Türkmenistanda üç aýdan gowrak wagt bäri dowam edýän pandemiýa çäklendirmeleri ýurduň Mary welaýatynda bölekleýin gowşadylyp başlandy. Welaýatda ilata hyzmat ediş nokatlarynyň we güýmenje merkezleriniň käbiri gaýtadan açyldy. Etrapara ýolagçy awtobus gatnawlary hem dikeldildi. Şol bir wagtda, bazarlaryň işi resmi derejede doly ýola goýulmady. Bu ýagdaýlaryň jikme-jikleri barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy sebitden habar berdi.
Maryda restoranlar, kafeler we hususy dükanlar ýuwaş-ýuwaşdan açylyp başlandy. Mary-Baýramaly uly şaýolunyň ugrunda ýerleşýän, welaýat at aýlawyna degişli bolan "Bedew" restorany, Mary şäherindäki "Goşa gumry" we "Ýüpek ýol" restoranlary açyldy. "Bedew" we "Täze Gün" supermarketleriniň ähli gatynda hem söwda gaýtadan dikeldi.
"Welaýatda restoranlaryň barysyny entek doly açmadylar. Häzir restoranda toý etmek üçin her adam başyna 100 manat soralýar. Restorandaky toýlara 250 adam çagyrmaga rugsat berilýär" diýip, efirde atlandyrylmasyzlygyny soran ýagdaýdan habarly çeşmämiz 18-nji noýabrda habarçymyza gürrüň berdi.
Welaýatda çäklendirmeleriň gowşadylandygyny etrapara ýolagçy awtobus gatnawlarynyň aglabasynyň gaýtadan ýola goýulmagynda hem görse bolýar.
"Awtobuslaryň içi adamdan doly. Sosial aralyk saklanmaýar" diýip, çeşmämiz belledi.
Şol bir wagtda, welaýatyň bazarlarynyň işi resmi derejede gaýtadan dikeldilmedi we olarda gizlin söwda dowam edýär.
"Söwdagärlerden dükanlarynyň gapylaryny ýapyp işlemegi talap edýärler. Ýöne öňküler ýaly barlagçylar gelip, söwdagärlere gaýta-gaýta jerime ýazmaýarlar. Polisiýa işgärleri we barlagçylar bazardaky gizlin söwdany görmezlige salýarlar" diýip, söwdagärleriň biri anonimlik şertinde habarçymyza gürrüň berdi.
Azatlyk Maryda pandemiýa çäklendirmeleriniň gowşadylyp başlanmagy barada welaýat häkimliginden, Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugyndan goşmaça maglumat ýa-da kommentariýa alyp bilmedi.
Türkmenistanda koronawirusyň ýeke ýagdaýyny-da resmi taýdan hasaba almadyk türkmen häkimiýetleri şu ýylyň tomus paslynyň ahyrynda berk karantin çäklendirmelerini girizdiler. Bazarlary, restoranlary, ilata hyzmat ediş nokatlaryny we güýmenje merkezlerini ýapdylar, ýurduň içinde transporty çäklendirdiler. Bu waka ýurtda wirusyň möwjän mahalyna gabat geldi.
Türkmen häkimiýetleri ne girizilen çäklendirmeler, ne-de olaryň möhleti barada resmi derejede beýanat bilen çykyş etdiler.
Türkmenistanda global koronawirus pandemiýasynyň fonunda girizilen çäklendirmeleriň gowşadylyp başlanandygy barada şu hepdäniň başynda hem maglumatlar gelip gowuşdy.
Lebap welaýatynda bu çäklendirmeleriň çäginde ýapylan bazarlar bölekleýin açyldy. Şol bir wagtda, kafeler, restoranlar, awtoulaglara hyzmat ediş nokatlary we awto ýuwalgalar ýapyklygynda galýar.
Lebapda we Maryda karantin çäklendirmeleriniň gowşadylyp başlanmagy, bu welaýatlarda söwdagärleriň häkimiýetlere protest bildirip, bazarlaryň gaýtadan açylmagyny talap etmeginden sanlyja hepde soňa gabat geldi.
Türkmen hökümeti pandemiýa döwründe girizilen çäklendirmeler sebäpli işi togtadylan edara-kärhanalara, şeýle-de işsiz galan raýatlara döwlet tarapyndan nähilidir bir kömegiň berilýändigi ýa berilmeýändigi barada köpçüligiň öňünde beýanat bilen çykyş etmeýär.
Ýöne Azatlygyň habarçylary çäklendirmeler sebäpli gazançsyz galan müňlerçe raýata döwlet tarapyndan maddy goldaw berilmeýändigini, şeýle-de işi togtadylan bazarlardaky söwdagärlere soňky üç aý bäri salgyt tölegleriniň hem-de kireý tölegleriniň adatdakysy ýaly töledilýändigini habar berdiler.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.