Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazak prezidenti Türkmenistana sapar edýär


Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew (arhiw suraty)
Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew (arhiw suraty)

24-nji oktýabrda Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew iki günlük döwlet sapary bilen Türkmenistana geldi. Aeoroportda ony wise-premýer Serdar Berdimuhamedow garşylady.

Saparyň birinji gününde gazak prezidenti özüniň türkmen kärdeşi Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Ahalteke atçylyk toplumyna baryp gördi.

25-nji oktýabrda Berdimuhamedow bilen Tokaýewiň arasynda gepleşikler geçirildi.

TDH-nyň maglumatyna görä, gepleşikleriň dowamynda taraplar iki ýurduň eýe bolan mümkinçilikleriniň hem-de durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň esasy ugurlaryny nazara almak bilen, ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygy has-da giňeltmäge ygrarlydyklaryny tassyklapdyrlar.

Gazak prezidentiniň metbugat edarasy Tokaýewiň, umumy bahasy 130 million dollara barabar bolan, Gazagystanyň Türkmenistana iberýän harytlarynyň 60-dan gowrak pozisiýalary boýunça, hususanda bugdaýyň we unuň möçberini artdyrmaga taýýardygyny aýdandygyny belleýär.

Saparyň çäklerinde ikitaraplaryn dokumentlere hem gol goýuldy.

Türkmenistanda dowam edýän ýiti ykdysady çökgünligiň arasynda soňky döwür çörek gytçylygy hasam ýaramazlaşdy.

XS
SM
MD
LG