Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabadyň etegindäki ilat transport kösençligine duçar bolýar


Awtobus duralgasy, Aşgabat, 2021.
Awtobus duralgasy, Aşgabat, 2021.

Aşgabadyň we onuň töwereginiň ýaşaýjylary gündelik ulag problemalaryna duçar bolýarlar. Çäklendirmeleriň dowam edýän şertlerinde awtobus gatnawynyň durnuksyzlygy bilen birlikde mikroawtobuslaryň gatnawy hem ýatyryldy. Hyryn-dykyn gatnaýan awtobuslar 1 million töweregi ilatly şäherde jemgyýetçilik transportynyň ýeke-täk görnüşidir.

Habarçylaryň sözlerine görä, Büzmeýin, Gökdepe, Änew ýaly Aşgabadyň düzümine girýän şäher ýakasyndaky şäherçelere hususy mikroawtobuslaryň gatnawy ýatyrylypdyr. Bu obalara diňe awtobuslar gatnaýar.

Hususy mikroawtobuslaryň ýatyrylmagy paýtagtyň çetindäki ýaşaýjylaryň durmuşyny kynlaşdyrdy. Adamlar nägile, awtobuslar seýrek gatnaýar, marşrutlar uzyn we ýol köp wagt alýar.

"Irden işe gidýänler iş ýerine wagtynda baryp bilmeýärler. Mikroawtobuslar awtobuslardan birnäçe esse gymmat ýagny adam başyna 2-2,5 manatdan düşýän hem bolsa, adamlarda saýlamaga mümkinçilik bardy. Indi bolsa, irden we agşam, işe gidip, gelenlerinde awtobuslar doludyr "-diýip habarçymyz aýdýar.

Mundan başga-da, mikroawtobus sürüjileriniň köpüsi indi işsiz galyp, eklenç çeşmesini ýitirdi.

Habarçylaryň aýtmagyna görä, awtobuslaryň gatnawynyň arasyndaky wagt aralygy uly, awtobuslar diňe irden we agşamlaryna däl, eýsem iş wagty hem gündizine hem içi doly bolýar.

Awtobuslar köpçülikleýin ulaglaryň ýeke-täk görnüşi bolup, bahasy 0,5 manada durýar.

Azatlygyň habarçylary Aşgabatda awtobuslaryň işindäki bökdençlikler, marşrutlaryň öňünden duýdurylmazdan, ýatyrylmagy ýa-da üýtgemegi barada yzygiderli habar berýärler. Bu aralykda, gulplama wagtynda mikroawtobuslaryň ýatyrylmagy bilen birlikde awtobuslaryň işiniň hili hem ep-esli ýaramazlaşdy.

Aşgabadyň häkimiýetleri jemgyýetçilik ulaglaryndaky problemalary barada resmi düşündiriş bermeýärler, ýöne käbir çäreleri görýärler. Habarçylaryň habar berşi ýaly, ýaňy-ýakynda Aşgabat bilen şäher ýakasyndaky şäherçeleriň arasynda käbir goşmaça awtobuslar ýola goýulupdyr, olaryň käbiri iki gatly bolup, öň şäherler arasyndaky marşrutlar boýunça gatnan bu ulaglarda bir adam üçin syýahatyň bahasy 5 manada ýagny jemgyýetçilik awtobusdan 10 esse ýokary durýar.

Emma bu goşmaça awtobuslar meseläni çözüp bilmedi, sebäbi olaryň sany kän bolman, syýahatyň bahasy hem köpler üçin elýeterli däl.

"Bu, meseläniň agramyny gowşatmady. Beýle awtobuslar az we köpçülik üçin onuň bahasy ýokary" -diýip, habarçymyz aýtdy.

Ilat çäklendirmeleriň 15-nji dekabrda ýatyrylmagyna we uzak aralyga transport gatnawynyň täzeden başlanmagyna garaşýar.

Dowam edýän gulplama şu ýylyň awgust aýynda koronawirus bilen kesellänleriň we ýogalanlaryň görlüp-eşidilmedik derejede köpelmeginiň arasynda ýüze çykdy. Berk çäklendirme girizen hökümet keselçiligiň bardygyny şonda-da resmi taýdan ykrar etmedi. Häkimiýetler berk çäklendirmeleri girizmek planlaryny ne yglan etdiler, ne-de çäklendirmeleri ýeňilleşdirmek planlaryny resmi taýdan yglan etdiler. Noýabr aýynyň başynda karantin çäklendirmeleriniň ýene-de uzaldylandygy belli boldy.

Awgust aýynda tutuş ýurt boýunça söwda, hyzmat we güýmenje desgalary ýapyldy, jemgyýetçilik ulaglarynyň işi çäklendirildi we welaýatlaryň hem-de şäherleriň arasyndaky awtobus gatnawy azaldyldy ýa-da ýatyryldy. Bir ýyldan gowrak wagt mundan ozal ýatyrylan demir ýol gatnawy doly dikeldilmedi.

Bu aralykda ýurduň häkimiýetleri bar bolan problemalary boýun almagyň we çözgüt tapmagyň ýerine, girizilen çäklendirmeleriň ilat tarapyndan berjaý edilmegine gözegçiligi güýçlendirýärler. Oktýabr we noýabr aýlarynyň dowamynda Aşgabatda we welaýat merkezlerinde ýapyk duran dükanlaryň gizlin işlemegini anyklamak boýunça köpçülikleýin reýdler geçirildi. Hususy telekeçilere jerime salmak ýaly çäreler bilen bir hatarda, olara salgyt salyndy. Şeýle-de, transport ugrundan işleýän hususyýetçiler yzarlamalara sezewar boldy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG