Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen wise-premýeri Kabula sapar edip, TOPH gurluşygyny tizleşdirýär


Türkmen DIM-niň başlygy Reşit Meredowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet premýer-minbsitr Molla Hassan Akhund bilen duşuşdy.
Türkmen DIM-niň başlygy Reşit Meredowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet premýer-minbsitr Molla Hassan Akhund bilen duşuşdy.

Türkmenistanyň daşary işler ministri Reşit Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti altynjy gün irden, Owganystan Yslam Emirliginiň resmileri bilen birnäçe meselede gepleşik geçirmek üçin, iki günlük sapar bilen Kabula geldi. Azatlygyň ýerli habarçysynyň talyban hökümetiniň sözçülerine salgylanyp beren maglumatyna görä, gepleşikleriň birinji gününde taraplar TOPH geçirijisiniň owgan böleginiň gurluşygyna başlamak barada ylalyşyk gazandy. Häzirlikçe Azatlyk bu ylalaşygyň jikme-jikliklerini anyklap bilmedi.

R.Meredow halkara uçar menzilinde talyban hökümetiniň daşary işler ministri wezipesini ýerine ýetirýän Amir Han Muttaki, umumy hökümet sözçüsi Zabiullah Mujahid we beýleki resmiler tarapyndan garşy alyndy.

Talyplar hökümetiniň metbugat sekretarynyň orunbasary Bilal Kariminiň aýtmagyna görä, türkmen wekiliýeti Kabulda iki gün bolar.

Şeýle-de, Kariminiň sözlerine görä, türkmen wekilleri ýokary derejeli resmiler bilen duşuşyp, birnäçe möhüm mesele, şol sanda TOPH gaz geçirijisi taslamasyny amala aşyrmak barada gepleşik geçirer.

Wise-premýer R.Meredowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet talyplar hökümetiniň premýer-ministri Molla Hassan Akhund we beýleki resmiler tarapyndan kabul edildi, duşuşyk wagtynda ykdysadyýet we söwda meseleleri, howpsuzlyk we ynsanperwer kömegi barada maslahat edildi diýip, Zabihullah Mujahid aýtdy.

Aýdylmagyna görä, türkmen wekiliýetiniň arasynda TOPH taslamasynyň ýolbaşçysy hem gepleşiklere gatnaşýar.

“Gepleşikler wagtynda olar TOPH taslamasynyň gurluşygyna başlamak we beýleki meseleler barada hem maslahat eder” diýip, Karimi aýtdy.

Azatlyk bilen gürleşen hökümet wekili bu gepleşiklerde TOPH geçirijisiniň Owganystandaky böleginiň gurluşygyna başlamak meselesine serediljekdigini aýdyp, munuň sebäbini talyplaryň ýurtdaky howpsuzlyk meselesini “çözendigi" bilen düşündirdi.

Ýöne ýerli synçylaryň käbiri ýurtdaky howpsuzlyk meseleleriniň doly çözülmändigini we jihadçy toparlaryň talyban hökümetiniň çekýän gurluşyk planlaryna belli bir derejede päsgelçilik döredip biljekdigini çaklaýar.

Metbugat habarlaryndan belli bolşuna görä, Owganystanda YD-H, Al-Kaýda ýaly toparlar soňky günlerde has işjeňleşdi we bilermenler entek talybanda beýle gurluşyklaryň howpsuzlygyna kepil geçip biljek güýjüň bardygyna ynanmaýar diýip, Azatlygyň ýerli habarçysy aýtdy.

Emma muňa garamazdan, habarçymyzyň talyban wekilinden alan maglumatyna görä, TOPH geçirijisiniň owgan topragyndaky gurluşyk işleriniň bir aý çemesi wagt içinde, Hyrat sebitinde başlanmagyna garaşylýar.

Gurluşyk işleri Türkmenistandan gelen hünärmenleriň ýolbaşçylygynda, owgan işçileriniň hem gatnaşmagynda amala aşyrylar, bu barada basym ylalaşyk gazanylar diýip, hökümet wekili Azatlygyň habarçysyna aýtdy.

Ýöne ol TOPH geçirijisiniň maliýe meseleleri baradaky soraglara anyk jogap bermän, bu işe maýa goýjak halkara kompaniýalarynyň hem çagyrylýandygyny, sebäbi indi olaryň hem howpsuzlygynyň üpjün ediljekdigini aýtmak bilen çäklendi.

Şu aralykda talybanyň metbugat wekili Zabihullah Mujahid anyklaşdyrmazdan Türkmenistanyň TOPH taslamasyna eýýäm 1 milliard ABŞ dollary möçberinde serişde sarp edendigini we bu geçirijiniň amala aşyrylmagy üçin ýene 5 milliard dollar möçberinde serişde harçlamaga taýýardygyny aýtdy.

Taslama mümkinçiliklerine görä, Türkmenistandan ýylda 33 milliard kub metr gaz getirjek geçiriji dünýäde ir gaz ýataklarynyň biri bolan Galkynyş ýatagyndan Hindistanyň Pakistanyň serhediniň golaýyndaky Fazilka şäherine çenli 1,800 km aralyga çekilmeli.

Geçirijiniň owgan bölegi Türkmenistanyň demirgazyk-günbatar serhedinden başlanyp, günbatardaky Hyrat we Kandahar şäherleriniň üsti bilen Pakistanyň serhedine çenli çekiler.

Türkmenistan bu geçirijiniň gurluşygy baradaky meseläni yzygiderli gün tertibine getirýär, ýöne onuň amala aşyrylmak we ykdysady taýdan netijeli bolmak mümkinçiliklerini sorag astyna alýan hünärmenleriň pikirlerine açyk reaksiýa bildirmeýär.

Soňky döwürde synçylar Türkmenistandan Pakistana we Hindistana geçiriljek tebigy gazyň bahasynyň suwuklandyrylan gazdan gymmat boljakdygyny aýdyp, bu taslamany ýene bir gezek sorag astyna aldylar.

Şu aralykda Pentagonyň ýokary derejeli resmisi hem "Talybanyň" “Yslam döwleti” toparyna garşy netijeli söweşip biljekdigini hem sorag astyna aldy.

Döwlet sekretarynyň goranyş syýasaty boýunça orunbasary Kolin Kahl ABŞ-nyň aňtaw gullugynyň beren bahasyna salgylanyp, 26-njy oktýabrda kongres komitetine "Talybanyň" “Yslam döwleti-Horasan welaýatynyň” (YD-H) garşysyna çykmak meselesindäki “sebäbiniň örän ýokarydygyny”, ýöne “olaryň bu işi ýerine ýetirmek ukybynyň indi kesgitlenmelidigini” aýtdy.

YD-H ýakynda talyplar awgustda Kabuldaky häkimiýeti ele geçireli bäri amala aşyrylan iň aýylganç hüjümleriň käbiriniň jogapkärçiligini öz üstüne aldy.

Kahl Senatyň ýaragly gulluklar komitetine ýüzlenip, häzir Owganystanda YD-H-nyň "birnäçe müň" söweşijisiniň bardygyny çaklady we bu toparyň bary-ýogy alty aý möhlet içinde ABŞ-a hüjüm etmek mümkinçiliginiň hem bolup biljekdigini aýtdy.

Şeýle-de Kahl Owganystandaky “Al-Kaýda” howpy barada durup, “Talyban” bilen arasyndaky gatnaşyklary nazara alnanda, bu söweşiji toparyň has çylşyrymly mesele döredýändigini belledi.

XS
SM
MD
LG