Türkmenistanda agzalary daşary ýurtlarda işleýän maşgalalar subsidirlenen bahadan azyk önümlerini satyn almak mümkinçiligini ýitirip bilerler. Azyk paýlary mundan beýläk raýatlaryň ençemesine elýeterli bolmaz. Ýurtdaky ykdysady ýagdaýyň ýaramazlaşmagy, işsizlik we ilatyň ýaşaýyş derejesiniň peselmegi ilatyň uly bölegini azyk önümlerini döwlet tarapyndan kesgitlenen bahadan satyn almaga mejbur edýär we bu köpçülik üçin iýmitlenmegiň ýeke-täk çeşmesi bolýar. Azatlyk Radiosynyň habarçylary Lebap welaýatyndaky soňky ýagdaýlar barada habar berdiler.
Geljek ýyldan başlap, daşary ýurtlarda işleýän migrantlaryň maşgalalary subsidirlenen bahadan azyk satyn alyp bilmezler. Bu habary Farap etrabyndaky söwda edarasynda dükanlaryň işgärlerine yglan etdiler. Azatlygyň habarçylaryna we çeşmelerine bu 19-njy noýabrda mälim boldy.
Olaryň habaryna görä, türmede oturan raýatlaryň maşgalalary hem subsidirlenen azyk önümlerinden mahrum edilip bilner. Mundan başga-da, ýurtda ýaşaýan, emma raýatlygy bolmadyk adamlar hem subsidirlenen önümleri satyn almak hukugyndan mahrum edilip bilner.
Buýruk 18-nji noýabrda ýerli söwda administrasiýasynyň mejlisinde yglan edilipdir.
Azatlyk Radiosy Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady gatnaşyklar ministrliginiň wekillerinden, şeýle hem Lebap welaýatynyň we Farap etrabynyň administrasiýalaryndan resmi görnüşde düşündiriş alyp bilmedi.
Farapda geçirilen ýygnakda çykyş eden söwda işgärleriniň aýtmagyna görä, geljekde azyk önümleri diňe raýatlaryň käbir kategoriýalaryna, şol sanda goşunda gulluk edýänleriň maşgalalaryna, şeýle hem uruş weterany ýa-da tyl zähmetkeşi bar maşgalalara satylmaly ediler. Subsidirlenen önümleri satyn almak üçin ähli öý hojalyk bergileri tölenmeli bolar.
Mundan başga-da, iýmit paýyny almak üçin zerur resminamalaryň tertibine we sanawyna üýtgeşiklik giriziler. Talap edilýän kagyzlaryň sanawyna üç arka sprawkasynyň girizilmegi ähtimal. Çeşmeler bu meseläniň entek ara alnyp maslahatlaşylýandygyny aýdýarlar.
Bu täzelikler, häkimiýetlere kesgitli nyrhdan iýmit almaga hukugy bolan raýatlaryň sanynyň düýpgöter azalmaga, munuň bilen birlikde subsidirlenen azyk sistemasyny saklamaga mümkinçilik berer.
Ýurtdaky ykdysady ýagdaýyň ýaramazlaşmagy, işsizlik we ilatyň ýaşaýyş derejesiniň peselmegi bilen baglylykda azyk önümlerini döwlet tarapyndan kesgitlenen bahadan satyn almak ilat köpçüligi üçin gün görmegiň ýeke-täk çeşmesine öwrüldi.
Mundan ozal çeşmeler hökümetiň ýurtdaky agyr azyk ýetmezçiliginiň fonunda subsidirlenen bahasyndan azyk satmagy doly ýatyrmagy planlaşdyrýandygy birnäçe gezek habar beripdi.
Birnäçe ýyl bäri ýurduň hökümeti ilatyň azyk önümlerine bolan zerurlygyny kanagatlandyryp bilmedi, şeýle hem birnäçe kilogram undan we bir litr ösümlik ýagyndan ybarat azyk paýyny wagtynda we düzgüne görä üpjün etmäge ukypsyzlyk görkezi.
Paýtagtda subsidirlenen önümleriň sanawyna adatça un, ösümlik ýagy, towuk aýaklary we şeker, käwagt ýumurtga girýär. Welaýatlarda adatça azyk paýlary undan we ösümlik ýagyndan ybarat. Käbir regionlarda ýerli ilat birnäçe aýlap wada berlen azyk paýlaryna garaşýar. Hususy dükanlarda bahalaryň yzygiderli ýokarlanmagy sebäpli, köp sanly türkmen raýaty subsidirlenen bahalardan azyk önümlerine garaşly bolýar.
Azyk krizisi we çörek ýetmezçiligi 2018-nji ýylyň ahyryndan bäri dowam edýär. Şondan bäri häkimiýetler adam başyna subsidirlenen önümleriň satylmagyna birnäçe gezek çäklendirme girizdi. Şu ýylyň fewral aýynda döwlet subsidirlenen önümleriň bahasyny ýokarlandyrdy. Soňky aýlarda ýagdaý ep-esli ýaramazlaşdy. Aýlyk iýmit paýynyň berilmegi kesildi.
Hökümet krizisiň sebäbini ilata düşündirmeýär, azyk syýasatyna degişli planlaryny yglan etmeýär. Şol bir wagtyň özünde, häkimiýetler nobatlaryň öňüni almak we jemgyýetiň nägileligini basyp ýatyrmak üçin agressiw çäreleri görýärler.
19-njy noýabrda, Lebapdaky habarçylarymyz häkimiýetleriň azyk ýetmezçiliginden nägile adamlary, şeýle hem nobatlarda jübi telefonlaryndan peýdalanmaga synanyşýanlary ýüze çykarmak maksady bilen nobatdaky gözegçilik çäresine baş goşandygyny habar berdiler.
Hususan-da, dükan satyjylaryna subsidirlenen önümleriň satylýan wagtynda alyjylara gözegçilik etmek we surata ýa-da wideo düşürmekde şübhelenýän adamlar barada golaýdaky polisiýa we howpsuzlyk işgärlerine habar bermek tabşyrylypdyr.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.