Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan BMG bilen 'ýurtda ýitileşen' azyk howpsuzlygyny maslahatlaşdy


Azyk nobatlary
Azyk nobatlary


Türkmenistanyň hökümet başlygynyň orunbasary we daşary işler ministri Raşid Meredow BMG-niň Azyk we oba hojalygy guramasynyň (FAO) sebit bölüminiň müdiri Wiorel Gutsu bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň möhüm meselelerini maslahatlaşdy diýip, “Trend” neşiri TDH-a salgylanyp habar berýär.

Maglumata görä, Meredow onlaýn arkaly geçirilen duşuşykda Aşgabadyň Azyk we oba hojalygy gurmasynyň işine ýokary baha berýändigini we BMG-niň bu agentligi bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegi niýet edinýändigini aýtdy.

Şeýle-de Meredow Türkmenistanyň oba hojalygyny durnukly ösdürmek we azyk howpsuzlygyny üpjün etmek üçin dünýädäki iň oňat tejribeleriň ulanylmagyna aýratyn üns berjekdigini aýtdy.

Taraplar bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegi we Azyk we oba hojalygy gurmasynyň Türkmenistandaky ofisiniň açylmagy barada pikir alyşdylar diýip, habarda aýdylýar.

Türkmenistan her ýyl oba hojalyk ekinlerinden ýokary hasyl alýandygyny habar berýär.

Emma muňa garamazdan, soňky ýyllarda ýurtdaky azyk ýetmezçiliginiň örän ýitileşendigi, adamlaryň çörek, un, ýag gytçylygyndan gaty kösenýändigi habar berilýär.

XS
SM
MD
LG