Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Talyban” hukugyny talap edýän aýallar barada habar berýän žurnalistleri urýar


Owgan žurnalistleri. Arhiw suraty
Owgan žurnalistleri. Arhiw suraty

Talyban söweşijileri Kabulda “iş, çörek we okuw” talaplary esasynda protest gurnan aýallar topary barada habar taýýarlaýan birnäçe žurnaliste hüjüm edip, Owganystanyň täze hökümdarlary döwründe ýaramazlaşýan hukuk ýagdaýy baradaky aladany güýçlendirdi.

Awgust aýynyň ortalarynda Kabulda halkara derejesinde ykrar edilen hökümeti agdarandan soň häkimiýet başyna gelen "Talyban" ýurtda 1996-njy ýyldan 2001-nji ýyla çenli ulanan ýowuz dolandyryş usullaryny ulanman, has aram bolmagy wada berdi. Bu topar öň hem gyzlaryň mekdebe gatnamagyny, aýal-gyzlaryň işlemegini, okamagyny we sport bilen meşgullanmagyny gadagan edipdi.

BMG we hukuk toparlary talyplaryň aýal-gyzlaryň işlemegine, gyzlaryň ähli bilim derejelerine eýe bolmagyna rugsat bermek barada beren wadalarynda durmazlygyny berk ýazgardy hem-de Owganystanyň täze hökümdarlaryny metbugata we söz azatlygyna "giň gerimli çäklendirme" girizmekde günäkärledi.

Owganystanyň 34 welaýatynyň diňe bäşisinde gyzlaryň orta mekdeplerde okamagyna rugsat berildi we aýallaryň aglaba köplügine iş ýerlerine gaýdyp barmazlyk buýruldy, şunuň bilen baglylykda, 20-ä golaý aýaldan ybarat topar 21-nji oktýabrda, öz hukuklaryny goramak üçin, Kabulyň köçelerine çykyp, ýöriş etdi.

Demonstrantlar talyban gatyşmazdan ozal "Bilimi syýasylaşdyrmaň" diýen ýaly şygarlara gygyrdylar.

"Talyban" söweşijisi bir pursatda daşary ýurtly bir suratçyny tüpeňiniň gundagy bilen urdy we depdi, beýleki bir söweşiji bolsa ol žurnalisti urdy diýip, AFP habar gullugy habar berdi.

Habar gullugynyň maglumatyna görä, talyban söweşijileri ýumruk salgap we depip, azyndan iki žurnalistiň yzyndan kowalady.

“Ýagdaý şeýle: Talyban hiç zada hormat goýmaýar: ne ýerli žurnalisti, ne daşary ýurtlyny, ne-de aýallary sylaýar” diýip, protesti gurnaýjylaryň biri Zahra Mohammadi aýtdy.

Talyban resmileri bu habar bilen bagly hiç bir düşündiriş bermediler. Rugsat berilmedik demonstrasiýalaryň gadagan edilmegine garamazdan, owganlar “Talyban” häkimiýeti ele geçirileli bäri, aýallaryň öňüni çekmeginde, köp sanly köçe protestini gurnadylar.

BMG-niň çagalar agentligi, UNICEF bir gün ozal twit ýazyp: "Owganystandaky gyzlaryň ählisiniň okuwy indi dikeldilmeli" diýdi.

“Millionlarça çaga eýýäm konflikt we COVID-19 sebäpli okuwdan mahrum boldy. Mekdepler täzeden açylansoňam gyzlar okap bilmeýär, olar yzda galdyrymaly däl” diýip, twitde aýdylýar.

"Talyban" 11 sany täze žurnalistika düzgünini yglan etdi we hukuk toparlary soňky hepdelerde ol düzgünleriň žurnalistleri ýanamak, tussag etmek we urmak üçin ulanylandygyny aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG