Türkmenistanda halkara maýa goýum arbitražy boýunça ýörite okuwlaryň maksatnamasynyň we meýilnamasynyň taslamalary taýýarlandy. Döwlet baştutanynyň sözlerine görä, ýokary derejede halkara hukuk bilimi berlen ýaş hünärmenler daşary ýurt maýa goýumy meselesinde ýüze çykýan jedelleri Aşgabatdaky hökümetiň haýryna çözmäge kömek eder.
Wise-premýer Sapardurdy Toýlyýewiň 15-nji oktýabrda prezidente beren hasabatynda aýdylmagyna görä, bu taslamalar Adalat ministrliginiň teklibi esasynda, Bilim ministrligi hem-de Daşary işler ministrligi bilen bilelikde taýýarlandy.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow halkara derejesindäki ýaş hukukçylary taýýarlamagyň ähmiýetini belläp, olara berlen halkara hukuk biliminiň daşary ýurtly maýadarlar bilen ýüze çykýan jedelli meseleleri döwletiň bähbidine çözmäge ýardam etjekdigini nygtady. Ýöne ol bu meseläniň edil şu günki günde näme üçin gün tertibine gelendigini anyklaşdyrmady.
Türkmenistan garaşsyzlyk ýyllarynda daşary ýurtly maýadarlar, şol sanda Orsýet, Eýran ýaly gaz alyjylary bilen dörän düşünişmezlikleri çözmek üçin halkara derejesindäki hukukçylara ýüz tutmaly boldy we hiç wagt bu işleriň jikme-jikligini, şol sanda hökümetiň nämede utandygyny ýa utdurandygyny hem açyk aýtmady.
Hususan-da Aşgabadyň Türkmenistanda uly döwlet işlerini alan daşary ýurt iş adamlary, Moskwa we Tähran bilen aradaky gaz, töleg dawalarynyň netijeleri gizlin saklanylýar.
Synçylar Türkmenistanda hukuk ugrunyň soňky otuz ýylda hem, sowet ýyllarynda bolşy ýaly, ýurduň iň täsirli maşgalalarynyň çagalarynyň okaýan ýerine we giň ýaýran korrupsiýanyň bir bölegine öwrülendigini aýdýarlar.
Ikinji tarapdan, türkmen resmileriniň öz çagalaryny rus dilli klaslara bermek ugrunda edýän tagallalaryndan görnüşi ýaly, türkmen mekdeplerinde we ÝOJ-larynda berilýän bilimiň derejesi ýyl-ýyldan aşak gaçýar.
Bilimdäki para we hil meselesi, çäreçilik däpleri, kemsidiji iş we aýlyk şertleri on müňlerçe türkmenistanlynyň daşary ýurtlara işe, okuwa gitmegine hem-de başarsa yzyna dolanmazlygyna alyp geldi diýip, synçylar aýdýar.
Emma hökümet bu ýagdaýlary boýun almaýar we bilim pudagynda zerur bolan özgertmeleriň amala aşyrylýandygyny öňe sürýär.
Ozalky türkmen-türk mekdeplerinde gowy bilim alan we häzir daşary ýurtlarda işleýän birnäçe türkmenistanlynyň Azatlyk bilen anonimlik şertinde geçirilen söhbetdeşlikde aýtmaklaryna görä, häkimiýet başyna gelende bir topar bilim özgertmesini wada beren G.Berdimuhamedow Ankaranyň talabyna boýun egip, türkmen-türk mekdeplerini, şol sanda Türkmen-Türk uniwersitetini ýapmak bilen, ýurduň bilim pudagyna, şonuň bilen birlikde ykdysadyýetine, gelejekki ösüşine uly zarba urdy.
Ýewropa ýurtlarynda ýaşaýan we işleýän ýokary hünärli iki türkmeniň aýry-aýrylykda tassyklamagyna görä, iş ýerinde sylanýan we ortadan ýokary derejede gazanç edýän, gowy salgyt töleýjileriň hataryna girýän türkmenistanly hünärmenleriň köpüsi bu golaýlarda yzyna, watana dolanmagy, näçe islese-de, 'akylyna sygdyryp bilmeýär'.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.