Türkmen häkimiýetleriniň bu ýylky pagta planynyň dolandygyny yglan etmegi bilen, Lebabyň ýaşaýjylarynyň gyt haryda öwrülen pagta ýagynyň geçen ýyllarda hem bolşy ýaly, az wagtlyk hem bolsa dükan tekjelerinde peýda boljakdygy baradaky umytlary puja çykdy. Şol bir wagtda, ýerli ýag zawodunyň hünärmenleri ýagyň ýeterlik mukdarda öndürilýändigini, emma onuň soňy bilen ýerli bazarlara ugradylman, wagonlap başga bir sebitlere ýollanýandygyny belleýärler.
“Pagta ýagynyň satuwdan doly ýitenine bir ýyl çemesi wagt bolandyr. Öňler Türkmenabadyň ‘Gök bazarynyň’ girelgesinde ýag aç-açan satylan bolsa, ol häzir düýbünden tapdyrmaýar. Geçen ýyllarda pagta ýygnalyp gutarylandan soň, sebitiň dükanlarynda gyşa çenli ýagy arkaýyn tapsa bolýardy. Adamlar öňünden onlarça litr ýagy satyn alyp goýýardy. Emma bu ýyl beýle bolmady. Ähli umydymyz puja çykdy. Häzir hususy dükanlarda hem pagta ýagy ýok” diýip, efirde adynyň üýtgedilip Tylla diýlip tutulmagyny soran 50 ýaşlaryndaky türkmenabatly gürrüň berdi.
Azatlygyň ýerli habarçysy bilen 18-nji noýabrda söhbetdeş bolan Tylla beýleki azyk harytlary ýaly ýagyň hem ýiti gytçylygynyň arasynda emel edip gün görmeli bolýandyklaryny aýtdy.
“Paýok bilen her aýda berilýän 1,5 litr pagta ýagy we 1 litr günebakar ýagy bäş adamlyk maşgalanyň mätäçligine ýetmejekdigi aýdyň. Biz we beýleki hojalyklar gassaplardan etiň adatça geçmeýän ýag böleklerini satyn alyp, otda köýdürip, ony nahar taýýarlamak üçin ulanýarys” diýip, Tylla sözüne goşdy.
Türkmenistandaky dowam edýän ýiti ykdysady krizisi, azyk gytçylygyny we gymmatçylygyny boýun almaýan türkmen häkimiýetleri we media serişdeleri, Lebapda ýerli pagta ýagynyň eýýäm bir ýyl töweregi wagt bäri tapdyrmaýandygyna, şeýle-de pagta hasyly ýygnalsa-da, onuň çigidinden öndürilýän ýagyň sebitiň dükanlarynda satuwa çykarylmaýandygyna hem düşündiriş bermeýärler.
Emma Azatlygyň habarçysy bilen anonimlik şertinde söhbetdeş bolan “Türkmenabatýag” zawodunyň hünärmeni, muny zawodda öndürilen ýagyň ýerli bazara ugradylmaýandygy bilen düşündirýär.
“Biziň kärhanamyz ýurtdaky iň iri ýag zawodlarynyň biri hasaplanýar. Onuň 24 sagadyň içinde 250 tonna çigidi işlemäge mümkinçiligi bar. Häzir önümçilik degişlilikde oňat, gündelik 150 tonna çenli çigit işlenýär. Emma ýag soňy bilen ýerli bazarlara ugradylman, wagonlar bilen başga bir ýerlere äkidilýär. Bu ýagdaý geçen ýyl zawoduň ýolbaşçy düzüminiň doly täzelenmeginden soň döredi” diýip, atlandyrylmasyzlygyny soran “Türkmenabatýag” zawodunyň hünärmeni belledi.
Ýatlatsak, Azatlyk soňky ýyllarda Lebapda Baş prokuraturanyň hem-de Ýokary gözegçilik edarasynyň derňewçileriniň gatnaşmagynda dürli senagat kärhanalarynda, şol sanda ýag zawodlarynda hem giň gerimli derňew işleriniň geçirilendigini, munuň netijesinde ençeme resminiň hem tussag edilendigini habar beripdi.
Ýokarda beýan edilen ýagdaýlar, şeýle-de ýerli zawodda öndürilen ýagyň bu ýyl näme sebäpden başga sebitlere we anyk nirä ugradylýandygy boýunça Lebap welaýat häkimliginden we “Türkmenabatýag” zawodundan resmi ýagdaýda maglumat almak başartmady.
Galyberse-de, mundan owal Azatlygyň habarçylary bilen anonimlik şertinde söhbetdeş bolan lebaply hünärmenler bu ýyl Lebapda ýygnalan pagtanyň çigidiniň ýag bermek derejesiniň 80% töweregi pese gaçandygyny hem gürrüň beripdiler.
Türkmen häkimiýetleri geçen hepde ýurt boýunça pagta planynyň borçnamasynyň doly berjaý edilendigini habar berip, döwlet harmanyna 1 million 250 müň tonnadan gowrak pagta tabşyrylandygyny mälim etdiler. Şu ýyl Türkmenistanda pagta ýygym möwsümine resmi derejede 8-nji sentýabrda girişildi we ýurt boýunça 620 müň gektar meýdana gowaça ekildi.
Şol bir wagtda, ýerli habarçylarymyz gowaça ekilen meýdanlaryň köpüsinde pagtanyň doly gögermändigini aýdyp, döwlet plan borçnamasyny dolup bilmedik kärendeçileriň köpdügini belleýärler.
Bu aralykda, pagta ýagynyň ýetmezçiligi barada gürrüň beren türkmenabatly Tylla ýurtdaky dowam edýän ýiti ykdysady krizisiň arasynda, maşgalasynyň gün-güzeranyny aýlamak üçin, çäkli derejede paýok hökmünde berilýän ýagy hem öz hajatlary üçin ulanman, ony gaýtadan satuwa çykarmaga mejbur galandygyny aýdýar.
“Ýarym-aç ýaşamaga öwrenişipdirisem. Soňky alan pagta ýag paýogymy goňşyma 50 manada satdym. Onsuzam gyssanan ýagdaýymyzda ençeme gezek öý goşlarymyzy hem satmaga mejbur galypdyk. Durmuşymyz günsaýyn ýaramazlaşmasa, gowulanmaýar” diýip, Tylla sözüne goşdy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.