Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lebapda karantin çäklendirmeleri müňlerçe adamy gazançsyz goýýar, çagaly dilegçiler köpelýär


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Lebap welaýatynda karantin çäklendirmeleri - ykdysady kynçylyklar sebäpli ýaşaýyş-durmuş şertleri ozal hem ýaramaz bolan - ilatyň gün-güzeranyny has-da kynlaşdyrýar. Türkmenabat şäherinde karantin çäklendirmeleri zerarly müňlerçe adam gazançsyz galýar. Gara bazarda dollaryň bahasy aşaklasa-da, hususyýetçilerde ýokary bahalar saklanýan mahaly, ilata paýlanýan subsidirlenen azyk önümleriniň käbiriniň möçberi azaldyldy. Bu habarlaryň arasynda, şäherde dilegçilik edýän adamlar, hususan-da kiçi çagaly aýallar köpelýär. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy sebitden maglumat berýär.

"Indi üç hepdä golaý wagt bäri diňe Türkmenabatda müňlerçe adam işsiz otyr. Bu adamlar hususy işler bilen meşgullanyp, öz günlerini özleri görýärdiler. Meselem, Türkmenabatda 100-den gowrak tikinçilik sehleri, dellekhanalar, gözellik salonlary, garbanyşhanalar we beýleki hyzmat kärhanalary birbada ýapyldy. Bu ýerde işleýän adamlar döwletden aýlyk almaýardy, ýöne döwlete salgyt töleýärdi. Häzir eklençsiz galan müňlerçe adama döwlet tarapyndan hiç hili kömek berilmeýär" diýip, efirde atlandyrylmasyzlygyny soran ýagdaýdan habarly çeşmämiz 17-nji sentýabrda habarçymyza gürrüň berdi.

Ýatlatsak, Lebapda COVID-19 hadysalarynyň möwjemegi bilen, awgustyň ahyrynda Türkmenabatda we tutuş welaýatda berk karantin çäklendirmeleri girizildi. Söwda nokatlarynyň, hyzmat kärhanalarynyň, metjitleriň hemmesi diýen ýaly ýapyldy. Azatlygyň habarçylary açyk galan sanlyja desgalaryň biri bolan “Gök bazaryň” hem çäklendirilen iş tertibinde işleýändigini habar berdiler.

Habarçymyz bilen söhbetdeş bolan türkmenabatly dellekhana işgärleriniň ençemesi häzirki wagt özleriniň dogan-garyndaşlaryndan alan karz pulunyň hasabyna ýaşaýandyklaryny aýdýar.

Ýöne olar bu serişdäniň ýene bir hepdä ýetip-ýetmejekdiginiň gümanadygyny belläp, ondan soňra nädip gün görjeklerini bilmeýändiklerini aýdýarlar.

"Köp adamyň karz alar ýaly tanyş-bilişi ýa-da dogan-garyndaşam ýok. Galyberse-de, adamlaryň aglabasynda karz berer ýaly üýşürip goýan pulam ýok. Adamlar jaý kireýlerini nädip tölejegini, ertir näme çörek iýjegini alada edýärler" diýip, türkmenabatly dellekhana işgäri anonimlik şertinde habarçymyza gürrüň berdi.

Türkmen häkimiýetleri ýurtda wirusyň ýaýraýandygyny boýun almaýarlar. Şeýle-de, onuň ýaýramagyna garşy girizilýän karantin çäklendirmeleri, bularyň näçe adamyň işine we okuwyna täsir ýetirendigi baradaky statistiki maglumatlary hem mälim etmeýärler.

Bu aralykda, walýutanyň gara bazarynda dollaryň bahasy, ýurduň käbir beýleki sebitlerinde bolşy ýaly, Türkmenabatda hem arzanlady. 17-nji sentýabrda şäheriň gara bazarynda bir dollaryň alyş-çalyş bahasy 28 manat 60 teňňe töwereginde bahalanýar. Habarçymyz dollar arzanlasa-da, bazarlarda harytlaryň öňküsi ýaly gymmatlygyna saklanýandygyny aýdýar.

"Bir kilogram etiň bahasy 80 manada çykdy. Bir aýyň dowamynda-da hiç hili et iýmeýän, çagalaryny azyk bilen kadaly üpjün edip bilmeýän maşgalalar sanardan kän" diýip, türkmenabatly ýaşaýjy anonimlik şertinde habarçymyza beren maglumatynda aýtdy.

Bu aralykda, Lebabyň häkimiýetleri ykdysady kynçylyklaryň, pandemiýa çäklendirmeleriniň we gymmat bahalaryň arasynda, ilata paýlanýan subsidirlenen azyk önümleriniň käbiriniň möçberini azaltdy.

Habarçymyzyň maglumatyna görä, indi döwlet dükanlarynyň işgärleri ýaşaýjylara 500 gram şeker we 500 gram tüwi paýlaýarlar. Döwletiň subsidirlenen bahasyndan ilata satylýan bu azyk önümleriniň her biriniň mukdary öň 1 kilograma barabardy.

"Bu önümleriň ýany bilen bir sany ösümlik ýagy we bir sany towuk berýärler. Ýaşaýjylar bu önümleriň ýany bilen iki guty kükürt we bir sany möhleti geçen şerbet suwuny hem satyn almaga mejbur edilýär" diýip, türkmenabatly ýaşaýjy belledi.

Habarçymyz ilatyň durmuş şertleri barha ýaramazlaşýan şu günlerde dilegçilik edýän adamlaryň, hususan-da kiçi çagaly aýallaryň köpelendigini hem aýdýar. Olar öňkülerden tapawutlylykda, indi banklaryň, bankomatlaryň golaýynda dilegçilik edýärler.

"Dilegçileri esasan Gök bazaryň golaýyndaky "Türkmenistan" we "Halk" banklarynyň töwereginde görse bolýar. Olar bu ýere adamlaryň pul nagtlaşdyrmak üçin barýandygyny bilýärler. Bu ýerde üç-dört ýaşlaryndaky çagalary bilen baran dilegçi aýallary görüp has-da erbet bolýarsyň" diýip, türkmenabatly ýaşaýjy aýtdy.

Türkmen häkimiýetleri ne ykdysady kynçylyklary, ne ýurtda COVID-19 ýokuşmasynyň hasaba alnandygyny boýun alýar, şeýle-de bularyň ilata ýetirýän täsirleri barada hem hiç hili mesele gozgamaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG