da, lagerlerde bolan beýleki öňki tussaglar hem şaýatlar gynamalar we zorlamak ýaly şoňa meňzeş jezalar barada, halkara metbugatyna gürrüň berdiler.

"GAZAGYSTANDA LAGERLERDEN GEÇEN ÝÜZLERÇE ADAM ÝAŞAÝAR"

Pragada geçen Bütindünýä uýgur kongresiniň ýedinji Baş Assambleýasyna dünýäniň dürli künjeklerinden uýgurlar gatnaşdy. Mejlisde Çehiýanyň, Germaniýanyň, Kanadanyň, Ýewropa Parlamentiniň, Fransiýanyň wekilleri, Sinjiangdaky ýagdaýy öwrenýänler hem-de ynsan hukuklaryny goraýjylar boldular.

Assambleýada: "Hytaý häkimiýetleri Sinjiangda genosid we adamzada garşy jenaýatlar edýär" diýen beýanat mälim edildi. Gatnaşanlar halkara jemgyýetçiligini 2022-nji ýylyň fewral aýynda Pekinde geçiriljek gyşky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmazlyga we Sinjiangdaky repressiýalary genosid diýip ykrar etmäge çagyrdylar.

Gündogar Türküstan Halkara bileleşiginiň prezidenti Hidaýat Ogužan hytaý häkimiýetleri Sinjiangdaky uýgurlary we beýleki musulmanlary "tussag edýärler, gynaýarlar, kemsidýärler, maşgalalary bölýärler, gul edýärler we biomedikal synaglary geçirýärler" diýdi. Şeýle hem ol Pekiniň Sinjiangy "açyk asmanyň aşagynda, taryhdaky iň uly türmä" öwrendigini aýtdy.

Gündogar Türküstanyň Halkara bileleşiginiň prezidenti Hidaýat Ogužan.
Gündogar Türküstanyň Halkara bileleşiginiň prezidenti Hidaýat Ogužan.

“Sinjiangdaky repressiýalar BMG tarapyndan “genosid” kesgitlemesine laýyk gelýär. Bu kesgitleme hatda hytaý režiminiň Sinjiangda uýgurlara garşy geçiren çärelerini suratlandyrmak üçin ýeterlik däl. Hytaý adamzada garşy eden jenaýatlaryny indi ýaşyryp bilmeýär, sebäbi halkara jemgyýetçiligi, halkara habar serişdeleri we synçylar muny bilýärler. Hytaýdaky barýan ýagdaý – ýurduň içerki işi däl, ol jenaýat" diýip, Hidaýat Ogužan aýdýar.

Gazagystandan wideo aragatnaşygy arkaly mejlisiň işine gatnaşan «Атажұрт еріктілері» adam hukuklary guramasynyň başlygy Erbol Dauletbek Gazagystanda Hytaýyň Sinjiang syýasatynyň pidalaryň köpdügini aýtdy.

“Häzir Gazagystanda lagerlerden geçen ýüzlerçe adam ýaşaýar. Olar saglygyny ýitirdiler. Olar ruhdan düşdüler. 2017-nji ýylda, gurama döredilen pursadyndan başlap, lagerlere baryp gören we lagerlerde garyndaşlary oturan adamlaryň görkezmelerini surata düşürip, ýazga geçirip başladyk. Biz bäş müňden gowrak wideo rolik taýýarladyk hem iki müňden gowrak arzany kabul etdik. Biz Hytaýda günäsiz iş kesilen adamlaryň garyndaşlaryndan, üç ýüzden gowrak şikaýat arzasyny we şaýatlyk delilnamalary aldyk" diýip, ol aýdýar.

Günbatarly kanun çykaryjylar mejlisde çykyş edip, halkara jemgyýetçiligini Hytaýa edilýän basyşy ýokarlandyrmaga çagyrdylar.

Birleşen Milletler Guramasynyň adam hukuklary gurluşy 2018-nji ýylda, Sinjiang lagerlerinde takmynan bir million adamyň saklanýandygyny habar berdi. Ilki Sinjiangdaky lagerler baradaky aýyplamalary ret eden Pekin soňra muny "ekstremizme garşy göreş" diýip häsiýetlendirdi we lagerleri "dil öwreniş we hünär okuw merkezleri" diýip atlandyrdy.

ABŞ Kongresi we Beýik Britaniýanyň, Kanadanyň hem Çehiýanyň parlamentleri Hytaýyň Sinjiangda alyp barýan syýasatyny genosid diýip hasaplaýarlar. Pekin Sinjiangdaky ýagdaýy birnäçe gezek "Hytaýyň içerki syýasaty" diýip atlandyrdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG