Soňky hepdelerde Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň hökümetlerini barha kän alada goýýan wakalar bolýar.
Owgan hökümeti "Talybanyň" öňünde ýan berdi we Merkezi Aziýa hökümetleriniň şeýle bir ýagdaýyň bolup bilmek ähtimallygy barada oýlanmagyna we oňa laýyk görülmeli çäreleri öňünden ymykly işläp düzmegine ençeme ýyl wagtynyň bolandygyna garamazdan, serhediň günortasynda bolan wakalaryň ilkinji sarsgynlary hususan-da Täjigistany we Özbegistany gapyl basan ýaly göründi.
Täjigistan iýun aýynyň başyndan bäri, Owganystanyň demirgazygyndaky ýagdaýlar ýaramazlaşyp başlan badyna bosgunlary kabul etmek üçin taýýarlyk görmäge başlady we bu taýýarlyk bosgunlaryň kän gijikmän serhetden geçmegine kömek etdi.
Emma iýun aýynyň aýagynda Owganystandan Täjigistana geçýänleriň köpüsi, has anygy 150 adama golaýy azyklary we ok-därileri gutaran hem-de Owganystandan gaçmakdan başga çäresi galmadyk esgerler ýa-da harbylaşdyrylan toparlaryň agzalary boldy.
6-njy iýula çenli ýene ýüzlerçe adam geldi we, owgan hökümetiniň maglumatyna görä, 2300 töweregi adamyň ählisi Kabula barmaly uçarlara ýerleşdirildi.
Özbegistan hem iýun aýynyň aýagynda şuňa meňzeş ýagdaý bilen ýüzbe-ýüz boldy, onlarça owgan esgeri we harbylaşdyrylan adamlar serhetden geçmäge synandy we yzyna iberildi.
Şeýlelikde, iýul aýynyň başynda Täjigistana serhetden takmynan 1000 owgan raýaty geçdi.
Emma 14-nji awgustda, Owganystanyň demirgazygyndaky iň uly şäher Mazari-Şerif talybana tabyn bolmaga başlanda, Owganystandan basymrak gaçyp çykmaga synanyşýan adamlaryň uçarly we dikuçarly gaçmagy täjik we özbek häkimiýetlerini aňk-taňk eden ýaly göründi.
Bolan zatlar açyk aýdylsa
Eger-de bolan wakalar barada açyk gürrüň etsek, Merkezi Aziýa näçe uçaryň geçendigi belli däl we, berilýän habarlardan çen tutulsa, aýdylýan sanlaryň arasyndaky tapawut uly görünýär.
Bir habarda aýdylmagyna görä, 14-15-nji awgustda azyndan 22 harby uçar we 24 dikuçar Owganystandan Özbegistana geçdi we "olar Özbegistanyň serhetýaka şäheri Termeziň halkara howa menziline gonmaga mejbur edildi".
Şol uçarlarda 585 owgan esgeriniň bardygy habar berildi.
Mundan başga, 15-nji awgustda ýene 158 raýat we esger owgan-özbek serhedini emele getirýän Amyderýanyň üstünden goňşy ýurda geçdi.
Özbegistanyň baş prokurorynyň 17-nji awgustda çap eden beýanatynda aýdylmagyna görä, 14-15-nji awgust aralygynda 46 owgan uçary we dikuçary (22 uçar we 24 dikuçar) serhetden "bikanun" geçdi we Termezde gonmaga mejbur edildi.
Bu beýanat soňra öçürildi, baş prokuroryň edarasy onuň fakt ýalňyşlyklary sebäpli aýrylandygyny aýtdy.
Emma döwlet edarasy ýaňy-ýakynda sebite gelen köp sanly raýat we harby işgär sebäpli çap edilen başky beýanatda nähili fakt ýalňyşlygynyň goýberilendigini düşündirjek bolup hiç bir tagalla etmedi.
Harby we howpsuzlyk maglumatlaryny toplamakda ýöriteleşen açyk çeşme, ynamdar global gurama bolan Janes 18-nji awgustda emeli hemra suratlaryna salgylanyp, 16-njy awgustda Termez howa menzilinde "21 sany kiçi, agyr-ganat uçaryň" we owgan howa güýçleriniň "26 töweregi dikuçarynyň" bolandygyny habar berdi.
Ýene bir gapma-garşylykly habar bolsa, Owganystanyň serhetýaka welaýaty bolan Surhandarýa welaýatynda 15-nji awgustda heläkçilige uçrady diýilýän owgan harby uçary bilen baglanyşykly.
Gazeta.uz neşiriniň maglumatyna görä, belki-de şol uçardan bökendirler, şol gün iki sany owgan harbysy ýerli hassahana ýerleşdirildi.
Biraz soňra bu uçaryň, Owganystan bilen aradaky serhetden bikanun geçensoň, Özbegistanyň howa goragçylary tarapyndan urlup ýykylandygy habar berildi.
Mundan başga, 16-njy awgustda çykan habara görä, 15-nji awgustda üç sany owgan harby uçary Özbegistanyň howa giňişligine girýär we Özbegistanyň Hanabad harby bazasynda gonmak üçin rugsat soraýar.
Emma özbek howa hereketini dolandyryjylar owgan uçarlaryny Termeze ugrukdyrdylar we olary ugratmak üçin Özbegistanyň iki sany Mig-29 kysymly uçaryny iberdiler.
Habar berilmegine görä, owgan uçarlarynyň biri özbek uçary bilen çakyşyp, Surhandarýa welaýatynyň Şerabad etrabynda heläkçilige uçrady. Iki uçaryň hem uçarmanlary uçardan bökdi diýip, habarda aýdylýar.
Özbek häkimiýetleri 14-nji awgustda, bejergi we wagtlaýyn gaçybatalga üçin, owgan esgerleriniň 84 sanysynyň Özbegistana geçmegine rugsat berdi, ýogsa iki ýurdy birleşdirýän Dostluk köprüsinde "ýüzlerçe" owganlynyň toplananandygy habar berildi.
Özbegistanyň Daşary işler ministrligi şol wagt owganlary yzyna gaýtarmak üçin gepleşik geçirilýändigini aýtdy.
Baş prokuraturanyň edarasy ol adamlaryň Özbegistana bikanun geçmekde aýyplanjakdygyny aýtdy.
Elbetde, bu esgerleriň köpüsi üçin, özlerine talybanyň gözegçiligindäki Owganystanda garaşýan zatlardan özbek türmesiniň kamerasy has amatly boljakdy.
Owganystanyň Tolo teleýaýlymy 15-16-njy awgust aralygynda Owganystandan Täjigistana we Özbegistanyň Termez şäherine 45 uçar gatnawynyň bolandygyny habar berdi.
AÝ/AR-nyň Ozodi ady bilen tanalýan Täjik gullugy 16-njy awgustda, Täjigistanyň adatdan daşary ýagdaýlar baradaky döwlet komitetiniň çeşmelerine salgylanyp, Owganystandan üç uçaryň we iki dikuçaryň Täjigistanyň günortasyndaky Bohtar şäherine 143 owgan esgerini alyp gelendigini habar berdi.
Täjigistanyň garaşsyz habar saýty bolan “Asia-Plus” neşiriniň maglumatyna görä, Daşary işler ministrligi biz “SOS signalyny aldyk we şondan soň, ýurduň halkara borçnamalaryna laýyklykda, owgan harby [uçarlarynyň] Bohtardaky howa menziline gonmagyna rugsat bermek kararyna gelindi" diýdi.
Daşary işler ministrligi ol ýerde diňe iki uçaryň bolandygyny we ikisiniňem ýolagçylaryny düşürip, soň Owganystana, yzyna "uçandygyny" aýtdy.
Bu ýurda gelen owgan esgerleriniň ýerli uniwersitetiň umumy ýaşaýyş jaýynda ýerleşdirilendigi habar berildi.
Şeýle-de, "Aziýa-Plus" Owganystanyň Täjigistandaky ilçihanasyndaky çeşmäniň 18 sany owgan uçarynyň - iki ýolagçy we 16 harby uçaryň Täjigistana uçandygyny aýdandygyny habar berdi.
Bulardan tapawutlylykda, Türkmenistanyň Owganystan bilen serhedindäki ýagdaý barada örän az maglumat bar.
Türkmen döwlet habar serişdeleri, garaşylyşy ýaly, soňky günlerde Owganystanda bolup geçen düýpli wakalaryň hiç biri barada habar bermedi.
Ýöne Azatlyk ady bilen tanalýan Türkmen gullugy türkmen häkimiýetleriniň islendik owganystanlynyň, harby ýa-da asuda raýatdygyna, şol sanda etniki türkmendigine garamazdan, serhetden Türkmenistana geçmeginiň öňüni alýandygyny habar berdi.
Görnükli owganlar resmi taýdan Merkezi Aziýada däl
Owganystanyň prezidenti Aşraf Gani 15-nji awgustda öz ýurdundan gaçanda, onuň Täjigistana gidendigi baradaky habarlar ýaýrady.
Kabuly terk edende Täjigistana tarap uçandygy habar berilse-de, täjik resmileri Ganiniň Täjigistanda gonandygyny inkär etdiler.
Azyndan bir wersiýa görä, Ganiniň Täjigistana uçmak ylalaşygy bolan, ýöne Täjigistan soňky pursatda we "näbelli sebäplere görä", ony kabul etmekden ýüz öwürdi.
Birleşen Arap Emirlikleriniň resmileri 18-nji awgustda Ganiniň we onuň maşgalasynyň Dubaýdadygyny yglan etdiler, ýöne olaryň bu ýere haçan gelendigi belli bolmady.
Owganystanyň öňki wise-prezidenti we ýakasyny tanadan uruş serkerdesi, biraz öň demirgazyk Owganystanda ýurduň hökümet güýçlerine ýolbaşçy bellenen Abdul Raşid Dostum we Balh welaýatynyň öňki häkimi Ata Muhammet Nur 14-nji awgustda, habar berilmegine görä, köp sanly esger we awtoulag bilen Mazari-Şerifden gaçyp, Özbegistana geçmäge synanyşdy.
Habarlarda aýdylmagyna görä, Dostum bilen Nur henizem Özbegistanda bolmaly, emma Azatlyk radiosynyň Özbek gullugy Özbegistanyň Daşary işler ministrliginiň bu maglumaty red edendigini, Dostumyň, Nuryň ýa-da Ganiniň Özbegistanda bolmandygyny habar berýär.
Indi näme bolar?
Täjigistan häzir öz territoriýasynda galýan owganlaryň hiç birini yzyna, Owganystana iberjekdigini görkezýän yşarat etmedi.
Emma özbek häkimiýetleri talyban bilen gatnaşyklaryny bozmazlyga çalşyp, hut sebäp bilen hem bosgunlardan ýüz öwürýäne çalym edýär.
Özbegistanyň Daşary işler ministrligi 17-nji awgustda beýanat çap edip, "Talyban" bilen ýakyn aragatnaşyk saklaýandygyny we "döwlet serhedini bozmak synanyşyklaryna berk gaýtawul beriljekdigini" aýtdy.
Türkmen resmileri bolsa, ozal hem belläp geçişimiz ýaly, goňşy ýurtdaky durnuklylyk barada edýän ozalky çagyryşlaryndan başga, Owganystandaky ýagdaý barada hiç hili açyk düşündiriş bermeýär.
Aşgabat Türkmenistanyň Owganystan bilen serhedindäki ýagdaý barada mundan öňem tasdan hiç bir maglumat çap etmändi.
Türkmen resmileri 2021-nji ýylda talyban wekilleri bilen azyndan üç gezek duşuşdy, ýöne iki tarapyň birek-birege beren ynandyrmalaryna garamazdan, türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow öz ýurdunyň howpsuzlygy baradaky meselede ynamsyz ýaly görünýär.
Goşunlaryň we soňky alty ýylda satyn alnan harby enjamlaryň köpüsini Owganystanyň serhedindäki sebitlere toplamakdan başga, Berdimuhamedow Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynyň sentýabr aýynyň ortalarynda geçýän sammitine myhman bolmak barada Täjigistanyň eden çakylygyny hem kabul etdi.
Berdimuhamedow bu guramanyň sammitine öň iki gezek - 2007 we 2016-njy ýyllarda hem gatnaşypdy.
Şeýle-de ol bu ýyl Orsýetiň ýolbaşçylygyndaky Kollektiw howpsuzlyk şertnamasy guramasynyň Duşanbede geçirjek duşuşygyna gatnaşar. Berdimuhamedow bu guramanyň ýygnanyşygyna mundan öň hiç wagt gatnaşmandy.
Eger-de owgan hökümeti "Talybana" tabyn bolanyndan soňky ilkinji günlerde bolup geçen wakalar Merkezi Aziýa döwletleriniň geljekde iş salyşmaly iň erbet ýagdaýlary bolsa, olar özlerini, belki, bagtly hem hasaplap bilerler.
Emma bu Merkezi Aziýa bilen Owganystanyň biri-birine ýakyndan baglanyşyklydygyny, Owganystanda bolup geçýän wakalaryň Merkezi Aziýa syzyp geçmeginiň öňüni almagyň gaty kyn boljakdygyny ýene bir gezek ýatladan waka boldy.